Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biometriki pasport üçin berilýän arzalarda daşary ýurtda bilim alýan talyplar öňdeligi düzýär


Bezeg suraty.Türkmenistanyň döwlet baýdagy we Türkmenistanyň raýatynyň biometriki pasporty.
Bezeg suraty.Türkmenistanyň döwlet baýdagy we Türkmenistanyň raýatynyň biometriki pasporty.

Türkmenistanda raýatlaryň arasynda biometriki pasporta bolan talabyň ýokary bolmagynda galýan mahaly, Lebap welaýatynyň migrasiýa edaralarynda daşary ýurtlarda bilim alýan talyplaryň ýüz tutmalary ileri tutulyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

Ýöne bu sebitde Türkmenistanyň raýatynyň ýurtdan çykmak we ýurda girmek üçin daşary ýurt pasportyna ýüz tutýan talyplar ýerli migrasiýa edarasynyň başlygyna ýörite haýyşnama bilen ýüzlenmeli bolýarlar.

“Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edarasynyň başlygy hepdede iki gün raýatlary öz kabulhanasynda kabul edýär. Biometriki pasportynyň möhleti gutaran talyplara diňe başlygyň ýörite rugsady bilen, öz biometriki pasportlaryny nobata garaşmazdan, çalşyp bermäge mümkinçilik döredilýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyklary raýatlaryň biomtetriki pasportlaryny çykaryp bermeýär. Daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýaşaýan raýatlar, şol sanda daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyplar öz resminamalaryny çalyşmak üçin, Türkmenistana syýahat etmeli bolýarlar.

Şeýle-de, Türkmenistanda biometriki pasporta ýüz tutýan raýatlaryň sany köp bolmagynda galýar. Golaýda Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy, ýüz tutmalaryň sanynyň ýokarlanýandygy sebäpli, pasport nobatlarynyň öňümizdäki ýyla çenli uzaldylandygyny habar berdiler.

Daşary ýurt döwletlerine syýahat etmäge mümkinçilik berýän bu resminamany almakçy bolýan raýatlar ýerli migrasiýa edaralarynda nobata ýazylýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy sebitde gysga möhletde daşary ýurt döwletlerine syýahat etmegi meýilleşdirmeýän raýatlaryň hem, ätiýaçdan, biometriki pasporta ýüz tutup goýýandyklaryny habar berýär.

“Käbir ene-atalar özleriniň ýaş çagalaryna daşary ýurt pasportlarynyň çykarylyp berilmegini haýyş edip, ýerli migrasiýa başlygynyň kabulhanasyna girýärler. Talyp ýaşlaryň pasportlary bökdençsiz çalşyrylyp berilýär, ýöne ýaş çagalaryna pasport soraýan ene-atalaryň haýyşlary kän bir kanagatlandyrylmaýar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýöne talyp hem bolsalar, ene-ata-da bolsalar, ýörite haýyş bilen migrasiýa edarasyna ýüz tutýan raýatlar özleriniň pasportlaryny çalyşmak üçin, migrasiýa başlygynyň kabulhanasyna hökman girip çykmaly bolýarlar. “Şondan soňra, pasport almaga degişli resminamalary tabşyryp bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanda daşary ýurt pasportynyň töwereginde dowam edýän beýleki meseleleriň biri hem korrupsiýa hadysalary bilen baglanyşykly bolup durýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal migrasiýa edaralarynda bolup geçýän korrupsiýa hadysalary, raýatlaryň pasport ýüz tutmalarynda paranyň soralmagy ýaly ýagdaýlar boýunça habar berdiler.

Noýabryň soňky hepdesinde balkanly ýaşaýjylar bu sebitde daşary ýurt pasportyny 1000 dollar para bilen bir hepdäniň içinde alyp bolýandygyny aýtdylar.

Şonda olar bu resminamany çykarmagyň möhletiniň paranyň möçberine görä üýtgeýändigini hem gürrüň berdiler.

Balkanly ýaşaýjylaryň biri 25 günde pasport almak üçin, 600 ABŞ dollarynyň, iki-üç aýyň dowamynda almak üçin bolsa, 200 ABŞ dollarynyň soralýandygyny aýdypdy.

Bu habarlaryň yzysüre, noýabryň aýagynda Balkanyň migrasiýa edaralarynda barlag geçirildi.

Lebap welaýatyndaky habarçylarymyz daşary ýurtlarda bilim alýan talyplaryň pasport arzalaryna seredilýändigini maglumat berýär.

“Daşary ýurtlara syýahat etmäge isleg bildirýän adamlar bilen bir hatarda, daşary ýurt pasportyna, diňe ätiýaçdan ýüz tutýan adamlar hem bar. Daşary ýurt pasportlaryny almagy başaran käbir adamlaryň pasportlarynyň möhleti gutaryp gidýär. Olar bäş ýylyň içinde bir gezek hem daşary ýurda gidip görmeýärler, ýöne şonda-da pasportlaryny çalyşmak üçin, arza bilen migrasiýa edaralaryna ýüz tutýarlar” diýip, lebaply ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, ýerli migrasiýa edarasynyň başlygy hepdäniň sişenbe we penşenbe günlerinde raýatlary öz kabulhanasynda kabul edýär. Ol kabul edişlik günlerinde başlygyň kabulhanasynyň köp adamly bolýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň migrasiýa edaralaryndaky soňky ýagdaýlar boýunça ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG