Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda tagtabit ýene köpelýär


Tagtabit
Tagtabit

Türkmenistanda tagtabitiň ýaýramagy dowam edýär. Häzirki wagtda paýtagtda bu mör-möjegiň hasam köpelendigini habarçylar aýdýarlar. Ilat gan sorujy bu möjegiň azaryndan dynmak ugrunda uly kynçylyklary başdan geçirýär.

Aşgabatda tagtabit ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da myhmanhanalarda we umumy ýaşaýyş jaýlarynda has köp duş gelýär.

Azatlygyň habarçysy 12-nji iýulda paýtagtdan şeýle gürrüň berýär: "Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda, myhmanhanalarynda, ýörite bilim berýän mekdeplerinde hem-de ýokary bilm we hünär berýän okuw jaýlarynda, uniwersitetleriň umumy ýaşaýyş jaýlarynda tagtabit gaýtadan güýçli depginde ýaýraýar".

Azatlyk bilen anonim gürleşen paýtagt ýaşaýjylary tagtabite garşy göreşmekde häkimiýetlerden hiç hili ýardamyň ýokdugyny, ýörite dermanlara bolan isleg örän ýokary bolup, olaryň satuwda iňňän tiz gutarýandygyny aýdýarlar.

"Paýtagtda bar bolan weterinariýa dermanhanalarynda tagtabite garşy derman serişdesiniň bahasynyň örän ýokary bolmagyna garamazdan, tagtabite garşy derman gelen badyna ilat tarapyndan dessine satyn alnyp, gutarýar. Daşary ýurtlardan getirilýän dermanyň indiki geljek tapgyryna alyjylar sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Günde baryp, ýa-da jaň edip habar alyp durýarlar. Dermanyň gelmeli güni, dermanhanalarda adamlar garaşyp durýarlar" diýip, aşgabadyň dermanhanalarynyň biriniň işgäri gürrüň berdi.

Tagtabite garşy dermanyň bir gutusynyň ortaça bahasy 450 manada durýar, bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 128,5 amerikan dollaryna barabar.

Dermanhanalaryň işgäri hem-de alyjylar mör-möjeklere garşy göreşmek üçin ulanyp bolýan himiki serişdelere islegleriň iňňän ýokarydygyny we olaryň satylan wagty uly nobatlaryň döreýändigini aýdýarlar.

"Garaşýan adamlaryň sanynyň köpdügi zerarly weterinariýa dermanhanasynyň içinde häzirki yssy howada dem alar ýaly däl. Dermanhananyň satyjylary adamlary jaýyň içini boşatmagy talap edip, daşyna çykarýar" diýip, paýtagt ýaşaýjysy Azatlyga gürrüň berdi.

Öýlerindäki tagtabiti ýok etmäge synanyşýan paýtagtlylar dermanhanalaryň daşynda üýşüp durýarlar.

Aşgabatdaky habarçymyz şeýle nobatlary ýygy-ýygydan görüp bolýandygyny belledi.

Tagtabit Türkmenistanda geçen ýylyň tomsunda batly ýaýrap başlady. Ganhor mör-möjek barha köpeldi, onuň dişlemegi zerarly hassahana düşenler-de boldy.

Soňra paýtagtyň myhmanhanalarynda we lukmançylyk edaralarynda tagtabitiň ýaýramagy barada habarlar peýda boldy. Keselhanalarda umumy arassaçylyk şertleriniň ýaramazlygy bilen birlikde tagtabitleriň köpelmegi näsaglara goşmaça azar berdi. Çagalar baglarynda ýaýran tagtabite garşy derman satyn almak üçin körpeleriň ene-atalaryndan pul toplamak ýaly çäreler geçirildi.

Bu aralykda bir ýyllap sanitariýa we epidemiologiki gözegçiligine jogapkär wekiller we paýtagt resmileri mör-möjekleriň ýaýramagy bilen baglanyşykly ýagdaýy düşündirmeýärler, meseläniň bardygyny boýun hem alman gelýär.

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, tagtabit, büre we beýleki mör-möjekler şäherde hemişe bolupdyr, ýöne soňky wagtda esli köpelipdir.

"Bu mesele döwlet derejesinde düýpli çözülmese, ýekelikde, aýry-aýralykda hojalyklar öz güýji bilen bu beladan gutulyp bilmeýär. Ýyllarboýy tagta bit ýaýraýar we gitdigiçe köpelýär" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.

Bu ýagdaý paýtagt resmileri tarapyndan agzalmasa-da, tagtabiti ýok etmek hyzmatyny hödürleýän bildirişler şäheriň köp ýerlerinde duş gelýär. Tagtabitiň we beýleki mör-möjekleriň suratlary, olary ýok etmek işlerini geçirýän hyzmatlaryň telefon belgileri ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde, döwlet edaralarynda, şol sanda mekdepleriň we çagalar baglarynyň girelgelerinde we dürli jemgyýetçilik ýerlerinde görse bolýar.

Tagtabitiň köpelmegi bilen baglanyşykly wakalar soňky ýylda beýleki ýurtlarda-da ýüze çykdy. Emma Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlaryndaky tejribelerden tapawutlylykda türkmen resmileri we türkmen metbugaty tagtabitiň ýaýramagynyň problemasyny düýpden gozgamady.

Şu tomsuň başyndan bäri Aşgabatda kelli bitiniň epidemiýasy hem ýüze çykdy, şeýle-de öýleri sarygarynja basdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG