"ABŞ-nyň daşary syýasatyna garşy çykyş edýän herekete goldawy" sebäpli, ABŞ Ysraýyla garşy çykyşlara gatnaşan 300-den gowrak daşary ýurtly studentiň wizalaryny ýatyrdy" diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio aýtdy.
"Belki, edil häzirki pursatda 300-den gowrak bolmagy mümkin. Biz muny her gün edýäris. Her gezek bu dälileriň birini tapanymda, men ony wizadan mahrum edýärin" diýip, Rubio Gaýana sapary wagtynda aýtdy.
"Biz saňa okamaga gelmek, dereje almak üçin wiza berdik. Jemgyýetçilik aktiwisti bolmak we biziň uniwersitet şäherçelerimizi çagşatmak üçin wiza bermedik. Eger biz saňa wiza beren bolsak, a sen bu iş bilen meşgullanmak kararyna gelseň, biz ony yzyna alarys" diýip, döwlet sekretary düşündirdi (BBC-den sitata).
Rubio bu sözleri Tufts uniwersitetinde doktorlyk derejesini alýan türk studenti Rumeýsa Ozturkiň wizasynyň ýatyrylmagynyň we deportasiýa üçin saklanmagynyň sebäpleri baradaky soraga jogap berende aýtdy.
Şol bir wagtda, Rubio Ozturkiň anyk nämede günäkärlenýändigini aýtmady, özüne berlen maglumatlara görä, onuň wizasynyň ýatyrylmagy baradaky kriteriýalara laýyk gelýändigini aýtdy.
Ozturk Palestina tarapdar protestlere gatnaşdy we öz okaýan uniwersitetini Ysraýyla ilteşikli kompaniýalar bilen gatnaşyklaryny kesmäge, "Palestina genosidini" ykrar etmäge çagyrdy. Aspirant häzirki wagtda tussaglykda we ABŞ-dan deportasiýa edilmedi.