Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ilatyň suw üpjünçiligi ençeme sagatlap kesildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda howanyň temperaturasy gündiz kölegede 43 gradusdan aşýan we gijelerine 30 gradusa golaýlaýan mahaly, şäher ilatynyň suw üpjünçiligi ençeme sagatlap kesildi. Şäher häkimliginiň we suw edaranyň wekilleri ýaşaýjylaryň bu barada edýän şikaýatlaryna “ätiýaçlyk suw gaplaryny doldurmagy maslahat bermek” bilen jogap berýärler.

“25-nji iýulda irden sagat 5:30-da oýananymda suwuň kesilendigini bilip galdym. Käbir ýaşaýjylar suwuň kesilendigini daňdan sagat 4-de bilipdirler” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy aýtdy.

Şäheriň Parahat 1, 2, 3, 4 we 7 etrapçalarynyň, şeýle-de 11-nji etrapçasynyň suw üpjünçiligi 24-nji iýuldan 25-ne geçilen gije kesildi.

“Etrapçalaryň käbirine şäheriň suw edarasy tarapyndan ýörite suw ulaglary iberildi. Ýaşaýjylaryň köpüsi bu ulaglardan ätiýaçdaky suw gaplaryny dolduryp aldy. Ýöne suw ulaglary iberilmedik etrapçalar hem bar. Etrapçalaryň suw üpjünçiligi irden sagat 9:30-11:30 aralygynda tapgyrlaýyn esasda gaýtadan dikeldilip başlandy” diýip, habarçy belledi.

Parahat 1 etrapçasyna bolsa, 20 sagatdan soň suw berildi. Etrapçanyň ýaşaýjylarynyň suw üpjünçiligi 25-nji iýulda ikindin wagty dikeldilip başlandy. Ýöne habarçymyz krantlardan goýberilýän suwuň göwrüminiň juda azdygyny aýdýar.

“Düýn agşam, gije, şu gün irden we günüň dowamynda suw bolmady. Häzir suw az depginde berlip başlandy. Ähli adamlar ätiýaçdaky suw gaplaryny dolduryp almaga çalyşýarlar” diýip, paýtagtdaky beýleki bir habarçymyz 25-nji iýulda ikindin wagty gürrüň berdi.

Suwuň kesilmegi, alternatiw üpjünçiligiň kadaly ýola goýulmazlygy we suwuň kesiljekdigi barada häkimiýetler tarapyndan öňünden habar berilmezligi ýaşaýjylaryň ençemesinde nägilelik döredýär.

Ýaşaýjylar şäher häkimligine we paýtagtyň suw edarasyna jaň edip, suwuň güýjüniň pesliginden şikaýat edýärler. Bu edaralaryň wekilleri ýaşaýjylara ähli zatdan habarlydyklaryny aýdyp, garaşmagy we ätiýaçlyk suw gaplaryny doldurmagy maslahat berýärler.

Azatlyk paýtagtlylaryň suw üpjünçiligindäki bökdençlikler barada şäher häkimliginden we suw edarasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň dürli künjeginde suw öndürmäge we arassalamaga niýetlenen kärhanalaryň hem-de suw basyş desgalarynyň ençemesi gurlan bolsa-da, ýurtda suw ýetmezçiligi ýyllarboýy problema bolmagynda galýar.

Paýtagtda we welaýatlarda ýaşaýyş hem-de durmuş maksatly binalaryň suw üpjünçiligi ençeme sagatlap, käte birnäçe günläp kesilýär. Bu bökdençlikler her ýylyň tomus aýlarynda, jokrama yssy günlerde has-da ýitileşýär.

Halkara guramalary, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda suw ýetmezçiliginiň has agyrdygyna, emma şonuň bilen birlikde suwuň aşa sarp edilýändigine ünsi çekýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy edarasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda suwuň harçlanmagynyň krizis derejesine ýetendigini mälim etdi.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri ýurtda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamak meselesini wagtal-wagtal gozgasalar-da, suw üpjünçiligindäki problemalary aç-açan boýun almaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG