Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanyň býujet işgärleriniň biometriki pasportlary ellerinden alynýar


Türkmenistanyň pasportyny tutup duran raýat. (Arhiw suraty)
Türkmenistanyň pasportyny tutup duran raýat. (Arhiw suraty)

Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden daşary ýurtlara syýahat etmek üçin biometriki pasporty bar bolan ýagdaýynda dokumenti tabşyrmak, bolmasa pasportynyň ýokdugyny subut etmek talap edilýär. Balkan welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynda geçirilýän bu mejbury çäräniň ýerine ýetirilişi barada ýerli habarçymyz maglumat berýär.

"Balkanyň bilim, saglyk, medeniýet, transport aragatnaşyk we jemagat edaralarynyň işgärleriniň ählisi zagran pasportlaryny meýletin tabşyrmaga mejbur edilýär. Pasporty entek edinmedikler migrasiýa gullugundan zagran pasporty ýok diýen kepilnama alyp öz iş ýerlerine tabşyrmaly edilýär" diýip, Azatlygyň Balkandaky habarçysy aýdýar.

Ýerli döwlet edaralarynyň tas ählisinde 9-njy sentýabrda mälim edilen bu talabyň günbatar welaýatyň häkimliginden gelendigini, hiç bir düşündiriş berilmezden dilden edilen bu tabşyrygyň gyşarnyksyz amal edilmelidigini ýerli çeşmeler aýdýar.

"Ýerli býujet işgärlerine ýolbaşçylar sebäpleri düşündirmän 'ýa zagran pasportlaryňyzy tabşyryň, ýa-da işe gelip oturmaň' diýdiler. Hatda saglyk öýleriniň ýolbaşçylary we mekdep direktorlary hem özleriniň zagran pasportlaryny tabşyrýarlar" diýip, türkmenbaşyly býujet işgäri gürrüň berýär.

Tabşyryk şol gün gyssagly ýagdaýda dessine ýerine ýetirilipdir.

"Türkmenbaşynyň saglyk işgärleri we bilim işgärleri Türkmenbaşy şäher migrasiýa şahamçasyna düýn öýlän zagran pasportlaryny yzyna tabşyrdylar. Migrasiýanyň ýerli şahamçasy giç sagat 22:30-a çenli býujet işgärlerinden pasportlary kabul edip aldy" diýip, ýerli çemeleriň ýene biri 10-njy sentýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýagdaýdan habarly çeşmäniň sözlerine görä, migrasiýa gullugyna şu hepdäniň dowamynda býujet edaralarynyň ähli işgärlerinden biometriki pasportlary doly kabul etmek tabşyrylypdyr. Ýerli migrasiýa işgärleri bu barada soň Aşgabatdaky merkezi edara hasabat bermeli edilipdir.

Daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidýän türkmen raýatlarynyň sanynyň artýan döwrüne gabat gelen bu talabyň sebäplerini resmi taýdan anyklap bolmady. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatynyň häkimliginden we migrasiýa gullugynyň wekillerinden resmi görnüşde düşündiriş almak synanyşygy oňyn netije bermedi.

Soňky döwürde gazanjyň gözleginde ýa-da hemişelik esasdan ýurdy terk edýänleriň arasynda býujet edaralarynda işleýän adamlaryň sany göz-görtele köpeldi.

Üstesine, media serişdelerinde we sosial ulgamlarda Orsýetiň Ukraina garşy alyp barýan urşuna gatnaşýan türkmenistanlylar, şol sanda söweşe gatnaşandygy üçin rus raýatlygyny alan türkmen raýatlary barada maglumatlar köpeldi.

Şeýle habarlaryň fonunda Türkmenistanda biometriki pasportlary tabşyrmak talaby ýokary okuw jaýlarynyň studentlerinden hem edildi.

Awgustyň aýagynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna (TDMI) we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine (TDLU) täze kabul edilen studentleriň daşary ýurt pasportlary ýygnalyp alyndy. Bu barada Lebap welaýatynyň bu ýokary okuw jaýlarynyň birnäçe studenti we mugallymlary anonimlik şertinde Azatlyk Radiosyna maglumat beripdi.

Ýurtdaky resmi taýdan boýun alynmaýan işsizlik, korrupsiýa, ykdysady we maliýe kesgitsizlik, ilatyň dürli gatlaklarynyň oba hojalygynda mugt iş güýji hökmünde ulanylmagy, býujet işgärleriniň zähmet haklarynyň esli böleginiň dürli maksatlar üçin yzygiderli tutulmagy köpçüligiň kadaly durmuş şertleriniň gözleginde ýurduň daşyna çykmak isleglerini artdyrýar.

Gazanjyň gözleginde ýurdy terk edýänleriň arasynda diňe işsizler däl, eýsem býujet edaralarynda işleýänler köpelýär. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri, harbylar, medisina işgärleri we mugallymlar işini taşlap daşary ýurtlara gidýärler. Bu ýagdaý saglyk edaralarynda lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň, mekdeplerde bolsa mugallymlaryň ýetmezçiligini döretdi.

Indi kynlyk bilen edinen biometriki pasportlarynyň ellerinden alynmagy býujet işgärlerinde nägilelik döredýär.

"Döwlet halky izolýasiýada saklap daşary ýurtlara gitjekleriň öňüni aljak bolýar. Halkyň köpçülikleýin ýurdy terk etmeginiň öňüni aljak bolsalar aýlyklar we walýutanyň kursyna gaýtadan seretmeli. Türkmen hökümeti öz emelsiz dolandyryş günäsini boýun almagyň deregine halkyň hereket azatlygyny çäklendirip, halky mejbury ýurtda saklap galmakçy bolýar" diýip, balkanly býujet işgäri nägile bolýar.

Býujet işgärleriniň daşary ýurtlara syýahat etmek mümkinçiligini çäklendirýän tabşyryklar öňem edilipdi. 2021-nji ýylyň tomsunda býujet işgärleriniň biometriki pasportlary elinden alynyp, biometriki pasportlarynyň möhletini uzaltmak gadagan edilipdi.

Türkmen hökümeti migrasiýanyň akymyny görkezýän resmi sanlary çap etmeýän hem bolsa, daşary ýurt pasportyny almak isleýänleriň nobatlarynyň iki ýyla uzaga çekmegi, ýurduň daşyna çykmaga synanyşýan ýolagçylaryň akymy migrasiýanyň meşhurlygyny görkezýär. Problemany resmi derejede agzamaýan häkimiýetler adamlary ýurduň daşyna goýbermezlik üçin alyp barýan çäreleri bilen ýagdaýdan aladalanýandygyny gytaklaýyn boýun alýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG