Hazar deňziniň suw derejesiniň çekilmegi uly meselä öwrülip barýar. Halkara hasabatlarynda suwuň kenarlardan onlarça metr daşlaşmagyna we deňziň çuňlugynyň azalmagyna degişli aladalar öňe sürülýärkä, türkmen hökümeti problemany resmi taýdan agzaman gelýär. Emma bu ýagdaýyň ýerli ilata, ekologiýa we hatda serhet meselesine täsiri bar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary Hazaryň kenarýaka sebitlerindäki ýagdaýy öwrendiler we ýerli ýaşaýjylar hem-de bilermenler bilen söhbetdeş boldular.
"Hazar deňiziniň suwy gözümiziň öňünde çekilýär. Şu ýyl Jangadaky zaliw gyralarynda deňiz suwy ençeme metr yza çekildi. Onuň deregine duzly çägeler emele geldi, çöl ýere meňzäp barýar" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Deňiziň gündogar aýlag böleginde suwuň 10 kilometr çekilen ýerleri bar. Türkmenbaşyda we deňziň gündogar-günorta çäklerinde suwuň esli çekilen ýerleri göze ilýär.
"Eger 2005-nji ýyl bilen deňeşdirilende suwy kenardan belki 20 kilometr çekilen aýlaglar bar. Deňziň çuňlugy hem 15 ýylda bir metrden gowrak azaldy" - diýip, suw meseleleri boýunça ýerli bilermen aýdýar.
Hazar deňziniň türkmen kenaryna golaý ýerlerde suwuň çekilmeginiň netijesinde dörän kiçi adalar köpelýär.
Bu ýagdaý hem balykçylaryň, hem-de deňizçileriň aladalaryny artdyrýar. Azatlyk bilen anonim gürleşen türkmenbaşyly deňizçi harbynyň sözlerine görä, suwuň çekilmeginiň dowam etmegi deňizde gämi gatnawyny hem kynlaşdyryp biler.
"Suwuň çekilmegi dowam etse ýene 5-10 ýyldan deňizde gorag gämileri üçin ýüzmek problema bolar. Häzir kenardan diňe 30 kilometri serhetiň çäginde bolup, galan ýerler neýtral hasaplanýar" diýip, harby belledi.
2023-nji ýylyň tomsunda, Azatlygyň habarçylary Hazar ýakasyndaky Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda suwuň 25-50 metre çenli çekilendigini habar beripdiler. Şonda ýerli döwlet edaralarynyň işgärleriniň suwuň azalýan ýerlerini zibil, dürli galyndylar, plastik paketler ýaly zatlardan arassalamak üçin ugradylýandygy aýdylypdy.
"Meteožurnal" neşirinde çap edilen Hazar deňziniň türkmen kenaryna degişli satellit suratlary kenar ýakasynyň bir ýylda esli yza çekilendigini görkezýär.
Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi 2023-nji ýyldan bäri öň görlüp eşidilmedik derejede dowam edýär.
Hazarýaka döwletleriniň hökümetleri tarapyndan döredilen Hazar deňziniň gidrometeorologiýa boýunça utgaşdyryjy komitetiniň (CASPCOM) maglumatyna görä, deňziň derejesiniň peselmegine soňky birnäçe ýyl bäri syn edilýär. Suwuň derejesi 2021-nji ýylda 20 santimetr azalan bolsa, 2022-nji ýylda 27 santimetr kemelipdir, 2023-nji ýylda bu proses hasam tizleşipdir.
Maglumata görä, deňiz derejesiniň peselmeginiň esasy sebäbi Wolga derýasynyň pes akymy bilen baglanyşdyrylýar. Wolga Hazar deňzine akyp barýan ähli derýa suwunyň 85%-e golaýyny öz içine alýar.
Şu ýylyň başynda "Progres" fondy tarapyndan çap edilen hasabatda Hazar syýasaty merkeziniň alymy Erik Rudenshold Hazar deňzindäki suw derejesiniň ep-esli azalmagynyň sebäpleriniň arasynda Russiýanyň Ural we Wolga derýalarynyň suwuny oba hojalygyna gönükdirmeginden başga-da, Hazaryň kenarýaka ýurtlarynyň bäşisiniň öz agyz suwy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin Hazaryň suwuny süýjedýändigi aýdylypdy.
Ýyllarboýy agyz suw ýetmezçiligini başdan geçirýän çöllük Türkmenistan suwy dünýä derejesinde iň bisarpa harçlaýan ýurtlaryň düzümine girýär. BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy 2021-nji ýylda Türkmenistanda suw çeşmelerine edilýän basyşyň krizis derejesine ýetendigini mälim edipdi.
Türkmenistanyň hökümeti Hazaryň suwunyň çekilmegi problemasyny resmi derejede agzamaýar. 2019-njy ýylda ýurtda Hazar deňziniň instituty döredilipdi, emma şondan bäri bu edaranyň alyp barýan anyk işleri barada resmi habar berilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum