Daşary ýurt maýa goýumlary we berýän karzlary boýunça Hytaý Özbegistanda başky orny eýeleýär. Geçen ýyl ol bilelikdäki kapitaly bolan firmalaryň sany boýunça Russiýadan hem öňe geçdi. Hytaýyň giňelýän gerimine hünärmenler nähili baha berýärler?
Özbegistanda ýaňy-ýakynda geçirilen onlaýn auksion sebäpli Hytaýyň barha artýan ykdysady täsiriniň meseleleri ýene-de çekişmeleriň merkezinde durdy. Ol söwda fewral aýynda E-auksion platformasynda geçirildi we jemi bahasy 25,1 milliard somluk ($1,950 mln) bolan Nowaýy welaýatyndaky 31 sany altyn käni satyldy.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatyna görä, auksion üçin goýlan altyn känlerini satyn alan 12 kompaniýanyň köpüsi hytaýly firmalardyr.
Netijede, iň gymmat çäk Nurota etrabynyň Sop-10/24 meýdançasy boldy. Ol Xinlong Mining Drilling kompaniýasyna 3,6 milliard soma (279 müň dollar) satyldy; bu bolsa başlangyç bahadan 110 esse ýokarydyr. Şol kompaniýa Sop-14/24 känini hem satyn alyp, soňy bilen jemi bahasy 9,1 milliard som (700 müň dollardan gowrak) bolan 8 altyn känlerini işläp taýýarlamak hukugyny aldy.
Azatlyk bilen gürleşen birnäçe hünärmenler satylan känleriň ilkinji bahalarynyň "olaryň hakyky bazar bahasyny görkezmeýändigini we daşary ýurt maýa goýujylaryny çekmek maksady bilen bilkastlaýyn kemeldilendigini" aýtdylar.
Auksion barada maglumat sosial ulgamlaryň özbek segmentinde gyzgyn jedellere sebäp boldy. Käbir ulanyjylar gymmatly baýlygyň “hiç bir bahasyz” "hytaý kompaniýalarynyň eline" geçirilendigini aýdyp, "Hytaýyň täsiriniň” giňeldilmegi barada ynjalykdan düşýändigini aýtdylar.
- “Altyn känleri hytaý kompaniýalaryna şübheli bahadan satylýar”.
- "Ol ýerler serişde ugurlary hökmünde satuwa niýetlenmeýär, emma syýasat ygtyýary öz eline alýan ýaly görünýär we iş ýüzünde hiç bir bahasyz berilýär".
- “Biziň tebigy baýlyklarymyz daşary ýurt kompaniýalarynyň oljasyna öwrülmeli däl! Bu baýlyk biziň halkymyza degişli!"
- "Ýöne Hytaý garbap aldy. Ol Özbegistanyň durmuşynyň ähli ugurlaryna çalt aralaşýar, bu çynlakaý aladalary döredýär".
Kun.uz neşiri depozitleriň esasy alyjysynyň Xinlong Mining Drilling kompaniýasy bolandygyna ünsi çekýär. Ol kompaniýa 2024-nji ýylyň tomsunda, ýagny auksiondan birnäçe aý öň döredildi. Açyk maglumatlara görä, Xinlong Mining Drilling kompaniýasynyň esasy esaslandyryjysy Özbegistanyň raýaty Bahtiýor Musurmanow hasaplanýar. Ol ygtyýarly goýlan maýanyň 70 göterime eýelik edýär. Beýleki 30 göterimi daşary ýurt raýatlarynyň üçüsine: Zeng Sýanming, Ýang Dianlin we Zhou Hongli degişlidir.
Hytaý kompaniýalarynyň auksionda agalyk edýändigi baradaky habarlaryň barşynda, Özbegistanyň Mineral serişdelerini ulanmak boýunça merkezi ýagdaýyň beýle däldigini ret edýän maglumat çap etdi. Onda diňe ýurtda hasaba alnan kompaniýalaryň auksionyň ýeňijileri bolandygy, eýeleriniň 70%-den gowragynyň bolsa Özbegistanyň raýatlarydygy bellenildi.
Hytaýa bolan şübhe öz tüçjarlrayna ynanmazçylyk bildirmegiň alamatymy?
Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanda hereket edýän daşary ýurt kapitaly bolan hytaýly maýadarlaryň kärhanalary hakykatdan hem beýlekilerden has gerimli. Geçen ýylyň dowamynda bu görkeziji 42,5 göterim artdy. Bu ugurda Hytaý Özbegistanyň taryhy taýdan iň uly hyzmatdaşy bolan Russiýadan ozup geçdi.
Galyberse-de, resmi maglumatlara görä, häzirki wagtda Hytaý Özbegistanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň we karzlaryň ählisiniň 23 göterimini öz içine alýar. Russiýa ýene ikinji orunda (13,8%), ondan soňra Türkiýe (8,5%) durýar.
Özbegistanda we şol sanda Merkezi Aziýada Pekiniň bähbitlerini hem-de maliýe taslamalaryny öňe sürmek üçin esasy gurallaryň biri köp ýyllaryň dowamynda hereket edýän «Bir guşaklyk – bir ýol» maksatnamasy bolup durýar. Bu maksatnama 2013-nji ýylda işe girizildi. Ol strategiýa Hytaýy Ýewropa, Afrika we Aziýanyň beýleki sebitleri bilen baglanyşdyrýan ulag-gatnaw, energetika we söwda koridorlarynyň ulgamyny döretmegi maksat edinýär.
Hytaý uly gara ýollaryň, demirýollaryň, turba geçirijileriň, portlaryň gurluşygyna, şeýle hem peýdaly mineral känleriň önümçiligine ägirt uly maýa goýumlaryny amala aşyrýar. Ol taslamalary maliýeleşdirmek işleri Hytaý banklarynyň we gaznalarynyň üsti bilen geçirilýär.
Hytaýyň täsiriniň artmagynyň ýene-de bir sebäbi Orsýetiň ykdysady işjeňliginiň peselmegidir. Ukrainadaky uruş sebäpli girizilen halkara sanksiýalary bilen bagly onuň ukyplary düýpli çäklendirilýär.
Bilermenleriň pikirine görä, Hytaý maýa goýumlarynyň artmagy hem oňyn, hem ýaramaz netijelere getirýär: bir tarapdan, Hytaýyň maýa goýumlary infrastrukturanyň ösdürilmegine, iş orunlarynyň döredilmegine we öndürijilik desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam berýär.
Beýleki tarapdan, analitikleriň aýtmagyna görä, şindi uly bergä baglylyk howpy abanýar, sebäbi köp proýektler hytaý karzlary bilen maliýeleşdirilýär.
Ykdysadyýetçi Ýuliý Ýusupow kreditorlaryň kimlerdigi we niredendigine garamazdan, Özbegistanyň artýan daşarky bergisiniň möçberiniň hem onuň geriminiň çäginiň ýokarlanmagyna, şeýle-de ýagdaýyň aýanlykda beýan edilmeýändigine ünsi çekýär.
"Özbegistanyň hökümeti gitdigiçe köp bergä batýar. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli döwlet bergisi 40 milliard dollara golaý bolup, ol bütewi içerki önümiň 35,5%-ne barabar boldy" diýip, ekspert belleýär.
Hytaý barada aýdylanda, bilermenler Pekiniň sebitde gün-günden artýan täsirine garamazdan, ykdysady hyzmatdaşlyga we töwekgelçilikli ýagdaýlary dolandyrmakda, dürli taraplaýyn çemeleşmegiň zerurlygy bilen ylalaşýarlar.
Central Asia Due Diligence barlag merkeziniň direktory Alişer Ilhamow maýa goýumlaryny we söwda çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini nygtaýar.
“Elbetde, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak islendik ýurduň ykdysadyýetine peýdalydyr. Emma bu babatda iň gowy usul ýurduň maýa goýum we söwda çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak bolup durýar. Şu maksat bilen maýa goýumlary we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen ýol açylmagyna şert döredilmelidir. Eger-de haýsydyr bir ýurt bu maýa goýumlaryň we söwda gatnaşyklarynyň çeşmesi hökmünde çendenaşa agalyk etse, onda milli garaşsyzlyga howp döredip biler. Sebäbi ýurt islendik bir döwlete ykdysady taýdan çendenaşa köp bagly bolsa, ykdysadyýeti basyşlar üçin ulanyp bolýar" diýip, ol belleýär.
Alişer Ihamow Ýewropanyň Russiýanyň energetikasyna baglylygynyň mysalyny ýatladýar. Orsýetiň Ukraina doly möçberli hüjümleri başlanandan soň sebit örän kyn ýagdaýa düşdi.
Orsýeti we Ýewraziýany öwrenmek boýunça Berlindäki Karnegi merkeziniň bilermeni Temur Umarowyň bellemegine görä, Hytaýyň maýa goýumlary Merkezi Aziýa üçin "ykdysady baglylyklary deň agramda saklamakda" örän möhümdir.
"Merkezi Aziýa indi bu ýoldan hiç ýere gitmeýär" diýip, ol aýdýar.
Umarowyň sözüne görä, Hytaý proýektlerine halk köpçüliginiň ynamsyzlyk etmegi, muňa bir mysal, altyn känleriň satylmagy üçin auksiona nägilelikleriň artmagy, esasan, öz baýlaryna bolan ynamyň pesligi sebäpli bolýar.
"Bu ýerde biz Merkezi Aziýanyň Hytaýa şübhe edýändigine ýeke-täk şaýat däl. Sebäbi maglumatyň ýoklugy, hytaýly maýa goýujylar barada ýeterlik düşünje bolmazlyk, umuman, Hytaý barada aň-düşünjäniň ýoklugy we beýlekiler köp. Ýöne munuň üstesine, öz baýlaryna bolan ynamyň pes bolmagy hem sebäp bolýar. Jemgyýet baýlaryň öz ýurduny, milli bähbitlerini islendik wagtda köp pul beren islendik adama, şol sanda Hytaýa hem satyp biljekdigine ynanýar" diýip, Umarow aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum