Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň häkimiýetleri harby gullugy yza süýşürmäge hukugy bolan raýatlaryň gulluga alnyp gidiljekdigini duýdurýar


Türkmen esgerleri (Illýustrasiýa suraty)
Türkmen esgerleri (Illýustrasiýa suraty)

Lebabyň häkimiýetleri kanun esasynda harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmäge hukugy bolan raýatlaryň hem, şu ýyl harby gulluga alnyp gidiljekdigini duýduryp başladylar.

Bu barada hemişelik ideginde maýyp ýa-da pensioner maşgala agzasy bolan oglanlaryň ençemesi anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Men Türkmenistanyň harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky kanunyň 19-njy maddasynyň 2-nji bölümi esasynda harby gulluga çagyrylyş möhletini yza süýşürip gelýärdim. Emma bu ýyl Lebap welaýat Harby bölüminiň işgäri [red: howpsuzlyk aladalary sebäpli işgäriň adyny we familiýasyny aýtmakdan saklanýarys] “Hezillik gutardy, bu ýyl gulluga gidýäň” diýip, her alty aýyň dowamynda harby bölüme tabşyrmaly resminamalarymy ýyrtyp, zibil bedrä taşlady. “Bar kime arzyňy aýtsaň şoňa aýt” diýip, iýun aýynyň başynda elime powestka geljekligi hakynda duýdurdy” diýip, lebaply Mergen gürrüň berdi.

Mergen kakasy we ejesi ýogalan maýyp erkek doganyny ekläp-saklamaga we ol hakda alada etmäge kanun boýunça borçly edilendir.

Ol harby bölümiň işgärlerine özüniň bu borjuny ýatladandygyny we täze talabyň nämä esaslanýandygyny sorandygyny hem aýtdy.

“Olar maňa doganyňa garyndaşlaryň sereder, ýaragly güýçlerinde esger ýetenok” diýip, jogap berdiler” diýip, Mergen gününiň bir döwüm çörek tapmagyň aladasynda geçýändigini aýdyp, harby prokuratura arz edip bilmeýändigini hem belledi.

Türkmenistanyň “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” kanunyň 19-njy maddasynyň 2-nji bölüminde “kakasyna, ejesine, aýalyna, süýtdeş doganyna, süýtdeş uýasyna, atasyna, enesine, mamasyna, babasyna, perzentlige ýa-da hossarlyga alanlara hemişelik ideg etmek bilen meşgullanýan adamlaryň, eger görkezilen raýatlara kanun boýunça ekläp-saklamaga we olar hakda alada etmäge borçly bolan başga adamlar bolmasa, harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilýändigi aýdylýar.

Habarçymyz Mergeniň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlaryna başga-da ençeme lebaplynyň duçar bolandygyny, olaryň arasynda kanun boýunça öz pensioner enesini ýa-da atasyny ekläp-saklamaga borçly edilen raýatlaryň hem bardygyny belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebabyň harby bölüminden teswir alyp bilmedi.

Ýöne bu maglumatlar, ýurtda dowam edýän demografiýa krizisiniň harby borçlulyga ýaramsyz ýaş ýigitleri harby gulluga mejbur edýändigi baradaky habarlardan tas bir aý soň peýda boldy.

Azatlygyň harby pudakdan habarly çeşmeleri şu aýyň başynda beren maglumatlarynda täze talaplara laýyklykda, öňler raýatyň harby gulluga ýaramsyz hasap edilmegine getirýän käbir keselleriň lukmançylyk barlagynyň täze sanawyndan aýrylandygyny aýtdylar.

Şonda harby pudakdan habarly ýerli synçy anonim şertde beren maglumatynda Türkmenistanda soňky ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän köpçülikleýin göçe-göçlügiň, ilat sanynyň ymykly kemelmeginiň arasynda, ýurduň ýaragly güýçleriniň şahsy düzüminiň san taýdan azalýandygyny gürrüň berdi.

Ol, munuň bilen baglylykda, harby ýolbaşçylaryň gulluga ýaramsyz ýaş ýigitleri hem harby gulluga çagyrmak arkaly bu ýagdaýa çykalga tapmaga çalyşýandygyny aýtdy.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga almak çärelerini güýçlendirdiler. Bu çäreleriň çäginde mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň tas mekdep partasyndan, daşary ýurtlardan gelýän ýaşlaryň aeroportdan harby gulluga äkidilmegi bilen bagly ýagdaýlar her ýyl ýüze çykýar.

Häkimiýetler bu çäreleriniň sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler. Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bilen harby bölümleriň ofiserleri muny ýurtda esger ýetmezçiligi bilen düşündirip gelýärler.

Türkmenistanda mart aýynda nobatdaky harby gulluga çagyryş möwsümine badalga berildi. Harby wekillikler aprel-iýun aralygynda ýazky çagyryş möwsümini guramalaşdyrýarlar.

Ýurtda ýaşy 18-den 27-ä çenli bolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak, ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýatlar hökmany gulluga çagyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG