Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Lebapda bir aýda ondan gowrak adam öz janyna kast etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň gündogar welaýatynda ýaşaýjylaryň öz janyna kast etmegine degişli ýagdaýlaryň birnäçesi ýüze çykdy. Azatlygyň welaýatdaky habarçylaryna mälim bolan ýagdaýlar daşary ýurtlarda zähmet migrasiýasynda bolup, öýlerine dolanyp baran adamlara degişli.

Türkmenabat şäheriniň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmeleriň beren maglumatlaryna görä, soňky bir aýyň dowamynda Lebap welaýatynda ýerli ýaşaýjylaryň öz janyna kast etmegine bilen bagly 16 waka hasaba alnypdyr.

Azatlyk bilen anonim gürleşen çeşmelere görä, janyndan geçen adamlaryň aglabasy Türkmenistana dolanyp gelen migrant işçiler.

“Işçi migrantlaryň asynda öz janyna kast etmek tolkuny batly ösýär. Janyna kast edenleriň arasynda Türkmenistana dolanan ynsanlar, olar soň daşary ýurda gitmek mümkinçiliginiň ýoklugy we ýaşaýyş şertleriniň ýaramazlaşmagy bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Aglabasy erkekler" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran çeşme aýtdy.

Habarçylarymyza mälim bolan pajygaly ýagdaýlaryň biri 20-nji iýunda Dostluk şäherçesinde ýüze çykypdyr. Neresse janyna kast etmezden ozal “Durmuş gaty kynlaşdy. Çagalarymyň aladasyny edip bilemok” diýip, hat galdyrypdyr.

"Onuň bäş gyzy we bir ogly yzynda galdy. Çagalarynyň ikisi keselbent” diýip maşgalanyň tanyşlaryndan biri anonim gürrüň berdi. Merhum daşary ýurtdan gaýdyp geleninden soň, oňa ýurtdan çykmak gadagan edilipdir.

“Pahyr iş tapmakdaky kynçylyga we köp agzaly maşgalasyny ekläp bilmän, çydamady" diýip, maşgalanyň tanyşy aýtdy.

Ertesi gün, 21-nji iýunda, Saýat etrabynyň 45 ýaşly ýaşaýjysy öz janyna kast etdi.

“Ol gazanan pullaryny maşgalasyna iberip, Türkiýede işleýärdi. Türkmenistana
dolanyp, ýene täzeden Türkiýä işe gitmekçi boldy we ähli resminamalary toplady, emma ony ýurtdan çykarmadylar. Umytsyzlyga uçran öýüni satdy, spirtli içgileri içip başlady we ahyrynda janyna kast etdi” diýip, merhumyň goňşularyndan biri gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy öz çeşmeleriniň howpsuzlygy sebäpli özüni heläklän adamlaryň atlaryny we käbir şahsy detallary agzamakdan saklanýar.

Türkmenabat şäheriniň polisiýasyndaky çeşmelere we lebaply ýaşaýjylara görä, ýurduna dolanyp gelýän işçi migrantlar köplenç öz maşgalasyny ýeterlik derejede eklär ýaly iş tapyp bilmeýärler. Daşary ýurda gitmek üçin pasport almak hem kynlaşyp, şu wagt nobatlar iki ýyla uzady.

Soňky iki ýylda zähmet migrasiýasyndaky türkmenistanlylaryň ençemesi ýurduna dolanmaly boldy. Türkmen raýatlarynyň pasportlaryny diňe Türkmenistanyň özünde çalyşmaga mejbur bolýandygy, şeýle-de Türkiýäniň daşary ýurtlular babatynda migrasiýa düzgünlerini berkitmegi, Ukraina uruş alyp barýan Orsýetde migrantlara garşy ýowuzlygyň artmagy muňa sebäp boldy.

Şeýle-de bolsa, ýurtda adamlaryň öz janyna kast etmegine degişli ýagdaýlar ozalky ýyllarda hem ýygy-ýygydan ýüze çykypdy.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň arasynda ykdysady çykalgasyzlykdan öz-özüni heläkleýän adamlar barada Azatlygyň habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.

Mundan öň Lebapda 2022-nji ýylyň tomsunda bir aýda 4 adamyň özüni heläkländigi belli bolupdy. 2020-nji ýylyň güýzünde Darganatanyň Gyzylarbat, Lebap daýhan birleşiklerinde we etrap merkezinde 11 adam öz janyna kast edip, durmuşyny soňlapdy.

Şonda ýerli ýaşaýjylar janyna kast eden adamlaryň köpüsiniň ykdysady çykgynsyzlykdan özlerini heläkleýändigini aýdypdy. Şeýle-de, resmileriň öz janyna kast eden adamlaryň ölümini hasaba alanlarynda ýürek ýa bagyr ýetmezçiligi, bagyr sirrozy ýa insult ýaly diagnoz bilen resmileşdirýändigi belli bolupdy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi öz janyna kast edýän adamlar baradaky sanlary we olar boýunça açylan derňewleri köpçülige mälim etmeýär. Azatlygyň Lebap welaýatynyň içeri işler wekillerinden resmi görnüşde teswir almak synanyşygy hem netije bermedi.

2019-njy ýylyň iýulynda Duşenbede geçen jemgyýetçilik leksiýasynda Merkezi Aziýada adamlaryň öz janlaryna kast etmeginiň 30 ýyllyk maglumatlaryna syn berildi we bu sebitde, şol sanda Türkmenistanda öz janyna kast edýänleriň möçberiniň ýylda her ýüz müň raýatdan 15.8 adama ýetendigi aýdylypdy. Bu san dünýädäki her 100 müň adama düşýän 11.4 adamdan ybarat görkezijiden has ýokary.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG