Russiýanyň harby güýçleri 24-nji mart gijesinde Ukraina pilotsyz uçar hüjümini etdi. Ýerli häkimiýetleriň habaryna görä, Kiýewde we Zaporožýede iki adam ýaralandy.
Kiýewiň Fastiw etrabynda 37 ýaşly bir adam ýaralandy. Ol garnyna, döşüne we kellesine düşen ýaralar sebäpli keselhana ýerleşdirildi diýip, Kiýew sebit harby administrasiýasynyň başlygy Nikolaý Kalaşnik aýtdy.
Onuň sözlerine görä, urlan zarba netijesinde iki sany hususy jaýa zyýan ýetdi we täjirçilik kärhanasynyň çäginde turan ýangyn öçürildi.
Zaporižiýada rus pilotsyz uçarlarynyň uran zarbalary netijesinde bir adam ýaralandy, onda ýiti stres reaksiýasy bar diýip, Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugy habar berdi.
"Zaporižiýada garaž ot aldy we gaz turbasy zaýalandy. Başga bir ýerde urlan pilotsyz uçaryň galyndylary ýandy. Partlama tolkuny we galyndylar köp gatly we hususy ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetirdi" diýip, halas edijileriň beýanatynda aýdylýar.