Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz: Üç ýyl ozal ýumrulan mekdebiň deregine täzesi gurulmaýar


Illýustrasiýa.
Illýustrasiýa.

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň merkezindäki 1-nji orta mekdebiň ýumrulanyna indi üç ýyldan gowrak wagt geçse-de, onuň deregine henizem täze okuw binasy gurulmaýar.

Azatlyk Radiosynyň bu şäherdäki çeşmeleriniň aýtmagyna görä, 750 okuwça niýetlenen bu mekdebiň binasynyň könelendigi we onuň deregine 1000 okuwçy okatmaga mümkinçilik döretjek täze mekdebiň guruljakdygy aýdylyp, ol 2013-nji ýylda weýran edildi.

Aradan ep-esli wagtyň geçendigine garamazdan, bu mekdebiň binasynyň gurluşygynyň näme sebäpden henizem tamamlanmaýandygy barada resmiler tarapyndan köneürgençlilere anyk maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär.

Emma käbir mugallymlaryň we gurluşyk firmalaryň işgärleriniň aýtmagyna görä, mekdebiň gurluşygynyň bökdemegine “ýokary derejeli etrap resmileriniň arasyndaky düşünişmezlik” sebäp bolýar.

“Para-peşgeş”

“Käbir ýokary derejeli resmiler firmamyzyň başlygyndan mekdebiň gurluşygy üçin niýetlenen maliýe serişdesiniň 5%-ni para hökmünde talap edipdirler. Olar muny ret edensoň, ýaňy başlanan gurluşygy togtatmaly bolduk” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran gurluşyk firmanyň işgäri aýtdy.

Häzirki wagtda bu mekdebiň ýerinde döwlet dükanlarynyň ammarlary ýerleşýär. Mekdebiň okuwçylary we mugallymlary bolsa, Köneürgenjiň 2-nji, 3-nji we 10-njy mekdeplerine paýlandy.

Bu mekdepler öňki mekdepden 2,5 we 5 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Munuň bolsa, awtobuslaryň hemişe diýen ýaly öz wagtynda gatnamaýan şäherde okuwçylara we olaryň ene-atalaryna, şeýle-de, mugallymlara dürli kynçylyklary döredýändigi aýdylýar.

Köneürgenjiň ýaşaýjysy, iki çaganyň ejesi Bägül mundan üç ýyl ozal 1-nji mekdepde okan gyzy Maýsanyň häzir 10-njy mekdebe gatnaýandygyny aýdyp, “mekdebiň ýumrulmagy bilen ähli durmuşymyz üýtgedi” diýdi.

“Aýlygymyň dörtden bir bölegini sarp edýärin”

“Mekdep ýumrulansoň, gyzym öýden birnäçe kilometr uzaklykdaky mekdebe ýerleşdirildi. Pyýada gitsin diýerden uzakda. Şäherde awtobusam wagtynda gatnamaýar. Alaçsyz, her aý ýörite taksi tutup, çagamy mekdebe gatnadýaryn. Her aý 200 manat töleýärin. Bu meniň aýlygymyň dörtden bir bölegi” diýip, 29 ýaşyndaky Bägül aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, taksini dört okuwçy ýa-da mugallym bilelikde tutýar. Eger çagaň ýanyna başga okuwçy ýa-da mugallym tapylmasa, onda taksi üçin ýol kireýiň mundan gymmat bolýar diýip, Bägül belleýär.

Käbir köneürgençlileriň aýtmagyna görä, okuwçylaryň azyndan 70%-niň ene-atasynyň çagalaryny okuwa gatnatmagy üçin, ýörite taksi tutmaga ýagdaýy ýok. Şol sebäpli ýüzlerçe okuwçy gyşyň doňduryjy aýazynda mekdebe pyýada gatnaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Türkmenistanda, hususan-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýetmezçilik edýändigi barada wagtal-wagtal maglumatlar gelip gowuşýar. Şol sebäpli ýaşaýjylaryň öz çagalaryny ýörite taksi tutup, uzakdaky çagalar baglaryna we mekdeplere gatnadýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG