Balkan welaýatynda edara-kärhanalaryň işgärlerinden ýüpek gurçuklaryny satyn almak we olary idetmek işleri üçin pul ýygnalýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy aprelde sebitden maglumat berdi.
“Balkanda 15-nji aprelde ýüpek gurçuklaryny ideg etmek işlerine badalga berilýär. Munuň öň ýanynda, Bereket, Gyzylarbat we Magtymguly etraplarynda býujet işgärlerinden pul ýygnalyp başlandy. Edara ýolbaşçylary puluň ýüpek gurçuklaryny satyn almaga we olara ideg etmäge harçlanjakdygyny aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly býujet işgäri anonim şertde gürrüň berdi.
Býujet işgärlerinden ýygnalýan puluň möçberi, edara-kärhanalardaky işgärleriň sanyna görä, 50-100 manat aralygynda üýtgeýär.
Mejbury-meýletin pul goşandyna garşy çykýan işgärler işden kowulmak haýbatlaryna sezewar edilýärler. Giň ýaýran işsizligiň arasynda, işden çykarylmakdan gorkýan işgärler talaba razy bolýarlar diýip, býujet işgäri belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän resmilerden teswir alyp bilmedi.
Ýöne bu waka, türkmen häkimiýetleriniň sebitde pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak işleriniň ýerine ýetirilýändigini yglan eden mahalyna gabat geldi.
Ministrler kabinetiniň 8-nji aprelde geçirilen iş maslahatynda Balkanyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradow prezident Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça işleriň ýerine ýetirilýändigini hem aýtdy.
Ýöne adatça bolşy ýaly, habarda ýüpek gurçugynyň tohumynyň nireden, näçe möçberde satyn alynýandygy we nädip maliýeleşdirilýändigi barada hiç hili maglumat berilmedi.
Bu aralykda, balkanly daýhanlaryň ençemesi häzir döwlet bilen pileçi-kärendeçileriň we býujet işgärleriniň arasynda pile öndürmek boýunça şertnamalaryň baglaşylyp başlanandygyny hem aýdýar.
“Muňa laýyklykda, häzir Hytaýdan pile tohumlary satyn alynýar. Olaryň bahasy, pile tohumynyň hiline görä, 16-24,5 manat aralygynda üýtgeýär” diýip, balkanly daýhan anonim şertde gürrüň berdi.
Türkmenistanyň hökümeti dokma senagaty üçin zerur bolan çig mal serişdeleriniň önümçiliginde, şol sanda ýüpek gurçuklaryny idetmek işlerinde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.
Häkimiýetler bu işlere pileçi daýhanlar bilen birlikde, býujet işgärlerini, geçen ýyldan başlap bolsa, ýurduň türmelerinden boşadylan öňki tussaglary köpçülikleýin çekýärler. Şeýle-de, býujet işgärleri ýüpek gurçuklaryny satyn almak üçin pul bermäge mejbur edilýärler.
Munuň bilen bir wagtda, soňky ýyllarda býujet işgärleri we ýüpekçi daýhanlar ýüpek gurçuklaryny idetmek üçin zerur bolan tut agaçlarynyň ýetmezçiliginden yzygiderli şikaýat edýärler.
Türkmen hökümeti şu ýyl Türkmenistan boýunça öndürilmegi göz öňünde tutulýan pile hasylynyň mukdaryny heniz yglan etmedi. Geçen ýyl onuň möçberi 2 müň 300 tonna diýlip kesgitlenipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum