Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda propiska ýeňledilýär


Ýoluň gyrasynda oturan türkmenistanlylar.
Ýoluň gyrasynda oturan türkmenistanlylar.
Beýleki welaýatlardan Aşgabada işlemäge gelýän, emma Aşgabatda ýaşamak hem işlemek rugsatnamasy bolmadyk adamlar bilen baglanyşykly problemalar wagtal-wagtal ýüze çykýar. Soňky iki hepdäniň dowamynda bu Aşgabadyň iň uly meselesi boldy.

Sebäbi ýerli häkimiýetler tarapyndan olara garşy görülýän çäreleriň täze tapgyry başlandy. Bu çäreler, esasanam, Çoganlyda ýaşaýan propiskasyz adamlara garşy gönükdirilip, şol ýer häzirki wagtda tas boşap galdy diýse-de boljak.

Aşgabatda ýerli häkimiýetleriň öýme-öý aýlanyp, propiskasyz ýaşaýanlary anyklaýandygy hakda hem maglumatlar peýda boldy. Bu çäreler hakda Azatlyk Radiosy yzygiderli maglumat berip gelýär.

Wagtlaýyn ýazgy edilýär

Şol bir wagtyň özünde-de edil häzirki döwürde ýerli häkimiýetleriň propiskasyz adamlary wagtlaýyn ýazgy etmek çärelerini hem alyp barýandygy barada maglumatlar peýda boldy. Bu barada resmi taýdan halk köpçüligine hiç hili maglumat berlenok. Emma bu habary degişli ýagdaýdaky käbir adamlar tassyklaýarlar.

“Indi welaýatdan gelenler işleýän ýerlerinde kireýine ýaşaýan adresi barada maglumat bermeli. Munuň üçin kireýine ýaşaýyş jaýyny berýän adamyň dokumentlerini, ýagny pasportynyň kopiýasyny we ol adama öz öýünde ýaşmaga rugsat berýändigi barada dilhaty bermeli” diýip, ”Hitrowka” raýonynda ýaşaýan hem-de kireýine ýaşaýyş jaýyny berýän aşgabatly Ýazmyrat Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Welaýatlardan gelip işleýänleri wagtlaýyn registrasiýa etmeklik düzgüni aşa çylşyrymly hem bolsa, mundan öňem bardy. Käbir işçileriň aýtmaklaryna görä, propiska almaklygyň şertleriniň arasynda şeýle ýagdaýdaky adamlary işe alan firma, olary wagtlaýyn ýaşýaýyş jaýy we iýmit bilen üpjün etmeli diýen düzgün hem bar.

“Köplenç halatda firmalar olary registrasiýa etdirmekden boýun gaçyrýarlar. Sebäbi şol firmalaryň şeýle jogapkärçiligi boýun alasy gelenok. Şunlukda gurluşyk firmalary, esasanam, gara işde işleýän işçileri resmileşdirmän işe alýarlar. Olar üçin bu amatly bolýar” diýip, Polimeks kompaniýasynyň özüni maksat diýip tanadan işgäri aýdýar.

Goragsyzlygyň agyr netijeleri

Aşgabatdaky migrant işçiler.
Aşgabatdaky migrant işçiler.

Kadaly registrasiýa edilmän işe alnan adamlar kanuny taýdan hem goragsyz ýagdaýda bolup, olaryň firmanyň ýolbaşçylary tarapyndan sähelçe meseläniň üstünde işinden çykarylýan ýagdaýlaryna örän köp duş gelinýär. Şeýle ýagdaýda olaryň öz hak-hukuklaryny goramak mümkinçiligi ýok.

Şeýle-de olar paýtagtda iň arzan işçi güji diýlip hasaplanýar. Ellerinde degişli dokumentleri bolmansoň, olar islendik şertde we az aýlyk bilen işlemäge boýun bolýarlar. Sosial taýdan hem hiç hili goragsyz bu işçiler iş üstünde şikes ýeten halatynda hem öz başyny özleri çaramaly bolýarlar. Aýdyşlaryna görä, olara ilki bilen-ä iş tapmak kyn, iş tapaýsalaram, oňa girmek üçin para bermäge mejbur.

Welaýatlardan iş gözläp gelen adamlary paýtagtda wagtlaýyn bolsa-da, registrasiýa etmeklik we registrasiýa etmek düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegi baradaky bu täze çäräniň jikme-jigi hakda häzirlikçe doly maglumat ýok.

Emma bu çäräniň aýdylşy ýaly başa baran halatynda, beýleki welaýatlardan Aşgabada işlemäge gelen işçileriň ýagdaýyna oňyn täsir ýetirmegine garaşylýar.

Eger ýatladyp geçsek, öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe welaýatlaryň arasynda-da barlag nokatlary bolup, adamlaryň bir welaýatdan beýleki welaýata sapar etmegi gaty kynlaşdyrylypdy.

Häzir şol düzgün ýatyrylan hem bolsa, raýatlaryň islän ýerinde ýaşamak we işlemek mümkinçiligi henizem çäkli bolup galýar.
XS
SM
MD
LG