Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýanyň "ak altyny" barha arzanlaýar, daýhanlar nägilelik bildirýärler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam etmegi we howanyň üýtgemegi Merkezi Aziýanyň sowet döwründen miras galan pagta senagatyndaky ýagdaýyň has-da kynlaşjakdygyna alada döredýär. Munuň daşyndan-da, daýhanlaryň pikirine görä, ýokary derejedäki peýdakeşler tarapyndan, olaryň zähmetine adalatly baha kesilmeýär.

Merkezi Aziýada öňden bäri agyr şertleri döredip gelýän pagtaçylyk Russiýa imperiýasynyň agalygynyň bir usuly bolupdy. Pagta meýdanlarynda bolsa mejbury zähmet tebigatyň zaýaçylygy bilen utgaşykly dowam etdi.

Pagtaçylyk henizem sebitiň uly bölegini eýeleýär we her ýylda millionlarça adamy iş bilen üpjün edýär. Ýöne bu möwsümde oba hojalyk önümlerini öndürijilere hödürlenýän lomaý nyrhlaryň peselmegi ýer eýelerine agyr zarba boldy. Mundan närazy bolmak zeýrenji adaty ýagdaýa öwrüldi.

«Her gün ertir pagtanyň bahasy barada, resmi maglumatlary görmek umydy bilen maglumatlara seredýäris – diýip, Telegram toparyna girýän bir özbek daýhanynyň ýazgysyny Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy mysal getirýär. – Ýöne ruhlandyryjy täzelik ýok, şonuň üçinem geljekde näme etjegimizi bilmän, uzak günümizi ruhy çökgünlikde geçirýäs.»

Sebitdäki iň iri pagta öndüriji we dünýäniň esasy pagta eksportçylarynyň biri bolan Özbegistanda, Halkara zähmet guramasynyň maglumatyna görä, her ýylda pagta ýygymyna iki milliona golaý özbegistanly gatnaşýar (ýurduň ilat sany 35 milliona golaý). Munuň özi «şu ugur boýunça dünýäniň iň uly guramaçylykly möwsümleýin zähmetidir».

Olara goňşy bolan Türkmenistan hem dünýäniň iň ýokary pagta öndürijileriniň onlugyna girýär. Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda pagtaçylyk oba hojalyk pudagynyň möhüm pudagyny eýeleýär.

Gazagystanyň pagta harmany
Gazagystanyň pagta harmany

Şeýle-de bolsa, pagtaçylyk pudagy ykdysady we daşky gurşawyň döredýän kynçylyklarynyň ýokarlanmagy netijesinde, özüni saklap galmak we ösmek üçin çynlakaý päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

SATYN ALNYŞ BAHALARYNYŇ PESELMEGI

Koronawirus çäklendirmeleriniň ýatyrylmagy bilen pagtanyň dünýä bazaryndaky bahalary iki essä golaý ýokarlanyp, pamygyň her kilogramy takmynan 3,3 dollaryna çenli ýetdi. Emma 2022-nji ýylyň ortalaryndan, ol peselip başlady. Şu aýda bolsa her funt pagtanyň bütindünýä ortaça bahasy 0,8 dollara (1,76 dollar) çenli aşaklady.

Geçen ýylda bahalaryň pese düşmegi bu ugur boýunça bilermenleri pagtanyň bütindünýä ykdysady krizisini öňünden kesgitlemek meselesinde alada goýdy, sebäbi inflýasiýanyň ýokarlanmagyna we nämälimlige garamazdan, üpjünçilik gatnawynyň ýokary bolmagy bahalaryň üýtgäp durmagyna getirýär. Bütindünýä dinamikasy daýhanlary has pes bahalar bilen ylalaşmaga mejbur edýär.

«Aslynda dünýäniň köp ýurtlarynda gurakçylyk bolup, netijede pagta ýetişmedi diýen ýaly, ýöne muňa garamazdan, pamyga bolan isleg pes bolmagynda galýar. Onda-da örän pes» diýip, Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş sebitinden bolan daýhan Zafar Otažanow Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, lomaý söwdada her kilogram pagta üçin, 0,73 dollar hödürlenýär, bu zordan çykdajylary ödeýär.

Täjigistanda gowaça ideg edilişi
Täjigistanda gowaça ideg edilişi

Olara goňşy Täjigistanyň Sogdi welaýatyndan Faýzulložon Nazarow bolsa lomaý söwdada öz hasylynyň her kilogramyny 0,6 dollardan hem satyp bilmändiginden arz edýär. Elbetde, ekiş üçin çykdajylaryň artmagyna garamazdan, geçen möwsümde her gektar ýere 1300 dollara golaý çykdajy etmeli boldy.

Häzirki bahalar "zähmet hakyny hem ödemeýär, girdeji barada-ha gürrüňem ýok" diýip, Nazarow nalynýar.

Ykdysady ýagdaýyň berkleşýändigine garamazdan, girdejiniň nähili-de bolsa bardygyna, ýöne has ýokary derejede gazanylýandygyna şübheler bar.

Özbegistanda Telegram ulgamyna girýänlerden käbiri aralykda durýan "garaşsyz" klasterlerden nägilelik bildirýärler. Olar birwagtlar döwlet tarapyndan dolandyrylan pagtany ýerleşdirmek işini öz üstüne alýan täze hususy eýeçilikdäki kompaniýalar.

«Emeli döredilen bu toparlar kime degişli? – diýip, Telegram ulanyjylaryň biri oktýabr aýynda gahar-gazap bilen sorag goýdy. – Eger biziň pagtamyza gowy bahadan töleseler, onda biziň ýokary derejeli resmilerimiz ýitgi çekerdi.»

MEJBURY ZÄHMET: OL AÝRYLÝARMY ÝA-DA RNÜŞINI ÜÝTGEDÝÄRMI?

2018-nji ýyldan ýüze çykan klasterler (söwdada aralykda durýan topar) özbek pagta pudagyny özgertmek boýunça giň gerimli tagallalaryň bir bölegini öz üstüne alyp, mejbury zähmeti we köp möçberde çaga zähmetini ulanmak bilen abraýdan gaçan pudaga täsir edip başlady. Bu ýagdaý garaşsyzlyk ýyllarynda halkara bazarlaryň we söwdagärleriň 300-den gowragynyň özbek pagtasyndan ýüz öwürmegine getiripdi.

Özbek pagtasyndan ýüz öwürmek 10 ýyldan gowrak dowam etdi, emma indi ýardam kompaniýalarynyň täsiri esasynda, gadaganlyk hereket etmeýär. Berlinde ýerleşýän Özbek-German adam hukuklary boýunça forumy 2021-nji ýylda, wezipeli emeldarlaryň buýrugy bilen mejbury zähmetiň aradan aýrylandygyna garamazdan, käbir ýagdaýlarda ýüze çykaýanda-da, bu çäre indi "tapgyrlaýyn ýa-da yzygiderli" hasaplanyp bilinmeýär diýip mälim etdi.

Hut şoňa laýyklykda, "The Economist" žurnalynyň 2019-njy ýyldaky maglumatyna görä, Özbegistan "häzirki zaman gulçulygyň" soňuna çykmak islegi üçin, ýylyň ýurdy hökmünde ykrar edildi. Prezident Şawkat Mirziýoýew bolsa öz ýurdunda hem daşary ýurtlarda bu ugurda ykrar edilmegi gazandy.

Ýöne Özbek-German forumynyň direktory Umyda Nyýazowanyň sözlerine görä, klasterlere esaslanýan täze düzgün "kämilleşmedik" bolup çykdy hem-de ol daýhanlara "zorluk" edýär.

«Onlarça daýhan [Özbek-German forumynyň interwýusynda] özbek pagtasyny öndürmegiň özlerine gymmat düşýändigini, öndürilen hasyly (tohumy, döküni, sarp edilýän ýangyjy) gymmat bahadan üpjün eden klasterlere bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar» diýip, Umyda Nyýazowa Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

«Beýleki kynçylyk – daýhanlarda kärendesine alan ýerlerinde näçe pagta (ýa-da beýleki ekinler) öndürip biljekdigi barada ygtyýaryň ýoklugydyr. Käbir daýhanlar gowaçanyň özleri üçin peýdaly däldigini aýdýarlar, ýöne ýokarky gurluş olary gowaça ekmäge mejbur edýär» diýip, Nyýazowa belleýär.

Iň esasy-da, daýhanlaryň klasterlere garşy guramaçylykly hereket etmäge serişdeleri az, klasterler hökümetiň güýçli goldawyndan peýdalanýarlar.

Nyýazowa we beýleki adam hukuklary boýunça guramalar hökümet edaralaryna bukulýan klasterlerden garaşsyzlyk gazanmak maksady bilen daýhanlaryň birnäçe kooperatiwleri döreden halatlaryny hasaba aldylar.

«Pagtanyň bahasy klasterler tarapyndan diňe buýruk edilýär, daýhanlary ylalaşmaga mejbur etmek üçin, ýerli häkimiýetlere bil baglaýarlar» diýip, Nyýazowa aýdýar.

Şu meselede Türkmenistan mejbury zähmetiň aç-açan goldawçysy bolmagynda galýar. Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy döwlet işgärleriniň häzirki möwsümde pagta ýygmaga köpçülikleýin iberilmeginiň dowam edýändigini, pagta ýygmak işiniň bolsa ýaňy-ýakynda häkimiýetler tarapyndan, dekabr aýynyň başlaryna çenli uzaldylandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda mejbury zähmet öňküleri ýaly peýdalanylýar.
Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda mejbury zähmet öňküleri ýaly peýdalanylýar.

Azatlygyň Täjik redaksiýasy ýurduň demirgazygyndaky daýhanlaryň döwletden alan kärende ýerleriniň azyndan ýarysyny pagta ösdürip ýetişdirmek üçin ulanmaga mejbur edilýändigini, olary mejbur edýän kanun bolmasa-da, oňa garalmaýandygyny habar berdi.

SUW BILEN BAGLANYŞYKLY KYNÇYLYKLAR

Pagtanyň köpçülikleýin öndürilmegi diňe bir Russiýanyň imperatorlygynyň Merkezi Aziýadaky basybaljylygynyň netijesi bolman, eýsem esasy maksadynyň biridi, senagatyň ösmegi bilen Russiýada bu ekine içerki isleg artypdy. Her niçigem bolsa, pagtaçylyk medeniýetiniň gülläp ösmegi sowetler döwründe boldy. Aýratyn-da, Özbegistan hem Türkmenistan sözüň göni manysynda, pagta bilen dolup-daşýardy.

Mundan daşary-da, pagtaçylyk zähmeti ulanmakda mejbury işleriň hem esaslaryny goýdy, ol şu günlere çenli-de dowam edýär. Talap edilýän hasyly özleşdirmek üçin, gowaçanyň intensiw suwaryş işleriniň zerur bolmagy sebitiň suw üpjünçilik ulgamynda, agyr kynçylyk döretdi. Bu prosesiň iň belli heläkçiligi Aral deňzi boldy.

Bir wagtlar dünýäde içerki suwunyň möçberi boýunça dördünji orny eýelän Aral deňzi 60-njy ýyllardan başlap, öz möçberiniň 90 göterimini ýitirdi, ony suw bilen üpjün edýän iň uly iki derýanyň, ýagny Amyderýanyň we Syrderýanyň suwlaryny suwaryş maksatlaryna ulandylar.

Sebitdäki döwletleriň garaşsyzlygy ýeňillik getirmedi. Guradylan deňziň töwereklerinde tozanly tupanlar ýygy-ýygy gaýtalanýan hadysa öwrüldi. Bu kä halatlarda goňşy Türkmenistanda hem ekinleri ýoga çykarýar.

Şol wagtyň özünde, howanyň üýtgemegi Merkezi Aziýanyň ekerançylygyna howp salýar. Beýleki bir ägirt uly inženerçilik-gurluşyk taslamasy, bu gezek Owganystanda amala aşyrylyp, sebitdäki hökümetleriň arasynda howsala döretdi. Hünärmenleriň bellemegine görä, geljekki onýyllyklarda Amyderýanyň we Syrderýanyň suwuň möçberi 15 göterim azalyp biler.

Bu bolsa "Talybanyň" Owganystanda Koştepa kanalyny gurmagynyň netijelerini göz öňünde tutmazdan ýüze çykyp biler. Amyderýadan gözbaş alýan ol kanal Owganystanyň demirgazygyndaky daýhanlara niýetlenýär.

Şu aýyň başynda Mirziýoýew Owganystan bilen serhetleşýän Surhanderýa sebitine eden saparynyň çäginde, suw üpjünçiligini gorap saklamagyň örän möhümdigini belledi. "Suwuň mugt däldigi baradaky pikiri ilatyň aňyna ýetirmeli" diýip, onuň administrasiýasy mälim edýär.

Şol wagtyň özünde, beýanatda aýdylyşyna görä, häkimler könelişen suwaryş kanallaryny çalyşmak bilen dowamly suw ýitgisini aradan aýyrmagyň üstünde işleýärler, ýer üstünden geçýän kanallarda suwuň 35 göterimi ýitýär.

Her nähili-de bolsa, geçen tomsuň gurakçylygy Merkezi Aziýaly pagtaçylaryň köpüsi üçin, esasy satylýan önümiň ýakyn orta wagtda we uzak möhletleýin duş gelip biljek kynçylyklarynyň ýeterlik subutnamasy boldy.

«Hasyl ýaramaz boldy. Suw ýetmedi. Netijede gowaça gurap, [ýerden] boý alyp bilmedi» diýip, täjigistanly daýhan Abduhofiz Mahmudow Azatlygyň Täjik gullugyna gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG