Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabady tämizleýänleriň aýlygy gijikdirilýär, Arkadagyň ikinji tapgyry gurulýar


Aşgabady tämiz saklaýan işçiler
Aşgabady tämiz saklaýan işçiler

Aşgabat şäheriniň jemagat hojalygynda işläp, paýtagtyň köçelerini we ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregini, beýleki jemgyýetçilik ýerlerini arassalamak bilen meşgullanýan ýüzlerçe işçi maý aýyndan bäri aýlyklaryny alyp bilmeýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Anonimlik şertinde gürleşen birnäçe işçiniň tassyklamagyna görä, olaryň maý aýynda berilmeli aýlyklary şindi hem bank kartlaryna geçirilmändir we bu ýagdaý adamlary “gaty kyn kösençliklere sezewar edýär”. Bu habar häkimiýetleriň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly binalaryň taslamalary boýunça bäsleşik şyglan eden wagtyna gabat geldi.

“Maý aýynyň zähmet haky hem şu güne çenli bank kartymyza geçmedi, adamlar gaty kösenýär, näme etjegimizi bilmeýäris” diýip, Aşgabadyň köçeleriniň birini tämizleýän işçi Azatlyga aýtdy.

Onuň sözlerine görä, aýlyklaryň gijikmeginiň sebäbi açyk, resmi ýagdaýda düşündirilmeýär. Işçileriň köpüsi, başlyklaryň gaharyny getirmekden we işini ýitirmekden gorkup, aýlyklaryň haçan beriljekdigini soramaga hem çekinýär we bu işi biri-biriniň üstüne atýar.

Azatlygyň habarçylary paýtagtyň jemagat hojalygynyň işgärleriniň gyşyn-ýazyn ýeňlemeýän işi we köplenç sekiz sagatdan aňryk geçýän iş sagatlary, şol sanda aýlyk ýagdaýlary barada mundan öňem habar beripdiler we öňki ýyllarda, şol wagt açyk ýagdaýda işlän habarçy bilen gürleşen işçileriň biriniň aýtmagyna görä, açyk asmanyň asynda işleýän zenanlar barada berlen gepleşik olaryň aýlyklarynyň köpeldilmegine hem öz täsirini ýetiripdi.

Emma muňa garamazdan, indi Türkmenistanda açyk işleýän garaşsyz žurnalist ýok we häkimiýetler ýazmaça iberilen soraglara düşündiriş bermeýärler.

Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralaryň ýagdaýyny gowy bilýän aşgabatly ykdysatçynyň sözlerine görä, öňki prezident döwründe işçileriň hal-ýagdaýy barada biraz alada edilen hem bolsa, indi adamlaryň aýlyklarynyň ýagdaýy baradaky şikaýatlaryň diňlenjegine umyt baglamak kyn.

“Ýurtda on ýyla golaý dowam eden ykdysady krizis indi durnukly çökgünlik ýagdaýyna geçene meňzeýär, arz edeniň hem arzy diňlenmeýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýurtdaky işsizlik, işleýän adamlaryň aýlyklaryny azlygy we wagtynda berilmezligi güzeran ýagdaýlary kynlaşan adamlary her hili hile-mekirlige, soňy bilen adaty kezzapçylyga ösüp geçýän ýalançylyga itekleýär.

“Ilat öz-özüne berlen halda bolup, düşen çykgynsyz ýagdaýlaryna hökümet tarapyndan hiç hili kömek bolmansoň, çäresiz… bir-birini aldamak bilen meşgullanýar. Pul karz alyp, yzyna gaýdyp berip bilmän, algydaryndan gaçgak bolup ýaşaýan adamlar köpelýär. Olar gijelerine öz tüneklerine ýygnanyp, hatda maşgalasyndan jyda düşüp, onda-munda gizlin ýatyp-turýarlar. Gizlinlik derdeserinde ýaşamaly bolýan adamlaryň sany artýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen hünärmenleriň sözlerine görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bolan ýyllarynda ‘badalga alan’ ykdysady krizis onuň ogly Serdar Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň has çuňlaşyp başlady we, hökümet başlygynyň geçirýän mejlislerinde bu çökgünlige “çykalga gözlenýäne meňzemeýär”.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Halkara pul gaznasynyň wekilleri şu ýylyň 27-nji martyndan 9-njy apreline çenli aralykda Aşgabada bolup, öz gelen jemleýji netijelerini çap etdiler.

HPG hünärmenleriniň pikiriçe, uglewodorod pudagyndan gelýän girdejilerden başarnykly peýdalanmakdaky "kynçylyklar", pul-kredit reformasynyň bolmazlygy… ýaly düýpli kynçylyklar türkmen ykdysadyýetiniň ýagdaýyny agyrlaşdyrýar.

Ýöne ýerli synçylar esasy kynçylygyň ýurtda alnyp barylýan uly gurluşyklar we başyna giden korrupsiýa bilen bagly bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler.

Maglumat üçin aýdylsa, türkmen metbugatynyň şu aýyň başynda beren habaryna görä, Ar­kadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly binalaryň taslamalary boýunça bäsleşik yglan edildi. Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, türkmen ydkdysadyýetindäki kynçylyklaryň, şol sanda aýlyklaryň gijikdirilmeginiň anyk sebäplerini aýdyp bolmaýar.

Ýöne Bertelsmann Stiftungyň Özgeriş Indeksine laýyklykda, Türkmenistanyň ösüşine we raýatlaryň abadançylygyna päsgel berýän esasy meseleler giňden ýaýran we düýpli kök uran korrupsiýa, ýurduň ähli ýerinde çeşmelere elýeterliligiň deň bolmazlygy, uly göwrümde garyplyk we işsizlik bilen bagly.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG