Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzly şalyçylar suw arzlarynyň diňlenmeýändigini aýdýarlar


Şaly meýdany
Şaly meýdany

"Bu 'döwletiňki bitsin, raýatyňky ýitsin' diýildigi bolýar" diýip, ýerli hünärmen aýtdy. Döwlet tabşyrygy esasynda şaly eken hojalyklaryň suw zerurlyklarynyň ýönekeý adamlaryňkydan ileri tutulmagy daşoguzly daýhanlaryň nägileligini güýçlendirýär, häkimlik olara ilkinji orunda döwlet meýilnamasynyň durýandygyny aýdypdyr. Bu ýurtdan daýhanlaryň ala tutulyşy barada gelen ilkinji habar däl. Nobatdaky suw habary bolsa, türkmen we özbek topraklarynda ýerleşýän Sarygamyş kölüniň suwunyň çekilýändigi baradaky maglumatyň çykan wagtyna gabat geldi.

Sebitdäki şaly meýdanlarynyň ählisi, resmi habara görä, S. Türkmenbaşy adyndaky etrapda ýerleşýär, bu ýerde şalydan ýokary hasyl almak üçin zerur şertleriň ählisi döredilen diýip, TDH habar berýär. Mundan öňki ýyllarda bu etrapda 8 müň gektardan gowrak ýere şaly ekilip, 35-40 müň tonna şaly alynýandygy habar berlipdi. Ýöne bu şertleri ýerinde öwrenen habarçy etrabyň esasy iki daýhan birleşiginiň ýiti suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny, Hanýap kanalyndan birnäçe etrabyň üstünden geçip gelýän suwuň örän azdygyny aýdýar.

Habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Saparmyrat Nyýazow we 27-nji Oktýabr daýhan birleşikleriniň şaly meýdanlaryndan alynmaly hasyla ‘howp abanýar’.

Suw ýetmezçiligi, öňki ýyllarda hem bolşy ýaly, ýönekeý adamlaryň ekinleriniň, şol sanda mellek ýerleriniň hem suwdan kesilmegine alyp gelýär.

“Etrap häkimligi beýleki daýhan birleşikleriniň we daýhanlaryň ekinlerini suwdan kesýär. Adamlaryň gapydaky mellek ýerlerine eken gawun-garpyz, ak jöwen, mekgejöwen, pomidor ýaly ekinlerine hem suw berilmeýär. Köp adamyň mellegindäki 5-10 sotuk ýerine eken şaly ekinlerini hem traktor alyp baryp, sökdürýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Aýböwür, Goşahowly, Peşanaly depe, Aşyr Kakabaýew, Şamahy, Täze durmuş daýhan birleşiklerinde ýaşaýjylaryň hususy mellek ýerlerine barýan suw kesildi, şaly eken hojalyklary anyklap, ekinlerini sökdürmek, jerime salmak kampaniýasy başlandy diýip, bu maglumaty aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe adam tassyklady. Olar bu kampaniýanyň häkimiň beren buýrugyndan soň başlanandygyny aýtdylar.

Goşahowlyda we Aýböwürde ýaşaýan we biri-birinden habarsyz iki çeşmäniň tassyklamagyna görä, obalardaky melleklerinde şaly eken adamlaryň sanawyny düzdürmek üçin ýerli arçynlyklarda “MHM agentleri” diýip bilinýän adamlary ulanýarlar.

“Mesele adamlaryň mellek ýerlerinde şaly ýa başga bir ekin ekmeginde däl, mesele suw ýetmezçiliginde. Bu mesele mydama diýen ýaly bolýar. Emma häkimiýetler S.Nýazow we 27-nji Oktýabr daýhan birleşiklerinde döwlet tabşyrygy esasynda ekilen şaly ekinleriniň suw ýetmezçiligini raýatlaryň hasabyna çözjek bolýarlar” diýip, ýerli hünärmen aýtdy.

Bu etrap Hanýap kanalyndan suw içýär. Ýöne bu kanalyň suwy köp däl diýip, sebitdäki habarçymyz aýtdy.

Hanýap kanaly Boldumsaz, Köneürgenç, kanaldan bölünip çykýan Was kanaly arkaly, Akdepe etraplarynyň üstünden geçip, iň soňunda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna gelýär. Şu hili ýagdaýda suw gelýän etrabyň daýhan hojalyklarynyň şalyçylyk üçin ýöriteleşdirilmegi oýlanyşyksyz diýip, ýerli hünärmenleriň biri ýatdy.

Ýöne bu ýerde, adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmeniň pikiriçe, suw ýetmezliginiň gapdalynda garyndaşparazlyk we ýokarda arka tutunmak meselesi hem bar.

“Saparmyrat Nyýazow we 27-nji Oktýabr daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary ozal häkimiýetde uly wezipelerde işlän garyndaşyny arka tutunýar. Bu arka obadaky şaly kärhanasynyň ýolbaşçysyna hem degişli” diýip, ýerli hünärmen aýtdy.

Azatlyk garyndaşparazlyk barada aýdylýanlary ýerinde barlap, başga çeşmeler arkaly tassyklap bilmeýändigi üçin adam atlaryny aýtmaýar.

Azatlyk arkaly Aşgabatdaky häkimiýetlere seslerini eşitdirmek isleýän daýhanlar ýerli häkimiýetlere arz, şikaýat edip, gödek jogap alandyklaryny aýdýarlar.

"Häkim birinji nobatda döwlet planyny esasynda şaly ekilen ýerleri suwarmaly, nirä arz etseňizem, kanaldan ýapdan akýan suw diňe hökümete degşli diýdi. Daýhanlaryň suw sorujy enjamlarynam ellerinden alyp, döwlet haýryna geçirýär" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan kärendeçiler nundan öň döwletiň şaly ekýän adamlary ala tutmagynyň ozaly döwletiň özi üçin zyýan bolýandygyny aýdypdylar.

Türkmen häkimiýetleri daýhanlaryň suw ýetmezçiligi zerarly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, çekýän zyýanlary barada hiç bir düşündiriş bermeýär.

Türkmen daýhanlarynyň suw, dökün, tehnika meseleleri ýylyň-ýylyna gaýtalanýar. Ýöne daýhanlar käte öz haklaryny talap edip, meseläniň oňyn çözülmegini hem gazanýarlar. Mysal üçin, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy geçen ýylyň noýabrynda Halaçda şaly eken kärendeçileriň etrap häkimligine arz edip, gijikdirilen kombaýn meselesini çözendigini habar berdi.

Soňky suw ýetmezçiligi habary zeý suwlarynyň hasabyna dolýan Sarygamyş kölüniň suwunyň göwrüminiň kiçelýändigi barada çykan maglumata gabat geldi. Meteožurnalyň habaryna görä, hünärmenler 2018-nji ýylyň iýulynda düşürilen suratlar bilen şu ýylyň iýulynda düşürilen suratlary deňeşdirip, kölüň meýdanynyň 4 göterim kiçelendigini aýtdylar. Olar bu ýagdaýy 2021-2023-nji ýyllaryň güýçli gurakçylygy bilen düşündirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG