Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýüpek gurçugynyň ideg işleri býujet işgärleriniň gerdenine ýüklenýär


Ýüpek gurçuklary tut agajynyň ýapragy bilen iýmitlenýär.
Ýüpek gurçuklary tut agajynyň ýapragy bilen iýmitlenýär.

Şu günler Türkmenistanda ýüpek gurçugyna ideg etmek işlerine badalga berilýär. Ýurduň sebitlerinde pile öndürijilere ýüpek gurçuklary paýlanyp berilýär. Käbir pileçi daýhanlar ýüpekçiligiň düşewüntsizdigini aýdyp, gurçuk ýetişdirmekden boýun gaçyrýar. Häkimiýetler edara-kärhanalara paýlanyp berilýän ýüpek gurçuklaryny býujet işgärleriniň gerdenine ýükleýär. Şol bir wagtda, ilatyň dürli gatlaklarynyň wekilleri pile möwsümine mejbury çekilýär.

Ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde, häkimiýetleriň talaplaryna laýyklykda, her bir býujet işgäriniň paýyna 2 gram ýüpek gurçugy düşýär. Ideg işlerinden ýüz öwürýän işgärler gurçugyň her bir gramy üçin 150 manat möçberinde öz işleýän edarasyna pul geçirmeli edilýär.

“Edara-kärhanalara belli möçberlerde ýüpek gurçuklary paýlanyp berilýär. Ýolbaşçylar şol gurçuklary işgärleriň arasynda paýlamaly edilýärler. Her işgäre azyndan iki gram ýüpek gurçugy düşýär” diýip, maryly bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ideg işlerine isleg bildirmeýän işgärlerden pile möwsümi mynasybetli mejbury pul toplanýar. Ýöne işgärler bu pullary özleriniň “meýletin” töleýändiklerini ýazmaça beýan etmeli. Ýazmaça beýanatyň mazmunynda her bir işgär “döwlet syýasatyna höwes bilen, işjeň gatnaşýandygyny” çürt-kesik mälim etmeli. Resmiler ýüpek gurçugyny ýetişdirmek işini, hamala, adamlaryň raýatlyk borjy ýaly düşündirmäge synanyşýar.

“Hatyň mazmunynda her bir işgär döwletiň syýasy işlerine özleriniň höwes bilen aktiw gatnaşmak isleýändigini aýtmaly” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Gurçuklara garşy çykýan işgärler işden kowulmak haýbatlaryna sezewar edilýärler.

Giň ýaýran işsizligiň arasynda, býujetçiler talaplara kaýyl bolýarlar diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýar.

Bu aralykda, Mary welaýatynda Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan birnäçe pileçi kärendeçi ýüpekçilik işiniň düşewüntsizdigini aýdýarlar.

“Pileçi daýhanlar ýüpek gurçugyna ideg etmek işlerinden ýüz öwürýärler. Ýetişdirilen piläniň döwlet satyn alyş nyrhy ujypsyz. Bir kilogram pile 25 manat. Piläniň bahasy bir kilogram soganyň bahasy bilen deňeçer” diýip, bir oba hojalyk hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Daýhançylyk bilen meşgullanýan hojalyklar pile önümçiliginiň zähmet we üpjünçilik talap edýändigini aýdýarlar. Ýüpek gurçuklary ýapyk binalarda kadaly ýylylykda saklanýar. Galyberse-de, netijeli pile hasylyny öndürmek üçin, ýüpek gurçuklary tut agaçlarynyň ýapraklary bilen yzygiderli iýmitlendirilýär. Maryly kärendeçiler sebitde tut agaçlarynyň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 3-nji aprelde welaýat häkimleri bilen wideo aragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirip, onuň dowamynda sebitlerde oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şol sanda ýüpek gurçugynyň ideg işleri bilen bagly hasabatlar bilen tanyş boldy. Welaýat häkimleri şu günler sebitlerde ýüpek gurçuklarynyň pile öndürijilere paýlanyp berilýändigini we ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygyny aýtdylar.

Azatlygyň habarçylary Mary welaýatynda türmeden boşan öňki tussaglaryň pile önümçiligine çekilýändiklerini habar berýärler. Şeýle mejbury çäreler ýerli arçynlaryň we polisiýa işgärleriniň guramaçylygynda ýerine ýetirilýär.

Geçen ýylda Türkmenistan boýunça 2 müň 300 tona pile hasylyny öndürmek göz öňünde tutulypdy. Ahal welaýaty 300 tonna, Balkan welaýaty 50 tonna, Daşoguz welaýaty 500 tonna, Lebap welaýaty 1010 tonna we Mary welaýaty 440 tonna pile öndürmäge borçly edildi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ýüpek gurçuklaryny pile öndürijilere paýlamak işleriniň tamamlanandygyny, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berýär.

Geçen ýylyň iýunynda türkmen hökümeti ýurt boýunça 2 müň 300 tonna pile hasylynyň ýygnalandygyny yglan etdi.

Bäş müň ýyl töweregi geçmişi bolan pileçilik Türkmenistanda möhüm pudaklaryň hatarynda agzalýar. Pile tabşyryklary her ýyl prezident tarapyndan yglan edilýär. Dokma senagatynyň ýüpekçilik pudagynda ýurtda öndürilýän pilelerden çig mal hökmünde peýdalanylýar.

Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpekçilik önümçilik birleşigi ýurtda ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalar bolup durýar.

Türkmen mediasy ýüpekçiligi “asly halal ojaklaryň berekedi”, ata-babalardan gelýän gadymy hünärleriň biri hökmünde wagyz edýär.

Türkmenistanyň hökümeti dokma senagaty üçin zerur bolan çig mal serişdeleriniň önümçiliginde, hususan-da, pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG