Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tok, suw we gaz üpjünçiliginde yzygiderli ýüze çykýan bökdençlik ýerli ýaşaýjylary ýadadýar – Lebap


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Lebap welaýatynda ýangyç ýetmezçiligi ýitileşip dowam edýän mahaly, oktýabryň başlaryndan bäri sebitiň birnäçe etraplarynda we şäher ýerlerinde elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň hem-de hojalyk we agyz suwlarynyň üpjünçiliginde hem yzygiderli bökdençlikler ýüze çykyp başlady. Bu ýagdaý ýerli ilatyň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir edýär.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki çeşmeleri welaýatyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäherinde, şeýle-de Çärjew, Saýat, Hojambaz we Dänew etraplarynda ýerli ýaşaýjylaryň soňky wagtlarda ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolup başlan üpjünçilik meseleleri barada habar berýärler.

“Türkmenabat şäherinde 4-nji oktýabrdan başlap, elektrik togy ýygy-ýygydan kesilip başlandy. Köplenç käbir etrapçalarda tok bolsa, beýlekilerde bolmaýar. Tok kesilen etrapçalarda üpjünçilik dikeldilse, beýleki etrapçalarda elektrik kesilýär” diýip, türkmenabatly çeşmeler habar berýär.

Elektrik energiýasynyň yzygiderli kesilmegi ýerli ilatyň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir edýär, adamlar şem satyn alyp, garaňkydan halas bolmaga, gün görmäge çalyşýarlar. Toguň kesilmegi bilen, sowadyjylar we doňduryjylar işlemän, azyk harytlary zaýa bolýar. Bu ýagdaýdan erbet täsirlenýän azyk dükanlary generator ulanyp, elektrik üpjünçiligini özbaşdak ýola goýmaga çalyşýarlar. Ýöne generatorlar hem ýangyç bilen işleýär, ýangyç bolsa, ýetmezçilik edýär.

“Elektrik togunyň kesilmegi täzelik däl. Şonuň üçin, dükan eýeleri öňki ýyllarda benzin bilen işleýän elektrik generatorlaryny satyn alyp goýdular, tok öçende şolardan peýdalanylýar. Häzir bolsa, generatorlar üçin hem ýangyç ýok. Oktýabr aýy bolsa-da, howa yssy. Sowadyjylar sandan çykýar, harytlar zaýa bolýar” diýip, bir dükan satyjysy aýdýar.

Elektrik energiýasynyň üpjünçiligi tutuş şäherde 4-nji oktýabrdan bäri kadasyz ýola goýulýar. Çeşmeler 12-nji oktýabrda elektrik üpjünçiliginiň tutuş şäherde kesilendigini aýdýarlar. Şonda şäherde irden sagat 4:00-9:00 aralygynda we 17:00-18:30 aralygynda elektrik energiýasy kesilipdir.

Şäherde on gün çemesi wagt bäri birde kesilip, birde dikeldilýän kadasyz elektrik üpjünçiligi dowam edýän mahaly, dükanlarda şem söwdasy pajarlaýar, şemleriň bahalary gymmatlaýar.

“Şäherde tok yzygiderli kesilýär, şonuň üçin dükanlar şemleriň bahalaryny galdyrdylar. Azyk dükanlarynda satylýan şemiň hyrydary köp bolansoň, ol käwagt tapdyrmaýar” diýip, beýleki bir türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.

Bu aralykda, güýz paslyna garamazdan, şu günler sebitde howanyň temperaturasy wagtal-wagtal 30 gradusdan aşýar. Ýerli ýaşaýjylar geçen hepdede termometrleriň 35 gradusy görkezen halatlarynyň hem bolandygyny aýdýarlar. Olar yssy howada elektrik energiýasynyň yzygiderli kesilmeginden ýadaýandyklaryny belleýärler.

“Oktýabr aýy bolandygyna garamazdan, howanyň temperaturasy gündizlerine 35 gradusa çenli çykýar. Şonuň üçin, biz heniz hem kondisionerleri işletmeli bolýarys” diýip, Türkmenabat şäheriniň Üçünji etrapçasynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy üpjünçilik meseleleri boýunça Türkmenabat şäheriniň Bahar we Üçünji etrapçalarynyň birnäçe ýaşaýjysy bilen şeýle-de Çärjew, Saýat, Hojambaz we Dänew etraplaryndan bolan birnäçe oba ýaşaýjysy bilen habarlaşdy.

Ýerli ýaşaýjylar elektrik energiýasy bilen bir hatarda tebigy gazyň üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň hem dowamly häsiýete eýe bolup başlandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň elektrik we tebigy gaz üpjünçilik edaralaryndan teswir alyp bilmeýär. Ýerli ýaşaýjylar üpjünçilik edaralarynyň ilatyň telefon jaňlaryna üns bermeýändigini aýdýarlar.

Çärjew, Saýat we Hojambaz etraplarynda üpjünçilik problemalary 11-nji oktýabrda ýitileşip başlapdyr. Bu sebitlerden bolan birnäçe oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde yzygiderli elektrik kesilmeleri bilen bir hatarda tebigy gazyň üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň hem gaýtalanyp başlandygyny aýdýarlar.

“11-nji oktýabrda öňünden habar bermän, duýdansyz gaz üpjünçiligini kesdiler. Şol gün elektrik togy hem kesildi. Üpjünçilik edaralaryna jaň etseň, telefon “zanit” berýär. Gaz öçüriljek bolsa, adatça, oba arçynlyklaryna jaň edip, bir gün öňünden duýdurardylar. Indi bolsa, gaz günde 30 minut berilýär we duýdansyz öçürilýär. Adamlar odun çöpläp başladylar” diýip, Çärjew şäherçesiniň ýaşaýjysy aýdýar.

Türkmenistan ýangyç serişdelerine, hususan-da tebigy gaza baý döwlet bolup, bu ugurda dünýäde iň öňdäki ýurtlaryň hatarynda gelýär. Muňa garamazdan, ýurt raýatlary hususan-da desgalaryň könelişmegi, tok we gaz üpjünçilik ulgamlarynyň sandan çykmagy bilen baglylykda ýyllarboýy yzygiderli üpjünçilik meselelerini başdan geçirýärler. Häkimiýetler yzygiderli häsiýete eýe bolýan bu problemalaryň anyk sebäplerini düşündirmeýärler.

Türkmenabat şäherinden, şeýle-de Çärjew, Saýat we Hojambaz etraplaryndan tapawutlylykda Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde 15-16-njy oktýabrda hojalyk we agyz suwunyň üpjünçiligi kesilipdir. Ýöne beýleki etrap we şäherlerden tapawutlylykda, bu şäherde suw üpjünçiliginiň kesiljekdigi barada öňünden bölekleýin habar berlipdir.

“Seýdişäheragyzsuw” müdirligi tarapyndan ýerli ýaşaýjylaryň arasynda ýaýradylan bir resmi hatda 15-nji oktýabr gije sagat 23:00-dan başlap, 16-njy oktýabr güni öýlän sagat 14:00-a çenli şäherde hojalyk suwlarynyň üpjünçiliginiň kesiljekdigi duýdurylýar. Bu ýagdaý şäherde yssy suw üpjünçiligine geçilmegi we şäheriň lagym ulgamlarynda arassaçylyk işleriniň geçirilmegi bilen düşündirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda güýz aýlarynda nobatdaky ýyladyş möwsümi yglan edilýär we ýyladyş gazanlary gyşky möwsüme taýýar edilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu hatyň resmi ýollar bilen däl, ilat arasynda elden-ele geçirilip, paýlanandygyny habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG