Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabadyň söwda nokatlarynyň aglabasynda töleg terminaly ‘ýok ýa-da işlemeýär’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda pul nagtlaşdyrmak bilen bagly meseleleriň dowam edýän mahaly, türkmenabatlylar Lebabyň merkezi şäheriniň çägindäki söwda nokatlarynyň köpüsinde töleg terminallarynyň ýokdugyny, barlarynyň hem kadaly işlemeýändigini aýdýarlar.

Ýurtda ozallar raýatlaryň ellerine nagt görnüşinde gowşurylan aýlyk haklary we beýleki tölegler, häzirki wagtda ilatyň bank hasaplaryna geçirilýär. Ýöne bankomatlardaky nagt pul ýetmezçiligi we beýleki çäklendirmeler ençeme ýyl bäri aradan aýrylmaýar. Bu ýagdaýlarda, häkimiýetler söwdagärleri we raýatlary töleg terminallary arkaly bank kartlary bilen söwda etmäge itekleýärler.

Habarçymyz Türkmenabadyň döwlete degişli dükanlarynyň, dermanhanalarynyň dagy aglaba köplüginde töleg terminallarynyň ornaşdyrylandygyny, ýöne hususyýetçileriň dükanlarynyň diňe takmynan 3-5% böleginde bu abzallaryň bardygyny aýtdy.

“Döwlet dükanlarynda juda çäkli görnüşdäki harytlar satylýar. Hususy söwdagärleriň köpüsinde bolsa, töleg terminallary ýok. Adamlaryň ellerinde nagt puluň çäklidigi, ýa hut ýokdugy sebäpli, käbirler gerekli harytlaryny tanyş telekeçilerinden karzyna ýazdyryp alýar, emma köpler bolsa, uzakly gün nobatda durup bankomatdan pul nagtlaşdyrjak bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri 8-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Ýöne bankomat nobatynyň hem öz talaplary we berjaý edilmeli düzgünleri bar. Bank kartynyň eýesi şahsyýetini görkezýän pasportyny öz ýany bilen bankomat nobatyna alyp barmaly. Ýerli ýaşaýjylar diňe özlerine degişli bank kartlaryndan pul nagtlaşdyryp bilýärler, başga biriniň kartyndan pul aljak bolýan adamlar öz ýany bilen bankomata ynanç hatlaryny alyp barmaly. Bu dokument ýerli notarial edaralary tarapyndan tassyklanan bolmaly.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatyna görä, 1-nji iýuldaky ýagdaýlara laýyklykda ýurtda jemi 42 müň 246 sany, şol sanda Lebabyň söwda nokatlarynda 7 müň 274 sany POS terminaly ornaşdyrylypdyr. Bu Aşgabat hasaba alynmasa, ýurduň beýleki welaýatlarynyň arasyndaky iň uly görkezijidir.

Ýöne dükanlarda ýörite terminalyň bolmagy, söwdanyň kadaly geçjekdigini elmydama aňlatman bilýär. Habarçymyz sebitdäki terminallaryň täs ählisiniň internet ulmagyna, hususan-da wifi toruna baglanmalydygyny aýdýar. Ol sebitde Internet üpjünçiliginiň barha ýaramazlaşmagynyň arasynda, bu abzallaryň hem kadaly işlemegini bes edendigini belledi.

“Bu günler döwletiň dükanyna ýa dermanahanasyna baranyňda, aglaba ýagdaýda töleg terminaly kartyňy kabul etmeýär. Söwdagärler, internet signalyna baglanjak bolup, terminaly dükanyň dürli ýerinde kellesiniň üstünde galgadýar. Emma bu emel hem her gezeginde netije bermeýär, şol sebäpli alan harydyňy dükanda galdyryp gitmeli bolýar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçirenleriň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Döwletiň berk gözegçiligindäki media raýatlaryň bankomatlar, töleg terminallary bilen bagly meselelerini beýan etmeýär. Bular boýunça ýurduň degişli banklaryndan hem kommentariýa almak başartmaýar.

Emma Türkmenabadyň banklarynyň biriniň işgäriniň habarçymyza ozal gürrüň bermegine görä, soňky emele gelen ýagdaýlar ýurtdaky köpçülikleýin nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG