Birnäçe minutdan wezipelerini ýitirjek häkimler öz ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde alnyp barylýan işler barada ýene bir gezek 'kanagatlanarly' hasabat berdiler. Ýene bir gezek sebit häkimleri çalşyldy, ýöne ýurduň oba hojalygynda dowam edýän agyr ýagdaý barada hiç bir zat aýdylmady. Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen daýhanlar näçe ýolbaşçy çalşylsa-da, hiç bir meseläniň çözülmeýändigini, häkimleriň ýerli halk tarapyndan saýlanmalydygyny, olary ýokardan bellemegiň netije bermändigini aýdýarlar.
Resmi maglumata görä, üç sebitiň ýolbaşçysy täzelendi we bu kararlaryň ýylyň ortasynda, 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň, 2 müň 150 tonnadan gowrak pile hasylynyň ýygnalandygy barada berlen habarlardan soň kabul edilmegi bir topar sorag döredýär.
Türkmenistanda çap edilýän resmi sanlar, ösüş görkezijileri diňe ýerli halkda, ýagdaýy bilýän hünärmenlerde däl, daşary ýurtlaryň abraýly guramalarynda hem sorag döredýär.
Aýdyňlaşdyrylmadyk häkim täzelenmelerine gaýdyp gelsek, Röwşen Hojagulyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Ahalyň häkimi wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine Daşoguz welaýatynyň häkimi Soltanmyrat Soltanmyradow bellenildi, Lebabyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew hem başga işe geçirildi. Daşoguz sebitine indi Döwletgeldi Babaýew, Lebap sebitine bolsa, Maksat Annanepesow ýolbaşçylyk eder. Bu iki resmi ozal Oba hojalyk ministrliginiň däneçilik, ekerançylyk boýunça ylmy-barlag institutlaryna ýolbaşçylyk edipdir.
Hasabatlarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, prezidentiň oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary öz gowy netijesini berýär. Merkezi bankyň başlygy Toýly Mälikowyň hasabatynda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, oba hojalygyna “ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär”.
Bu hili hasabatlar soňky onýyllyklarda kän berildi we, Azatlygyň habarçylaryna ýagdaýyny aýdyp, häkimiýetlere seslerini eşitdirjek bolýan daýhanlar bu gidişde oba hojalygynda işläp, maşgala ekläp bolmajakdygyny duýdurýarlar. Bu meselede soňky habar Daşoguz sebitiniň, häkimi Ahal welaýatyna geçirilen welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy, ozalky Oktýabr etrabyna degişli. Bu etrapda şaly eken ‘arkasyz’ daýhanlar melleklerinde eken ekinleriniň suwunyň kesilýändigini aýdýarlar.
Dogry, hökümet baştutanynyň geçiren mejlisinde ýurduň suw meselesi hem ‘gün tertibinden’ aýrylmandyr, ýöne prezidentiň “suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmegiň we arassalap durmagyň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, şorlaşmagyna garşy göreşmegiň, zeýkeşleri arassalamak işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny bellemegi” bu ugurda edilýän işleri göz öňüne getirmäge mümkinçilik bermeýär.
Synçylar kiçi Berdimuhamedowyň oba hojalyk meseleleriniň ‘içine girip bilmeýändigini’ ýa-da ýeterlik erkiniň ýokdugyny aýdýarlar.
Azatlygyň habarçysy türkmen lideriniň nobatdaky kadr çalyşmalary we olaryň obadaky ýagdaýlara ýetirip biljek täsirleri barada pikirlerini sorap, birnäçe adam bilen söhbetdeş boldy. Anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen adamlar bu kadr çalyşmalarynyň iş ýüzünde hiç bir zady üýtgetmejekdigini, sebäbi “wezipä bellenilýän emeldarlaryň degişli sebitiň ilatynyň öňünde hiç hili jogapkärçilik duýmaýandygyny, olaryň hiç bir degerli meseläni çözmeýändigini” öňe sürýärler.
"Dünýäniň sähelçe ösen ýa-da ösüp barýan ýurtlarynda etrap, şäher, welaýat ýaşaýjylary öz häkimlerini we olaryň orunbasarlaryny sebit derejesindäki saýlawlarda saýlaýarlar, ol wezipä dalaş edýän dalaşgärler ilatyň öňüňde çykyş edip, öz etjek işleriniň plany bilen tanyşdyrýarlar. Emma bizde bu hili zatdan nam-nyşan hem ýok” diýip, tagtabazarly daýhan bar meseläni häkimleriň ýokardan bellenmeginde görýändigini aýtdy.
“Prezident halka geňeşmän, Daşoguzdan getirip Ahala, Ahaldan getirip Balkana häkimleri we olaryň orunbasarlaryny belleýär, ýerli halk olary tananok. Ol adamlaryň eden ýa bitiren haýsy hyzmatlary üçin bir wezipeden beýleki wezipä geçirilýändigi hem belli bolman galýar” diýip, söhbetdeşimiz nägileligini bildirdi.
Onuň pikiriçe, häzir obalarda emele gelen agyr ýagdaýyň esasy sebäpleriniň biri soňky ýyllarda ýöredilen kadr syýasaty bilen bagly. “Netije ortada, görmez ýaly däl, oba hojalygy gaty gözgyny halda, hiç bir mesele çözülmeýär" diýip, tagtabazarly daýhan Azatlygyň habarçysyna öz pikirini aýtdy.
Türkmenistanda prezidentiň karary bilen uly wezipelere bellenýän emeldarlaryň käbiri soň "işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin" diýlip, işlerinden boşadylýar. Öňki emeldarlaryň arasynda soň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilenleri hem bolýar. Ýöne ol adamlaryň kazyýet işleri köplenç ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilýär we köpçülik hakykatda nämeleriň bolandygyny anyk bilip bilmän galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum