Türkmenistanda hökümetiň ilata gözegçiligi has-da güýçlenýär. Aşgabat bilen Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň arasynda gatnawy amala aşyrýan jemgyýetçilik awtobuslarynda wideo kameralar oturdyldy.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki ygtybarly çeşmesi bu kameralar esasynda “ygtybarsyz raýatlaryň” gözlenýändigini, şübhe astyna düşýänleriň ýakyn yzarlanmalara sezewar edilýändigini aýdýar.
“Kameralardan ýygnalýan maglumatlary IT ulgamy arkaly Milli howpsuzlyk ministrliginiň umumy bazasyna toplaýarlar. Bu maglumatlar ministrligiň hünärmenleri tarapyndan öwrenilýär we seljerilýär” diýip, çeşmämiz aýdýar.
Habarçymyzyň iberen suratynda kameralaryň awtobuslaryň salonynda, merkezi böleginde oturdylandygyny görse bolýar.
Çeşmämiz bu kameralaryň wideo şekilleri ses ýazgylary bilen bilelikde ýazgy edýändigini, bular arkaly häkimiýetler tarapyndan “ygtybarsyz raýat” hasaplanýanlaryň gözlenýändigini aýdýar.
“Şübhe astyna düşen raýatlar gije-gündiz yzarlanyp, aňtaw işleri alnyp barylýar. Şübheli hasaplanýan raýatlaryň we hojalyklaryň öý we mobil telefonlary diňlenýär” diýip, çeşmämiz belledi.
Onuň tassyklamagyna görä, şübhe astyna düşen raýatlar özleriniň yzarlanýandygyny gelýän we gidýän jaňlarda gürrüňleriň ýaňlanyp eşidilmeginden aňyp bilýärler.
“Bihabar raýatlar ikiçäk gürrüňdeşlikde öz gürrüňleriniň özlerine ýaňlanyp eşidilýändigini duýýarlar” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Bu işlere esasan MHM-e degişli saglyk merkezleriniň saglyk barlagyndan geçip, işe kabul edilen ýaş işgärler çekilýär. Çeşmämiz ýaňy instituty ýa-da uniwersiteti tamamlan bu işgärleriň ilkinji işiniň raýatlary yzarlamakdan başlaýandygyny belleýär.
“Olar şeýdip hünärini taplaýarlar we hünär derejesini artdyrýarlar. Işe täze kabul edilen işgär yzarlanýan barada näçe köp maglumat topladygyça, bu, onuň gelejekde şonça ösmegine we ýyldyzynyň artmagyna täsir edýär” diýip, çeşmämiz belledi.
Azatlyk Aşgabat bilen Arkadagyň arasyndaky jemgyýetçilik awtobuslarynda wideo kameralaryň oturdylmagy, şeýle-de ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada şäher häkimliklerinden we Milli howpsuzlyk ministrliginden teswir alyp bilmedi.
Ýöne bu maglumatlar, türkmen häkimiýetleriniň raýatlara gözegçiligi güýçlendirip, özleri tarapyndan “ygtybarsyz raýat” hasaplanýan adamlary gözlemek çärelerini artdyran mahalyna gabat gelýär.
Habarçylarymyz bu kategoriýa esasan garaşsyz neşirler bilen hyzmatdaşlyk edýän, Azatlyga maglumat syzdyrýan, Internetde ýurt barada tankydy maglumatlary çap edýän, şeýle-de özara söhbetdeşlikde ýa-da köpçülik ýerlerinde hökümet we prezident barada kemsidiji sözleri aýdýan, ýa-da özge pikirli raýatlaryň girýändigini aýdýarlar.
Olar bu raýatlaryň basyşlara sezewar edilýändigini, ýöne olaryň soňky ykbalyny bilmeýändiklerini hem belleýärler.
Maýyň ilkinji günlerinde MHM-däki bir çeşmämiz dükanlara ozal oturdylan wideo kameralaryň ýeterlik hasaplanmaýandygyny we, ýokardan görkezme esasynda, wideo şekillerini ses ýazgylary bilen bilelikde ýazgy edýän wideo kameralaryň dükanlaryň kassalarynyň gapdalynda oturdylýandygyny gürrüň berdi.
Häkimiýetleriň bu çäreleri, soňky aýlarda türkmen halkynyň Internetde we özara duşuşyklarda açyk pikir alyşmalarynyň has işjeňleşýändigi, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatçylygynyň arasynda, hökümete we prezidente nägilelik bildirýänleriň köpelýändigi baradaky maglumatlaryň ýygjamlaşan wagtyna gabat gelýär.
Türkmenistanda hökümet ýurtdaky ykdysady kynçylyklary we munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryny görmezlige salýar we raýatlara nägilelik bildirmez ýaly basyş edip gelýär, pikirini beýan edýänleri yzarlaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum