ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ukraina we Russiýa boýunça ýörite wekili Kit Kellogg indiki hepde Mýunhende boljak howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşjakdygyny we Trampyň Ukrainadaky söweşi bes etmek maksady barada çykyş etjekdigini tassyklady.
Kellogg ýyllyk konferensiýada çykyş edip, "Trampyň Ukrainadaky ganly we gymmat söweşi bes etmek maksady" barada pikir alyşylmagyna garaşýandygyny aýtdy. Ol 4-nji fewralda X-da ýerleşdiren habarynda planlary barada aýdyp, "biziň bilen işlemäge taýyn Amerikanyň ýaranlary bilen duşuşmakçy" diýdi.
Kellogg 14-16-njy fewralda geçiriljek konferensiýada çykyş etjekdigini mälim edensoň, onuň Trampyň urşy bes etmek baradaky meýilnamasynyň üstüni açjakdygy barada çaklamalar döredi. "Bloomberg" habar gullugy 5-nji fewralda kimdigi görkezilmedik çeşmelerine salgylanyp, Kelloggyň plany konferensiýa wagtynda hödürlejekdigini öňe sürdi.
Çeşmeler meýilnama, onuň jikme-jikleri ýa-da haýsy formatda hödürlenjekdigi barada goşmaça maglumat bermedi.
Ak Tamyň metbugat gullugy Azat Ýewropa-Azatlyk Radiosynyň düşündiriş sorap elektron hat üsti eden ýüzlenmesine jogap bermedi.
Geçen hepde Kellogg Trampyň Ukrainadaky söweşi birnäçe aýyň içinde bes etmek üçin “agramly” strategiýasynyň bardygyny aýtdy. Bu teswir, 3 ýyl töweregi wagt bäri dowam edýän rus çozuşyny bes etmegiň ýoluny tapmak üçin perdäniň aňyrsynda we resmi bolmadyk ýollardan gepleşik alnyp barylýan wagtynda peýda boldy.
Ol we beýleki resmiler, Trampyň ýaranlarynyň “güýç arkaly parahatçylyk” diýip atlandyrýan ugruna tarap plana yşarat etdiler. Bu meýilnama konflikti doňdurmagy we Russiýanyň basyp alan ýerlerini “kesgitsiz” goýmagy öz içine alýar. Şeýle hem, plan Ukraina howpsuzlyk kepilliklerini bermegi öz içine alýar, ýöne olaryň nähili boljakdygy entek belli däl.
5-nji fewralda Kreml urşuň çözgüdini tapmak boýunça ABŞ bilen gatnaşyklaryň artýandygyny habar berdi. Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Wolodymyr Zelenskiý bilen gepleşik geçirmekden ýüz öwürendigine garamazdan, Moskwanyň Ukrainanyň prezidenti bilen gepleşik geçirmäge taýýardygyny aýtdy we Zelenskiniň prezidentlik möhletiniň geçen ýyl gutarandygyny belledi.
Uruş başlanaly bäri harby şertler astynda galýan Ukraina prezident saýlawlaryny geçirip bilmedi.
Kelloggyň sözlerine görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlary diňe bir Moskwa däl, eýsem Kiýewiň hem gepleşikler üçin stoluň başyna gelmegine basyş etmek mümkinçiligine seredýär. Ol uruş meselesini çözmek barada gepleşik geçirmek üçin iki tarapyň hem eglişik etmelidigini 2-nji fewralda duýdurdy.
Zelenskiý "pozisiýasyny ýumşatjakdygyny eýýäm mälim etdi" - diýip Kellogg 1-nji fewralda aýtdy we "Putin hem pozisiýasyny ýumşatmaly" diýdi. Tramp urşy çalt bes etmegi we Putin bilen gysga wagtda duşuşmak isleýändigini yglan etdi.
Zelenskiý 5-nji fewralda gijeki wideo ýüzlenmesinde Ukrainanyň Tramp administrasiýasy bilen gatnaşyklaryny "esli güýçlendirýändigini" aýtdy we "beýleki hyzmatdaşlar bilen hem manyly gatnaşyklarynyň" bardygyny mälim etdi.
Zelenskiý 4-nji fewralda YouTube-da ýerleşdirilen söhbetdeşlikde Putin bilen göni gepleşiklere razy boljakdygyny, emma oňa ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň hem gatnaşmalydygyny aýtdy.
"Adamlar diplomatiýa ýoluna geçmelidigimize ynanýan bolsalar we biz hem diplomatiýa ýoluna geçmäge taýýardygymyza ynanýarys, bu ýerde ABŞ, Ýewropa, Ukraina we Russiýa bolmaly" diýip, Zelenskiý aýtdy.
Britan žurnalisti Piers Morgan bilen geçirilen söhbetdeşlikde gepleşik stolunda Putiniň garşysynda oturan wagtynda özüni nähili duýjakdygy barada berlen sowala Zelenskiý: "Bu, Ukrainanyň raýatlaryna parahatçylyk getirip biljek we adam ýitgisinden halas edip biljek ýeke-täk ýagdaý bolsa, hökman bu ýagdaýa bararys" diýdi.
Ol sözüniň üstüni ýetirip, "Men onuň bilen gowy bolmaryn, ony duşman hasaplaýaryn. Dogrusyny aýtsam, ol hem meni duşman hasaplaýandygyny pikir edýärin" diýdi.
Germaniýanyň hökümeti 5-nji fewralda ABŞ-nyň wise-prezidenti J.D.Wansyň Mýunhendäki howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşjakdygyny aýtdy. Kansler Olaf Şolzyň metbugat sekretary Steffen Hebestreit Wansyň gatnaşjakdygyny mälim etdi. Maslahatyň X-da çap eden habarynda Wansyň gatnaşjakdygy tassyklandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.