Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda saklanan migrantlar, 'para berip ýetişmese', ýük wagonlarynda welaýatlara ugradylýar


Gäwers, demirýol stansiýasynyň işgäri otlyny garşylaýar.
Gäwers, demirýol stansiýasynyň işgäri otlyny garşylaýar.

Ýerli polisiýa işgärleri soňky günlerde ýurduň çar künjeginden gelip, Aşgabatda gazanç etmäge çalyşýan raýatlary yzarlap tutmak we yzlaryna ugratmak çärelerini güýçlendirdiler, emma tutulanda 100 manat para beren migrantlary goýberýärler diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi habar berýär.

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi bolsa, Aşgabatda tutulyp saklanan welaýat ýaşaýjylarynyň haýdan-haý içi oturgyçsyz we ýük daşalýan köne wagonlara ýüklenip, gyssagly ýagdaýda gelen ýerlerine ugradylýandygyny habar berdi.

Bu maglumat kärende ýerinde bugdaý eken hem-de köpüsi döwlete bergili çykan daýhanlaryň barha gymmatlaýan durmuşdan aljyrap, şäherdäki iş orunlaryna barha kän mätäç bolýan wagtyna gabat geldi. Şol bir wagtda, ýurt içinden gelýän habarlar türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlara çykmaga çalyşýan raýatlara hem barha berk daraýandygyny tassyklaýar.

Ýerli synçylar daşary ýurtlara goýberilmedik ýa-da uçar biletlerine mümkinçiligi bolmadyk içerki migrantlaryň köplenç Aşgabatda ýa-da onuň töwereginde galyp, çem gelen iş bilen meşgullanmaga, şeýdip yzda galan maşgalalaryna pul ibermäge çalyşýandyklaryny aýdýarlar.

“Emma indi olaryň bu ýapyşalgalary hem ymykly ellerinden alynjaga meňzeýär, sebäbi penjiresiz we tomsuň güni tamdyr ýaly gyzýan demir wagonlarda yzyna ugradylan daşoguzlylaryň köpüsi indi Aşgabada barmaga ýürek etmese gerek” diýip, şeýle ýagdaýda yzyna ugardylan adamlar bilen gürleşen çeşme aýtdy.

Aşgabatdan kowlan region ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, paýtagtyň hukuk goraýjy işgärleri indi ozal etmeýän zatlaryny edýärler, ýagny migrantlaryň pasportlaryny ellerinden alyp, olaryň indi gaýdyp bu ýere gelmejkdigi barada düşündiriş ýazmaklaryny talap edýärler.

“Ýöne migrantlar düşündiriş ýazanlaryndan soňam pasportlaryny yzyna alyp bilmeýär, sebäbi olaryň pasportlary öz ellerine berilmän, ýaşaýan ýerleriniň häkimligine ugradylýar” diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy regionlardan iş gözläp gelýän adamlaryň garşysyna alnyp barylýan häzirki göreşiň öňki ýyllardakydan hem has berk häsiýete geçendigini belledi.

Geçen ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlaryna görlen taýýarlygyň çäginde hem migrant işçiler köpçülikleýin işden çykarylyp, paýtagtdan öz ýaşaýan ýerlerine ugradylypdy. Ýöne ol wagt, Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen daşoguzly işçiniň tassyklamagyna görä, polisiýa işgärleri welaýat ýaşaýjylaryna häzirki ýaly adamklärçiliksiz daraşmaýardy.

Regionlardan gelýän migrant akymyny togtatmak işine has çynlakaý çemeleşilýändigini ýene bir ýagdaý tassyklaýar. Aýdylmagyna görä, Aşgabatdan kowlan welaýat ýaşaýjylary pasportlaryny almak üçin öz ýaşaýan ýerlerindäki etrap polisiýasyna ýüz tutmaly we şonda olar bilen gaýdyp dagy-duwara Aşgabada gitmezlikleri barada ýene bir gezek berk söhbetdeşlik geçirilýär.

"Etrap häkimliklerinde, hukuk goraýjy işgärleriň hem gatnaşmagynda, Aşgabatdan kowlup gelen raýatlar bilen ýygnak geçirilýär we olara indi Aşgabada gitmezlik barada berkden-berk tabşyryk berilýär" diýip, bu habary Azatlygyň ikinji çeşmesi hem tassyk etdi.

"Pasportyny almaga baran tanşyma 'Şundan soňam Aşgabatdan pasportyň gelse, özüňden gör' diýipdirler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap häkimliginiň işgärleri şäheriň ýaşaýjysy Mergene indi gaýdyp Aşgabada gitmejekdigi barada düşündiriş ýazdyrypdylar we “eger ýene-de Aşgabatdan pasporty gelse, onuň gaýdyp özüne berilmejekdigini” duýdurypdylar.

Şol bir wagtda, aşgabat polisiýasy tutup saklanda ýanyndan 100 manady bolan we ony bermäge ýetişen migrant şobada goýberilýär, ýöne işsiz halyňa günde onça pul tapmak mümkin däl diýip, paýtagtdan kowlan welaýat ýaşaýjylarynyň biri Azatlygyň çeşmesine aýtdy.

Şu aralykda türkmen hökümeti ýedi aýda bitirilen işleriň netijelerini jemläp, “kabul edilen ähli durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny” habar berdi we “jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime ýetýändigini” tekrarlady.

“Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ähli pudaklarda ýokary ösüş depgini saklanyp galýar” prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji awgustda geçiren hökümet maslahatyny jemlände aýtdy.

XS
SM
MD
LG