Londonda Ukraina boýunça geçirlen ýokary derejeli ýygnak ABŞ bilen Ýewropadaky ýaranlarynyň arasynda Russiýanyň söweşini bes etmekde we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň şahsyýeti boýunça aç-açan tapawudyň bardygyny açyp görkezen diplomatiýanyň hepdeligini jemledi.
Iki gün öň Zelenskiý bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň arasynda Ak Tamda bolup geçen ýakymsyz ýygnak 2-nji martda Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmeriň, Ukrainanyň prezidentiniň we onlarça Ýewropa lideriniň gatnaşmagynda geçiren gepleşiklerine täze derwaýyslyk goşdy.
Şeýle hem ýygnaga Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudo, Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen hem-de Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Kosta gatnaşdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hiç bir wekili konferensiýa gatnaşmady, ýöne Starmer sammit başlamazdan ozal ABŞ, Fransiýa we Ukraina “we belki bir ýa-da iki tarap” Waşington bilen ara alyp maslahatlaşyljak parahatçylyk meýilnamasynyň üstünde işlär diýdi.
Ukraina üçin ahlak goldawy: Ýewropa näderejede öňe gider?
Eger-de Zelenskiý muňa öň şübhelenen bolsa-da, indi öz ýurdunyň kontinentde uly ahlak goldawyna eýe boljakdygyna göz ýetirdi.
Starmer 27-nji fewralda we Fransiýanyň prezidenti Makron 24-nji fewralda Ak Tamda geçiren gepleşiklerinde Ukrainany terk etmezligi we Russiýa berk garşylyk görkezmegi haýyş edipdi, şol bir wagtyň özünde-de ABŞ-nyň prezidenti üç ýyllyk giň gerimli urşy bes etmek üçin tiz parahatçylyk meýilnamasynyň başa barmagyny isleýär.
Zelenskiý 28-nji fewralda Waşingtona eden saparyndan soň, şol ýerde Tramp we ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wans bilen bolan gapma-garşylykdan soň, Ýewropada uly raýdaşlyga eýe boldy.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Kaja Kallas, Trampy aç-açan tankytlamak bilen "erkin dünýä täze lider gerek" diýdi, Fon der Leýen Zelenskä "Siziň mertebäňiz ukrain halkynyň edermenligini hormatlaýar" diýip, X-da çap eden maglumatynda aýtdy.
Ýewropanyň goldawy Ukraina ýeterlikmi?
Zelenskiý Londonda gowy kabul edildi we Ýewropadan Ukraina has köp maddy goldaw teklip edildi. Starmer we Zelenskiý Ukraina 2.26 milliard funt sterling (2,84 milliard dollar) möçberde karzyň berilmegi barada ylalaşdylar, ukrain prezidenti karz “doňdurylan rus emläklerinden alynjak girdejiler bilen yzyna gaýtarylar” diýdi.
Emma bu kömegiň Ukraina ABŞ-nyň beren uly harby kömeginiň öwezini dolup biljegi sorag döredýär. Waşington bilen Kiýewiň arasyndaky gatnaşyklar häzir soňky on ýylyň içinde düşen iň pes derejede.
Bu mesele Zelenskiniň we Trampyň Ak Tamda žurnalistleriň öňünde adatdan daşary görnüşde çaknyşandan soň syýasatçylary alada goýýar. Tramp şonda Ukrainanyň öňki ýarany däl-de, eýsem Moskwa bilen Kiýewiň arasynda "araçy" hökmünde çykyş etdi.
"Siz ýa şertnama baglaşarsyňyz, ýa-da biz çekilýäris" - diýip, Tramp Ukrainanyň ABŞ-daky ilçisi Oksana Markarowany gaty biynjalyk etdi.
Ak Tamdaky şowsuzlykdan soň Tramp we Zelenskiý näme diýdiler?
Tramp 2-nji martda sosial media platformasynda çap eden maglumatynda özüniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine gaty ýakynlaşandygy baradaky tankytlara jogap berip, amerikalylaryň "Putin barada pikirlenmäge az wagt sarp edip", "migrant zorluk toparlary, neşe gaçakçylarynyň ýolbaşçylary, ganhorlar we ýurda gelýän kemakyl adamlar bilen has köp gyzyklanmaly" diýdi.
Zelenskiý, rus prezidenti Putini "ganhor" hökmünde häsiýetlendirdi we Waşingtonyň entek üpjün etmedik howpsuzlyk kepillikleri bolmazdan, atyşygyň Orsýet tarapyndan bes ediljegine ynanyp bolmaýandygyny aýtdy.
Ukrainanyň prezidenti, häzirki wagtda Kiýew bilen Waşingtonyň arasynda Ukrainanyň möhüm minerallary we uruşdan soňky rekonstruksiýasy üçin çarçuwaly şertnama baglaşmakda dörän gapma-garşylyga garamazdan, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň halas edilip bilinjekdigine ynam bildirdi.
NATO-nyň Baş sekretary Rutte Zelenskiý bilen söhbetdeşlikde Tramp bilen gatnaşyklary dikeltmelidigini aýtdy.
Zelenskiý bu maslahaty kabul etmek bilen wideo salgysynda "elbetde Amerikanyň ähmiýetine düşünýäris we ABŞ-dan alan goldawlarymyz üçin minnetdar" - diýdi.
"Minnetdarlygymyzy duýmadyk ýekeje günümiz bolmady. Sebäbi garaşsyzlygymyzy gorap saklandygymyz üçin minnetdarlyk bildirýäris: Ukrainadaky durnuklylygymyz hyzmatdaşlarymyzyň biziň we öz howpsuzlygy üçin edýän işlerine esaslanýar" - diýip Zelenskiý aýtdy.
"Parahatçylyk ugrunda diplomatiýa bolar. Hemmämiziň bilelikde durmagymyz üçin - Ukraina, tutuş Ýewropa we hökmany suratda Amerika gerek" diýip ukrain prezidenti sözüniň üstüne goşdy.
Tramp bilen gowy gatnaşykda bolan Italiýanyň premýer-ministri Jorgi Meloni, Londondaky sammitiň öňüsyrasynda Kiýew-Waşington gatnaşyklaryny düzetmek üçin "köpri" bolup biljekdigine umyt edýändigini aýtdy we Günbatar koalisiýasyndaky düşünişmezlikden gaça durmagyň "örän möhümdigini" belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum