Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marydaky mör-möjekler Tejende hem ýaýraýar


Ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler
Ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler

Maryda ösümlik bitine meňzeş mör-möjekleriň köpçülikleýin ýaýramagy bilen bagly ýagdaý saklanyp galýarka, bular Ahalyň Tejen etrabynda hem köpelýär.

Häkimiýetler ýurduň günorta sebitlerinde iki hepdä golaý wagt bäri ýaýraýan we ilaty düýpli biynjalyk edýän tebigy ýagdaý barada dymyşlygyny saklaýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 31-nji iýulda Ahaldan we Marydan maglumat berdiler.

“Ösümlik bitine meňzeş mör-möjekleriň köpçülikleýin ýaýramagy Mary welaýatynyň çägi bilen çäklenmän, Tejende hem ýaýramagy ilaty alada goýýar. Ilat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyna köpçülikleýin ýüz tutup, mör-möjeklere garşy dermanlamak işlerini geçirmegi haýyş edýärler. Ýöne olaryň ýüzlenmeleri oňyn netije bermeýär” diýip, tejenli ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Gullugyň resmileri ilata dilden berýän düşündirişlerinde mör-möjekleriň müňlerçe gektar meýdana ýaýrandygyny aýdyp, olara garşy göreşmäge mümkinçilikleriniň ýokdugyny mälim edýärler.

“Munça gektar meýdany dermanlamak mümkin däl. Onça derman serişdesi hem ýok. Adam sanymyz hem ýetmeýär. Biz munuň hötdesinden gelip bilmeýäris. Mör-möjekleriň öz möwriti geçip, olaryň tebigy taýdan ýok bolmagyna garaşmaly bolýar” diýip, başga bir tejenli ýaşaýjy Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ýerli edarasynyň bir işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.

29-njy iýulda Marydaky habarçylarymyz sebitde ösümlik bitine meňzeş mör-möjekleriň ýaýraýandygyny, köp gatly jaýlaryň köpüsiniň diwarlarynyň we içininiň bulardan doludygyny habar berdiler.

Olar mör-möjekleriň çakmaýandygyny, ýöne olaryň uklap ýatan adamlaryň, şol sanda çagalaryň gulagyna girip, biynjalyk edýändigini hem aýtdylar.

“Mör-möjekleriň köpelmegi we tiz depginde ýaýramagy dowam edýär. Käbir adamlar indi bir hepde bäri gijelerine elektrik energiýasyny tas ýakman, mör-möjeklere garşy göreşýärler. Käbir ýaşaýjylar gijelerine gazyň çeşmesine ýörite turba birikdirip, şondan gelýän gazy ýakyp, mör-möjekleri gorkuzmaga, öldürmäge çalyşýarlar” diýip, habarçymyz 31-nji iýulda beren maglumatynda aýtdy.

Ol gaz üpjünçilik edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanýandygyny, gaz hasaplaýjy gurallary barlap, olara gazdan turba çekmegi gadagan edýändigini hem belledi.

“Ýerli häkimiýetler ilatyň kömek sorap edýän ýüzlenmelerine oňyn jogap bermeýär. Mör-möjeklere garşy göreşmäge hiç hili goldaw berilmeýär. Her kim özbaşdak göreşýär” diýip, maryly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Azatlygyň bu barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Häkimiýetler indi iki hepdä golaý wagt bäri dowam edýän we ilaty düýpli biynjalyk edýän tebigy ýagdaýy boýun alyp, resmi duýduryş ýaýratmaýar. Adatça bolşy ýaly bu barada resmi media hem dymýar.

Maryda mör-möjekleriň ýaýraýandygy barada garaşsyz neşir “Turkmen.news” hem habar berdi. Neşir 31-nji iýulda çap eden habarynda ýüzlerçe, belkide müňlerçe mör-möjegiň töwereginde gazyň çeşmesine ýörite turba birikdirilip, şondan gelýän gazyň ýakylyp duran pursadyny görkezýän wideony hem paýlaşdy.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtyň käbir seýilgählerinde, şol sanda Bitaraplyk binasynyň meýdançasynda we Saglyk ýolunyň başlaýan böleginde sary arylaryň köpçülikleýin ýaýraýandygyny habar berýär.

“Arylar dynç almaga baran adamlaryň ýany bilen getiren iýmitine köpçülikleýin topulýarlar. Olaryň adamlara hüjüm etmegi bilen bagly ýagdaýlar hem köp ýüze çykýar. Käbir adamlaryň teninde uly çişler döreýär. Bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan adamlar indiki gezek bu ýerlere baranda, iýmit eltmekden saklanýarlar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, paýtagtyň häkimiýetleri bu barada "däbe öwrülen" dymmak tejribesini amal edýär.

Arylaryň ozalky ýyllar bilen deňeşdirilende has köp möçberde ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlar soňky hepdelerde Çehiýa respublikasynyň käbir sebitlerinde hem ýüze çykdy. Ýöne türkmen häkimiýetlerinden tapawutlylykda, ýerli çeh resmileri tebigy ýagdaýy boýun alyp, arylaryň ozalky ýyllar bilen deňeşdirilende has agressiw häsiýetde bolup biljekdigini duýdurdylar we ilata arylaryň köpçülikleýin üýşýän ýerlerine barmazlygy maslahat berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG