Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanabatda möhleti geçen azyk harytlarynyň satylmagy "köpelýär"


Türkmenistanyň söwda marketleriniň birinde haryt saýlaýan alyjy (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň söwda marketleriniň birinde haryt saýlaýan alyjy (Illýustrasiýa suraty)

Balkanyň merkezi şäheri Balkanabatda ýaramlylyk möhleti geçen azyk harytlarynyň satylmagy bilen bagly ýagdaýlar göz-görtele köpeldi.

Uly söwda merkezlerinde satylýan, möhleti geçen azyk önümleriniň gaplaryndaky maglumatlar galplaşdyrylyp, üýtgedilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

Redaksiýa gelip gowşan wideo ýazgylarda Balkanabadyň uly marketlerinden satyn alnan dürli-dürli azyk harytlarynyň 10-a golaýynyň gabynda, ilkibada olaryň ýaramlylyk möhletiniň 2026-njy ýylda tamamlanýandygyny görse bolýar.

Ýöne ýerli ýaşaýjylaryň ugradan wideo ýazgylarynda bu senenamany görkezýän, önümiň gabyna ýelmenen kagyz bölegi ýuwaşlyk bilen goparlanda, onuň aşagynda harydyň soňky ýaramlylyk möhletini görkezýän asyl maglumat görünýär. Bu maglumatlarda azyk önümleriň ýaramlylyk möhletiniň 2022-nji ýylda tamamlanandygyny görse bolýar.

“Bu harytlara şäheriň tas ähli söwda merkezlerinde we marketlerinde duş gelse bolýar. Olaryň arasynda gaplanan çaý gutulary, süýji we köke önümleri, alýumin gaplara gaplanan balyk, et we towuk önümleri bar. Gymmatbahaly bu önümleri, göräýmäge, hiç kim satyn almandyr. Şol sebäpli olaryň möhleti geçipdir” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ýaşaýjylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, olar bu ýagdaýlar barada söwda nokatlarynyň telekeçilerine şikaýat bilen ýüzlendiler. Ýöne söwda nokatlarynyň wekilleri aýdylanlary kabul etmän, şikaýatlary kanagatlandyrmadylar.

“Hususan-da, uly marketleriň möhleti geçen harytlaryň maglumatlaryny galplaşdyryp satmagy meni alada goýýar. Sebäbi bularyň arasynda ilatyň saglygyna, hatda ömrüne howp abandyryp biljek gaplanan balyk, et ýaly önümler hem bar” diýip, başga bir ýerli ýaşaýjy belledi.

Balkanabadyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmämiz muňa Milli howpsuzlyk ministrliginiň sebitdäki edarasynyň we Polisiýa müdriliginiň käbir ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

“Bu edarlaryň her birinde bir sany şahs bar. Olara para beren telekeçileriň islendik harydy, şol sanda möhleti geçen önümleri satmagyna rugsat berilýär. Olaryň gapysyndan ne salgyt gullugy, ne-de Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy baryp bilýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda welaýatyň Polisiýa müdirliginden we Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan teswir alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň söwda nokatlarynda ilata ýaramlylyk möhleti geçen azyk önümleriniň satylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Hatda döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahadan çörek, un, ösümlik ýagy, ýumurtga ýaly esasy azyk önümleri satylanda adamlardan möhleti geçen süýji, köke, kädi mürepbesi, jele, sakgyç we gazly suw ýaly azyk önümlerini satyn almak talap edildi.

Geçen aýyň ortalarynda Balkandaky habarçylarymyz resmileriň ýakyn wagtda ýaramlylyk möhleti geçýän dermanlary saglyk işgärleriniň üstüne mejbury ýükleýändigini, we olardan bulary satmagy talap edýändiginihabar beripdiler.

"Döwlet adam üçindir" diýýän türkmen häkimiýetleri indi ençeme ýyl bäri dowam edip gelýän bu tejribeler barada aç-açan mesele gozgamaýarlar. Adatça bolşy ýaly, bu barada resmi media hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG