Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ýaramlylyk möhleti tamamlanyp barýan ýumurtgalar arzan bahadan satuwa çykaryldy


Türkmenistanyň dükanlarynyň biriniň öňünde işgärler ýumurtgalary dükana daşaýarlar. (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň dükanlarynyň biriniň öňünde işgärler ýumurtgalary dükana daşaýarlar. (Illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki döwlet dükanlarynda we uly söwda merkezlerinde ýaramlylyk möhleti tamamlanyp barýan ýumurtgalar arzan bahadan satylyp başlandy.

Bu ýumurtgalardan satyn alan ýaşaýjylaryň ençemesi olaryň ýarysyndan gowragynyň zaýa çykýandygyny aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy maýda sebitden maglumat berdi.

“Şäheriň döwlet dükanlarynda we “Köýten”, “Döwrebap”, “Lebap” söwda merkezlerinde adatça 45 manatdan satylýan bir guty ýumurtgany 30 manatdan islän möçberiňde satyn alyp bolýar. Bi gutuda ýaramlylyk möhleti iýun aýynyň ortalarynda tamamlanýan 30 sany ýumurtga bar” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Döwlet dükanlarynyň birnäçe satyjysy anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda bu ýumurtgalaryň iýun aýynyň 15-ne çenli satylyp gutarylmalydygy barada söwda resmileri tarapyndan dilden buýruk berlendigini aýtdy.

Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bir guty ýumurtganyň ýarysyndan gowragynyň zaýa çykmagy bilen bagly wakalaryň köp bolýandygyny, dükan satyjylarynyň bu baradaky şikaýatlara aç-açan düşündiriş bermeýändigini belleýär.

“Muňa garamazdan, arzan ýumurtganyň hyrydary köp bolmagynda galýar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýerli wekiliýetindäki çeşmämiz ýerli bazarlara goýberlen bu ýumurtgalaryň daşary ýurt bazarlaryna niýetlenendigini, ýöne onuň ýaramlylyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli eksport edilmekden saklanandygyny belledi.

“Bu ýumurtgalaryň möhleti geçdi, eksport edip bilmeýärler. Şonuň üçin olary mejbury ýerli bazarlara, hökümet dükanlaryna paýlaýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýerli söwda resmilerinden resmi teswir alyp bilmedi. Şeýle-de, redaksiýa bu ýumurtgalaryň näme sebäpden öz wagtynda eksport edilmändigini hem anyklap bilmedi.

Döwlet dükanlarynda ýaramlylyk möhleti tamamlanyp barýan ýumurtgalaryň arzan bahadan satylyp başlanandygy barada garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” hem habar berýär.

Söwda ministrliginiň dilden beren tabşyrygyna laýyklykda, Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň satyjylary bu ýumurtgalary 6-njy iýuna çenli satmaga borçly edildi. Dükanlar bu ýumurtgalary bellenen wagta çenli satyp gutarmak üçin bahalary özbaşdak arzanladýarlar diýip, neşir 28-nji maýda çap eden maglumatynda belledi.

Neşir ýurt içindäki habarçysyna salgylanyp, 30 sany ýumurtganyň bir gutusynyň adatça 45 manatdan satylýandygyny, ýöne häzir onuň dürli dükanlarda 20-30 manat aralygynda bahalanýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda we bazarlarynda ýaramlylyk möhleti tamamlanan ýa-da tamamlanyp barýan azyk önümleriniň satylmagy bilen bagly tejribe ýyllarboýy dowam edýär we bu ýagdaý ýylda ençeme gezek ýüze çykýar.

Dükan satyjylary anonim şertde habarçymyza beren maglumatlarynda ýaramlylyk möhleti geçen önümleri satmak barada özlerine dilden görkezme berilýändigini aýdyp gelýärler.

Habarçylarymyz saglyk töwekgelçiliklerine garamazdan, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, bu harytlaryň hyrydarynyň köp bolmagynda galýandygyny belleýärler.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar. Ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi hem, bu maglumatlar bilen bagly dymyşlygyny saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG