Saýlanan prezident Donald Tramp, gelýän administrasiýany gitdigiçe hatarly bolýan dünýädäki ugur-ýollaryna taýynlamak bilen, Ýewropada we Ýakyn Gündogarda barýan uruşlaryň we Hytaý bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde gyzýan bäsdeşligiň arasynda, senator Marko Rubiony ýurduň baş diplomaty, döwlet sekretary wezipesine bellemek kararyna geldi.
Daşary syýasatyň köp meselesine berk çemeleşmekde tanalýan senator Rubiony seçmek bilen, saýlanan prezident iň möhüm halkara temalarynda özi bilen pikirdeş birini gözleýär diýip, Waşingtonda ýerleşýän Demokratiýa goragy gaznasynyň analitigi Behnam Ben Taleblu aýdýar.
"Rubio, beýik döwlet bäsdeşligi, Hytaýa garşy durmak, Eýran Yslam Respublikasyna garşy durmak we maksimum basyş kampaniýasyny dikeltmek ýaly wajyp milli howpsuzlyk meselelerinde Tramp bilen ideologiki we syýasy taýdan ýaran bolan adamlaryň biri" diýip, Taleblu Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Rubio geçen hepde, döwlet sekretary wezipesine seçilmezinden öň köpçülikleýin habar serişdeleri bilen geçirilen giňişleýin söhbetdeşlikde ABŞ-nyň Sowet Soýuzy darganyndan soň onlarça ýyl dowam eden kynçylyksyz global agalyk döwrüniň gutarandygyny, onuň ýerine täze Sowuk Uruş döwrüne meňzeş bir döwrüň başlanandygyny aýtdy.
Ol Birleşen Ştatlaryň global borçnamalara aşa berlip bilmejekdigini duýdurdy we Waşingtonyň daşary ýurtlarda edýän tagallalarynda "pragmatiki" bolmalydygyny aýtdy.
"Biz iň kuwwatly [ýurt], emma biziň hem serişdelerimiz çäkli... şu sebäpden biz hem wagtymyzy, hem-de pulumyzy özümiziň esasy milli bähbitlerimize hyzmat edýän zatlara sarp etmeli" diýip, Rubio 7-nji noýabrda EWTN, düýbi ABŞ-da ýerleşýän kabel ulgamy bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Kuba asylly amerikan Rubio Trampyň 2017-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli prezident bolan ilkinji möhletinde onuň Wenesuela baradaky syýasatynyň kemala gelmeginde möhüm rol oýnady. “The New York Times” gazeti şol wagt Rubiony Trampyň "Latyn Amerikasyndaky wirtual döwlet sekretary" diýip häsiýetlendirdi.
Florida ştatynyň üç gezek senatory bolan Rubio 2016-njy ýylda respublikan prezident bäsleşiginde Tramp bilen bäşdeşlik etdi we, hem Senatyň aňtaw komitetinde, hem Daşary gatnaşyklar komitetinde işläp, bu wezipä saldamly daşary syýasat tejribesi bilen gelýär.
Eger-de soň Senat tarapyndan tassyklansa, 53 ýaşly Rubio döwlet sekretary wezipesinde işlän ilkinji latin-amerikaly bolar.
Elbetde, Latyn Amerikasy Rubio üçin möhüm bir mesele bolar. Ýöne, Hytaýyň global ösüşi, Eýranyň Ýakyn Gündogara salýan howpy we Russiýanyň Ukraina çozmagy ýaly, ABŞ-nyň daşary syýasat aladalarynyň has möhüm meselelerine garanda, Latyn Amerikasy meselesi biraz yza çekiler.
Priority No. 1: China
ABŞ-nyň harby, syýasy we maliýe çeşmeleri baradaky talaplaryna gezek gelande, Rubio esasy ünsüň Hytaýa gönükdirmegini isleýär.
"Meniň pikirimçe, 21-nji asyryň geljegi esasan Hindi-Ýuwaş ummanynda bolup geçýän wakalar bilen kesgitlener. Şeýle-de, men Hytaý biziň Ýewropadaky konflikte bulaşyp, Hindi-Ýuwaş ummanynda bolup geçýän wakalara üns bermezligimezligi isleýär diýip pikir edýärin "diýip, Rubio 7-nji noýabrda aýtdy.
Iki partiýaly Kongres komissiýasynyň Hytaý baradaky ýerine ýetiriş komitetiniň egindeş başlygy bolup işlän Rubio, Hytaý meselesine berk çemeleşilmegini yzygiderli goldap gelýär.
Ol Taýwany ýaraglandyrmak tagallalaryna ýolbaşçylyk etdi. Pekin bu ýurduň öz-özüni dolandyrýan demokratiýa bolmagyny isleýär. Hytaýyň bu ada hüjüm etmeginiň öňüni almak umydy bilen, ol ABŞ-nyň ok-därileriniň we ösen harby tehnologiýalarynyň Taýwana göni iberilmegine çagyrdy.
Şeýle-de, Rubio Pekiniň adam hukuklary ýagdaýy barada çykyş etdi, ABŞ-nyň senagat syýasatyny Hytaý bilen has netijeli bäsleşige itekledi, Hytaý harytlaryna girizilmeli paçlary goldady.
Ol günbatar Hytaýda, uýgurlaryň we beýleki musulman azlyklarynyň mejbury zähmeti bilen öndürilen harytlaryň import edilmegini gadagan etmek, önümçiligi Meksika göçürmek bilen, Hytaýyň Tramp döwründäki paçlardan sowlup geçmeginiň öňüni almak çärelerini gözledi.
Rubio Ukrainany özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini gorap, Russiýa garşy alyp barýan goranyş urşunda gaýta-gaýta goldady we ukrainalylary "aňrybaş derejedäki batyr we güýçli" diýip häsiýetlendirdi.
2022-nji ýylyň fewral aýynda, Russiýanyň giň gerimli çozuşynyň başlanmygynyň üzysüre, ol Senatyň "Ukrainanyň goranyş mümkinçiliklerini güýçlendirmek" maksadyny yzarlaýan NYET aktynyň we Russiýa garşy sanksiýa girizmegiň goldawçysy boldy.
Emma muňa garamazdan, Rubio Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň "petige dirändigini" we onuň "tamamlanmagynyň zerurdygyny" aýtdy.
Ýakyn Gündogar barada aýdylanda, ABŞ tarapyndan terrorçy guramalar diýlip kesgitlenen Hamas we Hezbulla ýaly toparlary maliýeleşdirýändigi üçin, Rubio Eýran babatynda uzak wagt beri berk pozisiýa eýeleýär we Tährandaky teokratik hökümeti "terrorçy režim" diýip häsiýetlendirýär.
Makala gysgaldylyp çap edilýär.
Forum