Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşuny Hersona we Donetsk sebitine hüjüm etdi, ölenler bar


Odesa urlan zarbanyň netijesi
Odesa urlan zarbanyň netijesi

Rus goşuny Donetsk sebtine we Hersona hüjüm etdi, adamlar wepat boldy diýip, ýerli häkimiýetler habar berdi. Odesa sebitinde ejir çekenler bar.

Ukrainanyň Donetsk sebitine soňky gije-gündiziň dowamynda atylan toplar bir adamyň ölümine, üç adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, harby administrasiýa habar berdi.

Hersonda Russiýanyň 27-nji martda eden hüjümi netijesinde ölenleriň sany iki adama ýetdi, bäş adam bolsa ýaralandy. Gyssagly kömek gullugynyň habaryna görä, pilotsyz uçar ýangyn söndürýän halas edijilere hem hüjüm etdi.

Russiýa 28-nji marta geçilýän gije Odesa we Poltawa sebitlerine hüjüm etdi. Gyssagly kömek gullugynyň habaryna görä, Odesa sebitinde bir adam ýaralandy, jaýlara we garažlara zyýan ýetdi, ýangyn boldy.

XS
SM
MD
LG