Maryda azyk önümleriniň käbir görnüşleri ýene gymmatlady. Gymmatlamanyň sebäpleri barada bazar resmileri tarapyndan düşündiriş berilmeýän mahaly, alyjylar munuň maşgala býujetlerine agram salýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“Esasan mal etiniň we et önümleriniň bahasy ýokarlanýar. Geçen hepde bir kilogram çylka et 60 manatdan satylýardy. Ýöne şu hepde onuň bahasy ýene gymmatlap, 65-70 manada ýokarlandy” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýatlatsak, sebitde sygyr etiniň gymmatlamagy bilen bagly ýagdaý soňky gezek awgustyň başynda bolupdy. Şonda habarçylarymyz sygyr etiniň bir kilogramynyň bahasynyň 65 manada ýokarlanandygyny, eger-de aýlyga ýazdyryp, et satyn alsaň bir kilogramynyň 70 manat bolýandygyny habar berdiler. Iýulyň ikinji ýarymynda sebitde sygyr etiniň bir kilogramy 50 manatdan bahalanýardy.
“Awgustyň başynda gymmatlan etiň bahasy soňky hepdelerde birneme arzanlap, geçen hepde Mary şäheriniň bazarlarynda süňk garylan etiň bir kilogramy 50-55 manatdan bahalanýardy. Häzir ony 60 manatdan satyn alyp bolýar” diýip, maryly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Häzirki wagtda etden başga esasy gymmatlan haryt – günebakar ýagy. Onuň bir litriniň bahasy 20 manatdan 25-30 manada ýokarlandy.
“Ak ýumurtganyň biri 1 manatdan 1,80 manada, öý ýumurtgasy 2 manatdan 2,40 manada ýokarlandy. Bir kilogramy 5 manat bahalanan pomidor 6,60 manatdan satylýar” diýip, ýaşaýjy belledi.
Sebitiň söwda we bazar resmileri gymmatlamanyň sebäpleri barada alyjylara aç-açan düşündiriş bermeýärler.
Söwdagärler bolsa, etiň gymmatlamagyny bazarlarda mallaryň bahalarynyň ýokarlanmagy, günebakar ýagynyň "daşary ýurtlardan gymmat gelýändigi" bilen düşündirýärler.
Ýöne olar ýumurtganyň we gök-bakja önümleriniň gymmatlamagynyň sebäbini aýdyňlaşdyrmaýarlar.
“Nahar taýýarlamak üçin zerur bolan esasy önümleriň başynda gelýän mal etiniň, günebakar ýagynyň we beýleki önümleriň gymmatlamagy, köp maşgalanyň býujetine agram salýar” diýip, maryly ýaşaýjy belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli söwda resmilerinden teswir alyp bilmedi.
Bu aralykda, garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” 20-nji awgustdan bäri Aşgabadyň döwlet we hususy dükanlarynda towuk etiniň we ýumurtgasynyň üpjünçiliginde bökdençlikleriň dowam edýändigini habar berýär.
Neşir öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 4-nji sentýabrda çap eden maglumatynda bu bökdençlikleriň olaryň bahasynyň gymmatlamagyna getirendigini hem belleýär.
“Bir kilogramynyň bahasy 16 manat bolan towuk buduny indi käbir dükanlarda tanyş-biliş arkaly tapyp bolýar, ýöne ol 30 manada durýar. Iýun aýynda bir kilogramy 21 manatdan 35 manada gymmatlan bitin towuklar bolsa söwda tekjelerinden ýitirim boldy” diýip, neşir belleýär.
Maglumatda wagtal-wagtal satuwda peýda bolýan towuk ýumurtgasynyň bir sanysynyň bahasynyň 1-nji sentýabrda 1,50 manatdan 1,70 manada gymmatlandygy hem aýdylýar.
Bu aralykda, Marydaky habarçymyz döwlet we hususy dükanlardaky çörekleriň bahasy barada hem maglumat berdi.
“5 manatdan 20 manada çenli aralykda çörek satyn alyp bolýar. Ýöne 5 manatlyk çörek juda ýuka bolup, bir maşgala gaty az bolýar. Buhanka çöreginiň biri 5 manatdan satylýar, ozal olaryň bahasy 3 manatdy” diýip, habarçymyz belledi.
Tomsuň başyndan bäri Türkmenistanyň dürli sebitlerinde azyk önümleriniň, şol sanda mal etiniň, balygyň, gök-bakja önümleriniň, ýumurtganyň bahalarynyň gymmatlamagy bilen bagly ýagdaý ençeme gezek ýüze çykdy.
Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri dowam edýän gymmatçylyk barada maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum