Türkmenistanda raýatlary biometriki pasportlar bilen pasportlaşdyryş işlerine degişli birnäçe täze çäklendirmeler girizildi diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji martda Balkan welaýatyndan maglumat berdi.
Mundan ozal, biometriki pasport alyp, soňky bäş ýylyň dowamynda daşary ýurtlara syýahat etmedik raýatlara täze biometriki pasportlar çykarylyp berilmeýär diýip, pasport işlerinden habarly bir balkanly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Şeýle-de, daşary ýurtlarda biometriki pasportynyň möhleti dolup, ýurda dolanan raýatlaryň pasportlarynyň möhletini uzatmak boýunça arzalary raýatyň ýurda dolanan gününden başlap, azyndan alty aýdan soňra kabul edilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan öz raýatlarynyň pasportlaryny daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynyň üsti bilen çalşyp bermeýär.
“Daşary ýurtlardan dolanan raýat Türkmenistanyň çäginde azyndan alty aý ýaşandan soňra, biometriki pasport almak üçin, migrasiýa edaralaryna ýüz tutup bilýär. Pasport nobatyna iki ýyl, iki ýarym ýyl garaşmaly bolýar” diýip, balkanly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, daşary ýurtlardan dolanyp, biomteriki pasportyny çalyşmakçy bolýan raýatyň ýüz tutmasy tassyklananda, raýat barada Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalary tarapyndan hem-de ýurduň howpsuzlyk edaralarynyň daşary ýurtlar boýunça aňtaw maglumatlary gulluklary tarapyndan taýýarlanan hasabatlary nazarda tutulýar.
“Seljeriş işleri alty aýa çekip bilýär” diýip, ýerli çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Eger-de raýat daşary ýurtlarda, meselem, ýewropa ýurtlarynda ýaşan döwründe hatda ýol-ulag jerimesini tölemedik hem bolsa, Türkmenistanda gara sanawa girizilip bilinýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Daşary ýurtlardan dolanýan raýatlarda bolşy ýaly, ýurduň çäginde ýaşap, ilkinji gezek daşary ýurtlara çykmakçy bolýan raýatlaryň pasport ýüz tutmalary hem içgin howpsuzlyk barlagyndan geçirilýär.
Bu barlaglara laýyklykda, biometriki pasporta ýüz tutýan raýatyň ýüz tutmasy boýunça, beýleki resminamalar bilen bir hatarda, Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edaralary tarapyndan berilýän ýörite kepilnama talap edilýär. Bu resminamada raýatyň gara sanawda durmaýandygyna kepil geçilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda özge pikirli raýatlaryň “gara sanawy” hereket edýär. Bu sanawdaky raýatlara garşy, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk bähbitleriniň çäklerinde, düşündiriş berilmezden dürli gadaganlyklar girizilip bilinýär. Raýatyň hereket, söz we pikir azatlygy ýaly esasy azatlyklarynyň çäklendirilmegi “gara sanawa” degişli çäklendirmelere mysal bolup durýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan welaýatynda raýatlaryň biometriki pasportlaşdyryş işleriniň töweregindäki milli howpsuzlyk aladalarynyň ýokarlanyp, raýatlara degişli gadagançylyklaryň geriminiň giňeýändigini habar berýärler.
Ýerli MHM edaralary “gara sanaw” bilen baglylykda raýatyň geçmişini derňänlerinde, çeşmämiziň tassyklamagyna görä, onuň 18 ýaşdan soňra ulanan sim kartlarynyň ählisini, galyberse-de, ulanan telefonlarynyň IMEI belgilerine çenli seljerýärler. Şondan soňra Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli şahamçalary raýat bilen bagly soralýan kepilnamany degişli edaralary iberýär.
“Şu gidişine gitse, raýatlary birnäçe aýlap okadyp, onsoň biometriki pasport berýäris diýseler, geň görmerin. Harbylaryň kasam kabul edişleri ýaly, biometriki pasport berlende, raýatlara-da kasam kabul etdirip başlasalar geň bolmaz. Sebäbi, bir kasam etdirmedikleri galdy” diýip, balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Galyberse-de, Türkiýe we Dubaý ýaly ugurlara syýahat edýän raýatlardan palestin urşuna gatnaşmazlyk barada, ýewropa ýurtlaryna barýan raýatlardan bolsa, Russiýanyň Ukrainadaky urşuna gatnaşmazlyk barada dilhaty alynýar.
Bu aralykda, sebitiň migrasiýa edaralarynda pasport nobatlarynyň uzamagy dowam edýär. Habarçylarymyz mundan ozal, pasport nobatlarynyň möhletiniň Balkanda 2025-nji ýylyň ýanwaryna çenli, Mary welaýatynda bolsa 2025-nji ýylyň dekabryna çenli uzaldylandygyny habar berdiler.
Türkmenistanda biometriki pasportlar 2008-nji ýylyň iýunynda dolanyşyga girizildi. 2013-nji ýylda başlap, diňe biometriki pasportlar bilen daşary ýurtlara syýahat edilmegine rugsat berlip başlandy. Ilkibaşda on ýyl möhlet bilen berlen daşary ýurt pasportlarynyň möhleti 2016-njy ýylda bäş ýyla çenli kemeldildi.
Biometriki pasportlar boýunça soňky girizilen resminama talaplaryna laýyklykda, Türkmenistanda diňe Garaşsyzlyk ýyllarynda berlen dogluş hakyndaky şahadatnamalar güýçli hasaplanyp başlandy, Sowetler döwründe berlen Dogluş şahadatnamalary güýjüni ýitiren hasaplandy we pasportlara ýüz tutulanda köne şahadatnamalaryň Raýatlaryň nama ýazgylary müdirliklerinde täze şahadatnamalar bilen çalşyrylmagy talap edildi.
“Biometriki pasporta ýüz tutulanda ýüzünde prezidentiň suraty bolan täze şahadatnamalar soralýar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.
Biometriki pasportlar boýunça girizilýän täze çäklendirmeler ilat arasynda daşary ýurt pasportyna bolan talabyň ýokarlanmagy we pasport kitapçalarynyň ýetmezçiligi bilen düşündirilýär.
Türkmenistanda ykdysady şertleriň ýaramazlaşmagy bilen, soňky ýyllarda köplenç iş, eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga ýykgyn edýän raýatlaryň sany görnetin köpeldi. Raýatlar köplenç Türkiýe, Russiýa ýaly tanyş ýurtlary saýlap alýarlar.
Azatlyk Radiosy biometriki pasportlar boýunça täze güýje girizilýän çäklendirmeler barada ýerli migrasiýa edaralaryndan teswir alyp bilmeýär.
Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Türkmenabadyň migrasiýa edaralarynda daşary ýurtlarda bilim alýan studentleriň pasportlarynyň möhletini uzatmak boýunça beren arzalarynyň ileri tutulýandygyny habar berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum