Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda azyk önümleri 100%-e çenli gymmatlady


Aşgabadyň bazary (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň bazary (Illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda azyk harytlarynyň bahasy 100%-e çenli gymmatlady. Ýerli söwda resmileri munuň sebäbini aýdyňlaşdyrmaýan mahaly, söwdagärler muny sebitde emele gelen ýangyç gytçylygy bilen düşündirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji awgustda sebitden maglumat berdi.

“Azygyň tas ähli görnüşi gymmatlady. Gök-bakja önümleriniň käbir görnüşleriniň bahasy iki esse ýokarlandy. Mysal üçin, mundan birnäçe gün ozal bir kilogramy 5 manat bahalanan kartoşka häzir 10 manatdan satylýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Gymmatlamany sygyr we goýun etleriniň bahasynda hem görse bolýar. Mundan bir hepde çemesi ozal bir kilogramy 57 manat bahalanan sygyr eti 15% çemesi gymmatlap, häzir 66 manatdan satylýar.

Köp ýaşaýjy gymmatlamanyň ozal hem zordan gün görýän durmuşlaryna oňaýsyz täsir edýändigini aýdyp, söwdagärlere nägilelik bildirýär we bazar administrasiýalaryna şikaýat bilen ýüzlenýär.

“Bazar resmileri alyjylaryň arzalaryny hem diňlemeýärler. Baryň, nirä şikaýat etseňiz ediň diýip, kowup goýberýärler” diýip, şäheriň “Gök” bazaryndaky alyjylaryň biri anonimlik şertinde beren maglumatynda maşgala çykdajylaryny tygşytlamaly boljakdygyny aýtdy.

Şäheriň 1-nji etrapçasyndaky bazaryň we “Gök” bazaryň söwdagärleri azygyň gymmatlamagynyň sebäbini sebitde emele gelen ýangyç gytçylygy bilen düşündirýärler.

“Azyk önümlerini ýa-da maly soýduranyňdan soň, olary bazara getirmek üçin ulag gerek. Ulag üçin benzin tapdyrmasa näme etmeli? Sürüjiler hem gizlin we gara ýollar bilen gymmat bahadan benzin satyn alýarlar. Olar hem transport kireýlerini ýokarlandyrýarlar. Netijede, biz hem azygyň nyrhyny ýokarlandyrmaly bolýarys” diýip, 1-nji etrapçadaky bazaryň bir söwdagäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Soňky iki aýa golaý wagt bäri ýurduň Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda awtoulag benzininiň gytçylygy dowam edýär. 5-nji awgustda Marydaky habarçylarymyz benziniň her bir ulaga 20 litr möçberinde satylyp başlanandygyny habar berdiler. 26-njy iýulda bolsa, Lebapda benziniň her bir ulaga 10 litr möçberinde satylýandygy mälim bolupdy.

Habarçymyz şäherdäki iri söwda merkezleriniň azyndan bäşisinde mal etiniň bahasynyň öňki nyrhda saklanýandygyny hem aýdýar. Ýöne ol türkmenabatlylaryň köpüsiniň bu söwda merkezlerindäki etden satyn almakdan saklanýandygyny belleýär.

“Bu söwda merkezleri ýokary wezipelerde işleýän emeldarlar we olaryň ýakyn garyndaşlary bilen ilteşdirilýär. Pandemiýa döwründe bu merkezleriň Hindistandan we beýleki ýurtlardan getirilen arzan bahaly we hili pes doňdurylan mal etini satandygy barada gürrüňler peýda bolupdy. Şondan bäri köp ýaşaýjy “olar her zat edip bilerler” diýip, şübheli ýagdaý dörände, bu söwda merkezlerinden haryt satyn almakdan saklanýarlar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň söwda edarasyndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda azyk önümleriniň, şol sanda mal etiniň we balygyň bahasynyň esli ýokarlanmagy barada Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary soňky üç aýdan hem az wagtyň dowamynda azyndan bäş gezek maglumat berdiler.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy, adatça bolşy ýaly, bu ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar. Şu ýylyň ilkinji alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan hökümet maslahatynda hem "ösüş sanlary" mälim edildi, ýöne inflýasiýanyň derejesi baradaky anyk maglumatlar agzalmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG