Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Bitaraplyk güni mynasybetli 302 bendiniň günäsi geçildi


Nobatdaky günä geçişlikde syýasy matlaplar bilen tussag edilen bardygy ýa-da ýokdugy aýdylmaýar.
Nobatdaky günä geçişlikde syýasy matlaplar bilen tussag edilen bardygy ýa-da ýokdugy aýdylmaýar.

Türkmenistanda, 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk baýramy mynasybetli, iş kesilen 302 raýatyň, şol sanda daşary ýurtly 6 raýatyň günäsi geçildi. Bu barada 11-nji dekabrda geçirilen Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mälim edildi.

Hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, ýakyn wagtda öz öýlerine barar ýaly, zerur işleri geçirmek bilen borçlandyryldy.

Ýerli häkimiýetlere tussaglykdan boşadylýan raýatlary iş bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanda iri baýramçylyklaryň we möhüm seneleriň öňüsyrasynda, türkmen kazyýeti tarapyndan iş kesilen adamlaryň ýüzlerçesi tussaglykdan boşadylýar.

Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri adamlary gorkuda saklamakda türmelerden peýdalanýarlar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini adam hukuklaryny yzygiderli depelemekde we özge pikirli adamlary yzarlamakda aýyplaýarlar.

Şeýle-de, ynsan hukuklarynyň ýagdaýy boýunça halkara hasabatlarda Türkmenistandaky zorlukly ýitirim etmeler, polisiýa we türme resmileri tarapyndan gynamalar ýa-da rehimsiz we adamkärçiliksiz çemeleşmeler, agyr we adam ömrüne howp salýan türme şertleri, syýasy tussaglar, kazyýetiň garaşsyzlygy bilen bagly bar bolan problemalar babatynda alada beýan edilýär.

Nobatdaky günä geçişlikde syýasy matlaplar bilen tussag edilen bardygy ýa-da ýokdugy aýdylmaýar.

Maglumat üçin aýdylsa, türkmen häkimiýetleri türmeden boşan raýatlary berk gözegçilikde saklaýar. Günäsi geçilýän raýatlary iş bilen üpjün etmek ýerli häkimiýetlere tabşyrylýar, ýöne Azatlygyň habarçylary öňki tussaglaryň güýç edaralary tarapyndan “gara donly” häsiýetlendirilip, dürli mümkinçiliklerden mahrum edilýändiklerini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG