ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Kreml lideri Wladimir Putin bilen “örän basym” duşuşyp biljekdigini aýtmak bilen, Ukrainanyň Wolodymyr Zelenskisiniň rus urşuny soňlamak üçin geçiriljek islendik parahatçylyk gepleşgine “gatnaşjakdygyny” nygtady.
Tramp 16-njy fewralda žurnalistler üçin eden aýratyn çykyşynda, diplomatiki işjeňlikleriň geriminiň Ýakyn Gündogardan Pariže we Florida ştatynyň Daýtona şäherindäki NASCAR awtodromyna çenli uzamagy bilen, başga anyk jikme-jiklikleri aýtmady.
"Wagty kesgitlenmedi, ýöne bu gaty gysga wagtda bolup biler" diýip, Tramp žurnalistlere Howa güýçleriniň birinji uçarynyň bortunda, Putin bilen mümkin Saud Arabystanynda bolar öýdülýän duşuşyk barada soralanda aýtdy.
"Meniň pikirimçe, ol urşy bes etmek isleýär we olar ony çaltrak soňlamak isleýärler. Olaryň ikisi hem" diýip, ol aýtdy. "Zelenski hem muny soňlamak isleýär."
Metbugat habarlaryna görä, ABŞ bilen Russiýanyň Ukraina baradaky gepleşikleri 18-nji fewralda, Saud Arabystanynda geçiriler.
“Bloomberg”, ady aýdylmadyk resmilere salgylanyp, 16-njy fewralda Trampyň atyşygyň bes edilmegini şu ýyl 20-nji aprele düşýän Pasha baýramçylygyna gabat üpjün etmek isleýändigini habar berdi.
Bu habar ABŞ-nyň esasy ýolbaşçylarynyň golaýda döwlet sekretary Marko Rubionyň ýolbaşçylygynda Saud Arabystanynda Russiýa bilen gepleşik geçirmäge taýýarlyk görýän wagtyna gabat geldi.
Bu gepleşiklere Ýakyn Gündogar boýunça gepleşikçi Stiw Witkoff we milli howpsuzlyk boýunça geňeşçi Maýk Waltz hem gatnaşar diýip, Ak tam aýtdy.
"Biz hakykatdanam gowy öňegidişlik gazanarys diýip umyt edýäris" diýip, Witkoff "Fox News" bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Tramp žurnalistlere öz toparynyň rus resmileri bilen "uzak we kyn" gepleşik geçirendigini, Witkoffyň Putin bilen ýakynda üç sagatlap gürleşendigini aýtdy.
15-nji fewralda, Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasyndan soň Ysraýyla gelen Rubio CBS bilen söhbetdeşlikde, gelýän birnäçe günde Putiniň Ukrainada parahatçylyk gazanylmagyna çynlakaý garaýandygy ýa-da däldigi kesgitlener diýdi.
Trampyň Ukraina we Russiýa boýunça ýörite wekili Kit Kellogyň ABŞ-nyň araçylyk etmeginde Russiýanyň Ukraina garşy urşuny soňlamak baradaky gepleşiklerinde Ýewropanyň gepleşik "stolunyň başynda" bolmajakdygy barada aýdan sözleri bir topar alada sebäp boldy.
Bu sözler ÝB-de we Kiýewde özleriniň mümkin bolan ylalaşyk baradaky kararlardan gyrada galdyrylmak gorkusyny ýokarlandyrdy.
Emma muňa garamazdan, Kellog gepleşik "stolunyň başynda" bolmasa-da, Ýewropanyň karara gelmek prosesinden gyrada galmajakdygyny we Ukrainanyň gepleşiklerde orun aljakdygyny aýtdy. Ýöne Kiýew özüniň Saud Arabystanynda geçjek gepleşiklere çagyrylmandygyny aýtdy.
Zelenski 16-njy fewralda Ýakyn Gündogara bardy, ýöne Kiýew onuň Birleşen Arap Emirliklerine, Saud Arabystanyna we Türkiýä saparynyň ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendigini, amerikan ýa-da rus resmileri bilen duşuşmak meýilnamasynyň ýokdugyny aýtdy.
Zelenskiniň uly geňeşçisi Mihaýlo Podolýak "Saud Arabystanynda geçirilýän gepleşiklerde Ukraina wekilçilik etjek gepleşikçiler ýok" diýdi.
"Şu günki günde bu ýerde gepleşik stolunda ara alyp maslahatlaşar ýaly hiç zat ýok. Russiýa gepleşiklere taýyn däl" diýip, ol ukrain telewideniýesine aýtdy.
Zelenski biraz öň strategiýa işläp düzmek üçin ýaranlar, şol sanda ýewropa liderleri bilen duşuşmazdan, hiç bir gepleşige gatnaşmajakdygyny aýtdy.
"Men ABŞ bilen Russiýanyň arasynda Ukraina babatynda kabul edilen islendik karary hiç haçan kabul etmerin, hiç wagt" diýip, Zelenski Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynyň çäginde NBC-niň Kristen Welkeri bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Şu aralykda, 4600 km çemesi uzaklykda, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 17-nji fewralda Ýewropa liderlerini Ukraina urşy boýunça adatdan daşary sammite toplaýar.
Forum