Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arzan towuk etiniň söwdasynda nobatlar emele gelýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Mary şäheriniň esasy bazarynda her gün irden döwlet bahasyndan çäkli möçberlerde satuwa çykarylýan towuk eti uly islegden peýdalanýar. Et söwdasynda nobatlar emele gelýär. Ýerli ýaşaýjylar şeýle azyk önümleriniň arzan bahadan döwlet dükanlarynda elmydama elýeterli edilmegini soraýarlar.

“Gök bazarda her gün irden bir kilesi 18 manat 20 teňňeden towuk eti satylýar. Adamlar arzan towuk satyn almak üçin, irden sagat 6:00-dan başlap nobata durup başlaýarlar. Söwda bir sagat dowam edýär” diýip, maryly alyjy aýdýar.

Bu habarlar Türkmenistanda azyk howpsuzlygy bilen bagly aladalaryň saklanyp galyp, söwda pudagyna gözegçilik edýän hökümet resmisiniň täzelenilmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

15-nji noýabrda söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Batyr Atdaýew işde goýberen kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy. Şol bir wagtda, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew hem işini ýitirdi.

Hökümet başlygynyň söwda pudagyna gözegçilik edýän orunbasarynyň wezipesine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Nokerguly Atagulyýew getirildi.

“Takmynan irden sagat 8:00-8:30-a çenli towuk eti satylyp gutarýar” diýip, maryly alyjy şäherde peýda bolan arzan towuk söwdasy barada gürrüň berýär.

Ýerli ýaşaýjylar bu önümiň adam başyna bäş kilogramdan, nobat ulalanda bolsa, her bir adama 2-3 kilogramdan satylýandygyny aýdýarlar.

Käbir hojalyklar bir maşgaladan iki-üç adam bolup, nobata garaşyp bir gezekde 10-15 kilogram towuk atyny satyn alyp bilýändiklerini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy nobata garaşýan adamlaryň arasynda köp mukdarda et satyn alýan adamlaryň esasan bu etleri sähel gymmat bahadan hususy azyk dükanlaryna satyp, girdeji gazanmaga çalyşýandyklaryny aýdýar.

Hususy dükanlarda bu önümiň bir kilogramy günorta-gündogar welaýatyň sebit merkezinde 24 manatdan satylýar. Bu 30 göterim çemesi gymmat bolýar.

Şonuň üçin, adamlar elýeter bolanda azyk önümini bazardaky ýörite söwda tekjelerinden satyn alyp goýmaga çalyşýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir alyjy towuk etiniň bahasynyň süňkli sygyr etinden has arzan bolandygyny, şonuň üçin özleri üçin amatly bolandygyny aýdýar.

“Häzir süňkli sygyr etiniň iň arzan bahasy 50 manat. 50 manada bir kile sygyr etini alanyňdan, bu pula tas üç kilograma golaý towuk etini satyn alyp 2-3 gün oňşup bolýar” diýip, maryly bir maşgalabaşy gürrüň berýär.

Arzan towuk etiniň söwdasy sebitde goýun etiniň bahasynyň hem ýokarlanýan wagtlaryna gabat gelýär.

Bu sebitde dekabryň başlarynda goýun eti 40 göterim gymmatlap, 46 manatdan 64 manada çykdy. Şonda habarçylarymyz sygyr etiniň bahasynyň sebitde 60 manatdan durnukly saklanýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanda häkimiýetler iri baýramçylyklaryň, şol sanda Täze ýylyň öňüsyrasynda bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk üpjünçiliginiň ýola goýulmagyny aýratyn talap edýärler.

Towuk etiniň nobatyna garaşýan maryly ýaşaýjylar şeýle üpjünçiligiň diňe irden wagtlaýyn ýola goýulmagyny däl eýsem, towuk etiniň elýeterli bahadan döwlet dükanlarynda elmydama elýeterli edilmegini soraýarlar.

“Her gün irden adamlar nobata garaşmaly bolýar. Şu nobatlara nämä gerek, towuk eti her bir döwlet dükanynda arzan bahadan aç-açan satylanda bolmazmydy?” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýar.

“Biz öňler ýaşaýan ýerimiziň golaýyndaky döwlet dükanyndan towuk buduny satyn alardyk. Şol wagtlar häzirki ýaly uly nobatlar bolmazdy” diýip, olar belleýär.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy boýunça söwda resmilerinden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG