Aşgabatdaky döwlet täjirçilik banklarynda her aýda kredit karzlarynyň göterimini yzygiderli geçirýän raýatlara käbir aýlaryň tölegleriniň geçirilmändiginiň aýdylmagy bilen bagly wakalar ýüze çykýar.
Munuň bilen bir wagtda, kredit karzlarynyň göteriminiň geçirilendigi baradaky kwitansiýalarda resmi ýazgylaryň öz-özünden öçüp galmagy bilen ýagdaýlar köpelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji noýabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Men ýakynda bankdan alan pul karzymyň noýabr aýy üçin göterimini tölemäge bardym. Şonda bankyň girdeji kassasyndaky hasapçy zenan işgär maňa awgust aýynyň töleginiň geçirilmändigini duýdurdy” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
“Türkmenistan”, “Halkbank” we beýleki täjirçilik banklarynda müşderilerden pul karzlarynyň göterimini her aýda girdeji kassalaryna nagt tölemek talap edilýär.
Ýaşaýjy bank işgärine kredit karzynyň göterimini her aýda yzygiderli töläp gelýändigini we özünde tölegleri geçirendigi barada kwitansiýalaryň bardygyny aýdypdyr.
“Bank işgäri subutnama hökmünde kwitansiýalary öýden getirmegi sorady. Ol maňa ‘tölän bolsaňyz kompýuterde görnerdi’ hem diýdi. Men öýe baryp, şu ýylyň başyndan bäri her aýda töläp gelýän kwitansiýalarymy elime alanymda, olardan üç sanysynyň, şol sanda awgust aýyndakynyň ak kagyz bolup galandygyny, ýagny olardaky ýazgylaryň tas ählisiniň öçendigini gördüm” diýip, ýaşaýjy belledi.
Onuň tassyklamagyna görä, işgär kwitansiýalaryň käbirinde hiç hili ýazgy görünmeýändigi sebäpli “elinden geljek kömeginiň ýokdugyny” aýdypdyr.
“Awgustyň tölegini ikinji gezek geçirmeli boldum. Ýöne işgär näme sebäpden sentýabr, oktýabr aýlarynda geçiren töleglerim görünýär-de, awgustyňky görünmeýär diýen soragyma jogap berip bilmedi” diýip, ýaşaýjy belledi.
Habarçymyz şuňa meňzeş ýagdaýa soňky hepdelerde ençeme paýtagtlynyň duçar bolandygyny we bularyň paýtagtdaky dürli-dürli täjirçilik banklarynda ýüze çykandygyny aýdýar.
“Müşderi subutnama hökmünde kwitansiýasyny görkezip bilse, bank işgärleri tölegiň geçirilendigi baradaky maglumatlary kompýutere geçirýärler. Eger müşderiniň kwitansiýasyndaky ýazgylar öçen bolsa, onda olar şol aý ýa-da aýlar üçin gaýtadan töleg geçirmäge mejbur bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy belledi.
Onuň tassyklamagyna görä, banklarda bu raýatlaryň kwitansiýalardaky ýazgylar ýene öçen halatynda näme etmelidikleri baradaky soraglaryna anyk jogap berilmeýär.
“Köp müşderi biri-birine, geljekde tölegi geçirendigini subut edip biler ýaly, kwitansiýalary surata düşürip goýmagy maslahat berýär. Sebäbi kwitansiýalar berlen wagtynda hem, olardaky ýazgylar gaty öçügsi, soluk ýazylan bolýar. Bir ýa-da birnäçe aýdan soňra galan ýazgylar hem ýok bolýar. Bu, bilkastlaýyn bolsa-da biljek däl. Gümürtik ýagdaý” diýip, ýaşaýjy sözüni jemledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli banklaryndan, şol sanda ýurduň Merkezi bankyndan teswir alyp bilmedi.
Bellesek bu, Türkmenistanda bank tölegleriniň geçirilmeginiň ýa-da kredit karzlarynyň töweregindäki “gümürtik” ýagdaýlar barada soňky aýlarda gelip gowşan ikinji maglumatdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum