Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran aýal-gyzlary aldap zorlan üç adamy asyp öldürdi


Eýran 4-nji iýulda aýal-gyzlary aldap, galp kosmetiki hirurgiýa klinikasyna getirmekde we anestezik dermanlary sanjym etmek arkaly zorlamakda günäli tapylan üç adamy jezalandyryp öldürdi.

Kazyýetiň Mizan Online web sahypasynyň habaryna görä, olar 2021-nji ýylyň aýagynda günortadaky Hormozgan welaýatynda edilen 12 sany jynsy zorluk dildüwşüginde günäli tapyldy.

"Ygtyýar berilmedik gözellik salonynda birnäçe zenany zorlan üç adam şu gün irden Bandar Abbas türmesinde asyldy" diýip, metbugat habarynda Hormozganyň baş kazysy Mojtaba Gahramaniniň aýdan sözleri getirildi.

Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasynyň maglumatyna görä, Eýran adamlary jezalandyryp öldürmekde Hytaýdan beýleki ýurtlaryň ählisinden öňe saýlanýar we geçen ýyl azyndan 582 adamy asyp öldürdi. Bu 2015-nji ýyldan bäri iň uly görkeziji hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG