Rus harby güýçleri 26-njy mart agşamy ukrain şäherlerine ýene hüjüm etdi, Harkowda we Dneprde partlama sesleri ýaňlandy. Ýerli häkimiýetler ejir çekenleriň arasynda çagalaryň hem bardygyny habar berdiler.
Harkowyň ýolbaşçysy Igor Terekowyň aýtmagyna görä, rus goşunlary Harkowa bir sagadyň dowamynda azyndan 12 gezek "Şahed" zarbalaryny urdy. Köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna, raýat infrastrukturasynyň desgalaryna, awtoulaglara we hojalyk binalaryna zyýan ýetdi.
27-nji mart güni irden Harkowa edilen hüjüm netijesinde ejir çekenleriň sany 11 adama ýetdi. Sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleg Sinegubowyň sözlerine görä, ýaralananlaryň arasynda dört ýaşly gyz, 25 ýaşly erkek, 70 ýaşly aýal, 60 ýaşly erkek we 20 ýaşly gyz bar.
"79 ýaşly iki aýal, 31 ýaşly erkek, 27 ýaşly erkek we 60 ýaşly aýal ýiti strese sezewar boldy" diýip, ol aýtdy.
Ukrainanyň premýer-ministri Denis Şmyhal Harkowda rus goşunynyň hüjümi netijesinde turan ýangynyň suratlaryny çap etdi. Onuň sözlerine görä, Russiýa "parahatçylyga ymtylmaýar", "parahat şäherlere hüjüm edip, Ukraina garşy terrorçylygy dowam etdirýär".
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Harkowda futbol ýaryşy wagtynda urlan zarbanyň wideosyny çap etdi.