Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howanyň gijelerine çigrekläp başlamagy bilen, Balkanabatda ýyladyş möwsümine taýýarlyk haýal barýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Howa maglumatlaryna görä, Balkanabatda 14-15-nji oktýabr günlerinde howa gündizlerine selsiýa boýunça plýus 13, 14 gradus, gijelerine 6, 7 gradus çigrek boldy. Howa maglumatlary bu şäherde howanyň temperaturasyny 18-nji oktýabrda gündiz +32 gradus görkezýär, ýöne Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy howanyň gijelerine çigrekläp başlamagynyň yz ýany, şäheriň ýyladyş ulgamlary bilen bagly problemalar barada habar berýär.

Howa maglumatlary bu şäherde howanyň temperaturasynyň öňümizdäki hepde çigreklejekdigini, gijelerine sowajakdygyny görkezýär.

“Şäheriň ýyladyş ulgamlary eýýäm oktýabr aýynda işläp başlamaly, muňa garamazdan, bular heniz işläp başlamady” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Howa ýurduň käbir sebitlerinde soňky hepdelerde heniz hem 30 gradusdan aşýar, ýöne güýz paslynyň ortalarynda, maýyl howa çigrekläp, salkynlaşyp başlaýar.

Hususan-da, gijelerine salkyn howanyň aralaşmagy bilen, Balkanabat şäherinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi bu ýagdaýa özbaşdak çykalga gözlemeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Käbir adamlar howa sowuk bolanda gijelerine nahar bişirilýän peçlerini ýakyp ýakýandyklaryny aýdýarlar, bu örän howply bolsa-da, howa sowuk bolanda köp gatly jaýlarda ýylanmak üçin başga mümkinçilik bolmaýar” diýip, bir balkanabatly ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şäheriň tas ähli kwartallarynda, şol sanda 208, 209, 210, 211 we 225-nji kwartallarynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynda we durmuş desgalarynda ýyladyş möwsümine girişilmändigini habar berýär.

Ýerli ýaşaýjylar elektrik energiýasynyň tölegleriniň özleri üçin gymmat bolandygyny, şeýle-de tok peçleriň bahalarynyň hem köp sanly hojalyklar üçin elýetersizdigini aýdyp, ýyladyş möwsüminde şäheriň merkezleşdirilen bug gazanlarynyň hyzmatlaryna garaşly galýandygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň habarçysy howanyň gijelerine sowamagy bilen, şu günler şäheriň käbir mekdebe çenli çagalar baglarynda sowuklama alamatlary bilen, ýa-da dümew alamatlary bilen terbiýeçilik edarasyna barýan çagalaryň sanynyň köpelýändigini aýdýar.

“Howa irden beton mekdeplerde, ýa-da çagalar baglarynda sowuk bolýar. Çagalar irden klaslarda kurtka bilen oturmaly bolýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

“Günortan çagalary üstünde kurtkalar bilen ýatyrýarys” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy çagalar baglarynyň işgärlerini sitirleýär.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Balkanabat şäher häkimliginden teswir alyp bilmeýär.

Döwlet metbugatyna görä, ýyladyş möwsümine taýýarlyk işleri bilen bagly resmi hasabatlar sentýabr aýynyň ahyrynda geçirilen hökümet mejlisinde hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 30-njy sentýabrda welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda bu ugurda sebitlerde alnyp barylýan işler boýunça hasabatlary diňledi.

Ähli welaýatlaryň häkimleri öz çykyşlarynda welaýatlardaky “edara-kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler” barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Resmi habarlardan mälim bolşuna görä, prezident maslahatda oba hojalygy we beýleki meseleler bilen bagly berlen hasabatlar boýunça degişli tabşyryklary berdi, ýöne ýyladyş möwsümini agzamady.

Ýangyç-energetika serişdelerine baý Türkmenistanyň şäher we oba ýerlerinde her ýylyň gyş paslynda ýaşaýyş jaýlarynda we durmuş maksatly desgalarda, mekdeplerde we çagalar baglarynda ýyladyş bilen bagly problemalar yzygiderli gaýtalanýar.

Hususan-da, heniz hem sowet ýyllaryndan galan desgalardan peýdalanylýan sebitlerde bu problemalar hroniki häsiýete eýe bolýar.

Türkmenistanda raýatlar hojalyk hyzmatlarynyň üpjünçiliginde, şol sanda elektrik energiýasynyň hem-de tebigy gazyň üpjünçiliginde emele gelýän problemalardan şikaýat edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG