Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda orta mekdebi tamamlaýan oglanlar gyssagly ýagdaýda harby gulluga çagyrylýar


Harby gulluga çagyrylan ýaşlar lukmançylyk barlagyndan geçirilýär. Arhiw suraty. Döwlet mediasyndan alyndy.
Harby gulluga çagyrylan ýaşlar lukmançylyk barlagyndan geçirilýär. Arhiw suraty. Döwlet mediasyndan alyndy.

Mary welaýatynda şu ýyl 18 ýaşyny dolduryp, orta mekdebi tamamlaýan oglanlar gyssagly ýagdaýda çagyryş boýunça harby gulluga çekilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy, mekdeplerde geçirilen “Soňky jaň” uçurym dabaralarynyň yz ýany, 27-nji maýda sebitden maglumat berdi.

“Harby gulluk ýaşyna ýeten oglanlardan iýun aýynda başlamaly jemleýji synaglaryny üç-dört günüň içinde tabşyryp, welaýat harby wekilligine barmaklyk talap edilýär” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Kähalatlarda ähli synaglary bir günüň içinde tabşyrdyp, göni mekdebiň gapysyndan harby gulluga alyp gidýärler. Olaryň ene-atalary bilen hoşlaşmaklaryna-da rugsat berilmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gyssagly harby gulluga çagyrylan ýaşlaryň gutardyş şahadatnamalarynyň ene-atalaryna gowşuryljakdygy aýdylýar.

Bu aralykda, habarçylarymyz çagalarynyň harby gulluga çagyrylyş möhletini alty aý möhlet bilen yza süýşürmäge synanyşýan ene-atalar barada habar berýärler.

“Käbir ene-atalar çagalaryny harby gulluga ibermejek bolup, çagyryş möhletini güýz möwsümine çenli yza süýşürýärler. Olar lukmanlar bilen gepleşip, dürli diagnozlar bilen çagalaryny hassahanalara ýerleşdirýärler, ýa-da harby wekilliklerde adam görýärler. Harby gullugy alty aý möhlet bilen yza süýşürtmek üçin, 500-600 dollar berilýär. Olar çagalaryny ýokary okuwa salmak üçin, wagt satyn alýarlar diýsek has dogry bolar!” diýip, maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçylarymyz, biraz öň, 20-nji maýda Lebap welaýatynyň çet sebitlerinde orta mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň, jemleýji döwlet synaglaryndan öň, harby gulluga çagyryş hatlaryny kabul edip başlandyklaryny habar berdiler.

Türkmenistanda mart aýynda nobatdaky harby gulluga çagyryş möwsümine badalga berildi. Harby wekillikler aprel-iýun aralygynda ýazky çagyryş möwsümini guramalaşdyrýarlar.

Mundan ozal, 2022-nji ýylyň noýabrynda ýokary okuw jaýlaryna girmäge isleg bildirýän okuwçy ýaşlaryň harby gulluga çagyryş möhletini bir ýyl möhlet bilen yza süýşürmäge rugsat berildi. Degişli üýtgetmeler we goşmaçalar harby borçlulyk hakynda Türkmenistanyň kanunyna hem girizildi.

Lebap welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir harby wekilligiň serkerdesi ýaşlaryň gyssagly ýagdaýda harby gulluga alnyp gidilmegini harby bölümlerde esger sanynyň ýetmezligi bilen düşündirýär.

Türkmenistanyň ilat sanynyň azalmagy bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, biraz öň, maý aýynyň başlarynda ýurduň harby ýolbaşçylary raýatlaryň harby gulluga ýaramsyz hasap edilmegini talap edýän ýagdaýlary gaýtadan kesgitledi.

Harby wekilliklerdäki lukmançylyk toparlary öňler raýatlaryň harby gulluga ýaramsyz kabul edilmegini talap edýän keseller, şol sanda gipertoniýa, gepatit we diabet ýaly keseller bilen näsaglan raýatlary hem harby gulluga çagyryp başlady.

Türkmenistanda ýaşy 18-den 27-ä çenli bolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak, ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýatlar hökmany gulluga çagyrylýar.

Raýatlar ýylda iki gezek, aprel-mart-iýun, hem-de oktýabr-noýabr- dekabr aýlarynda çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylýar. Harby gullugy tamamlaýan raýatlar hem bu aýlaryň dowamynda harby gullukdan boşadylýar.

Hususan-da, soňky ýyllarda, ilat sanynyň azalmagy, şeýle-de raýatlaryň köpçülikleýin ýurdy terk etmegi bilen bagly dowam edýän habarlaryň arasynda, häkimiýetleriň orta bilimi tamamlaýan ýaşlary mekdep partasyndan harby gulluga alyp gidýän halatlary has köp gaýtalanýar.

Orta mekdebi tamamlaýan ýaşlar iýun aýynyň dowamynda jemleýji döwlet synaglaryny tabşyrýarlar we orta bilim şahadatnamalaryny kabul edip alýarlar.

Raýatlary harby gulluga çagyrmagyň ýazky möwsümi 30-njy iýunda tamamlanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG