Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Müşderileriň bank kartlary birnäçe aý gijikdirilýär


"Daýhanbank" paýdarlar täjirçilik bankynyň Mary şäherindäki şahamçasy. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
"Daýhanbank" paýdarlar täjirçilik bankynyň Mary şäherindäki şahamçasy. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmen banklarynyň Mary welaýatyndaky şahamçalarynda bank müşderileriniň plastik kartlary birnäçe aý gijikdirilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.

Bu ýagdaý, hususan-da, edara-kärhanalaryň işgärlerini şeýle-de döwlet kömek pullaryny kabul edýän raýatlary azyndan üç aýdan alty aýa çenli garaşmaga mejbur edýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny kabul edýän täze enelere, ýa-da täze işe kabul edilen raýatlara çykarylýan kartlaryň birnäçe aý gijikdirilýändigini habar berýär.

Türkmenistanda raýatlar pensiýalary we döwlet kömek pullaryny kabul etmek üçin Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerli edaralaryna ýüz tutýarlar. Bu gaznalar ýüz tutulýan kömek puly üçin raýatlardan, beýleki resminamalar bilen bir hatarda, bank kartlarynyň rekwizitlerini talap edýär.

“Çaga seretmek üçin berilýän döwlet kömek pullaryny almakçy bolýan raýatlar bank kartyny açdyrmak üçin, çaga doglandan üç aý soňra banklara ýüz tutup bilýärler. Banklar ‘plastik kartlar ýetişenok’ diýip, ýene birnäçe aý garaşdyrýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Edara-kärhanalara täze işe kabul edilen raýatlar hem birmeňzeş ýagdaýlara duçar bolup, olaryň bank kartlary özleriniň işe başlan gününden üç aý soň berilýär.

Müşderileriň plastik kartlary, hususan-da, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň, hem-de “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň Mary welaýatynyň sebit merkezindäki we etraplaryndaky şahamçalarynda has köp gijikdirilýär.

Ýöne gijikmeler diňe bir täze enelere ýa-da täze işe kabul edilen raýatlara degişli däl. Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan käbir bank müşderileri bank kartyny ýitirip, täze plastik kartyna ýüz tutýan adamlaryň, ýa-da bank karzlaryna ýüz tutup, kredit kartyna garaşýan adamlar hem öz kartlaryny ellerine alýança birnäçe aý garaşmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Bank kartyňy ýitirip, banklara ýüz tutsaň 4-5 aýa çenli garaşdyrýarlar. Şoňa çenli aýlyksyz oturmaly bolýar. Bank karzlaryna ýüz tutan adamlar hem kredit kartlaryny almak üçin 6 aý töweregi garaşmaly bolýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Bank işgärleri bu ýagdaýyň sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler.

Bu aralykda, tiz wagtda bank kartyny çykartmaga howlugýan raýatlar 500-1000 manat aralygynda para berip, öz işlerini bitirmäge razy bolýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda müşderileriň bank kartlarynyň gijikdirilmegi boýunça “Halkbank” we “Türkmenistan täjirçilik banklaryndan teswir alyp bilmedi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy noýabryň başlarynda bu sebitde hem bank kartlarynyň gijikdirilýändigini, adamlaryň bank kartlaryny almak üçin azyndan alty aý garaşmaly bolýandyklaryny habar berdi.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 1-nji noýabrda täzelän sanlaryna görä, türkmen banklary ýurt boýunça jemi 5 million 466 müň 235 sany bank kartyny beripdir. Şolardan 976 müň 850 sany bank karty Mary welaýatyndaky bank şahamçalary tarapyndan berlipdir. Türkmenistanda geçirilen iň soňky ilat ýazuwyna görä, bu sebitde 1 million 600 müňden gowrak ilat ýaşaýar.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy bu sebitdäki bank şahamçalarynyň tas ählisinde bank kartlarynyň gijikdirilýändigini habar berýär.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri ýurduň bank ulgamynyň kämilleşdirilýändigini we oňa sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny tekrarlaýarlar. Olar munuň ýurduň “maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizliginiň artmagyna” getirýändigini belleýärler.

Emma Azatlygyň habarçylary bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi, töleg terminallarynyň kadaly işlemeýändigi, zähmet, pensiýa haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň raýatlaryň bank kartlaryna geçirilmeginiň gijikdirilýändigi barada yzygiderli habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG