Aşgabatda welaýat belgili ulaglara garşy görülýän çäreleriň gaýtadan güýçlenendigi habar berilýär. Maglumata görä, şu günler welaýatlardan Aşgabada gelýän ulaglar paýtagtyň golaýyndaky postlarda saklanylýar we olardan şäheriň daşyndan aýlaw berip geçilýän ýollar arkaly Çoganly şäherçesiniň demirgazygyndaky ýörite awtoduralga gitmek talap edilýär.
Aşgabadyň ýaşaýjysy synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew soňky aýlarda welaýat belgili ulaglaryň Aşgabada girmegine seýrek ýagdaýda rugsat berlendigini, emma bu çäräniň gaýtadan ýatyrylandygyny aýdýar.
Bu barada Azatlyk Radiosy synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.