Sepleriň elýeterliligi

 
Putin Ukraina gepleşiklerinden ýüz öwürse, Tramp Russiýa garşy täze sanksiýalaryň giriziljekdigini ýaňzydýar
Soňky habar

Putin Ukraina gepleşiklerinden ýüz öwürse, Tramp Russiýa garşy täze sanksiýalaryň giriziljekdigini ýaňzydýar


Finlandiýada geçirilen Tramp, Putin sammitinde düşrilen surat.
Finlandiýada geçirilen Tramp, Putin sammitinde düşrilen surat.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, eger-de prezident Wladimir Putin Ukrainadaky urşy duruzmak üçin parahatçylyk gepleşiklerini geçirmegi kabul etmese, özüniň Russiýany goşmaça sanksiýalar bilen urup biljekdigini aýtdy. Şeýle-de, ol Hytaýyň başlygy bilen eden telefon söhbetdeşliginde ony bu konflikti soňlamakda kömek bermäge çagyrdy.

Žurnalistler 21-nji ýanwarda Ak tamda "eger Putin gepleşik stoluna gelmese, Waşington Russiýa garşy täze sanksiýalary girizermi?” diýip soranlarynda, Tramp “Bu şeýle boljaga meňzeýär"diýdi.

Tramp 2022-nji ýylda Ukraina goşun sürendigi üçin girizilen köp sanly sanly sanksiýalardan başga, Russiýa garşy görüp boljak täze çäreler barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Putiniň ýakyn ýaranyny, Hytaýyň lideri Si Szinpini nazarda tutup, Tramp ony telefon gürrüňinde bu aýylganç konflikti soňlamaga kömek bermäge çagyrandygyny aýtdy.

"Ol bu meselede uly bir iş etmedi. Onda hem, bizde bolşy ýaly, köp ... güýç bar. Men “Siz bu meseläni çözmeli" diýdim. Biz bu barada pikir alyşdyk" Tramp aýtdy.

Şeýle-de, Tramp öz toparynyň Ukraina goşmaça ýarag ibermek mümkinçiligine seredýändigini aýtdy.

Tramp prezident bolmak üçin geçiren saýlaw kampaniýasy wagtynda Kiýewe Jo Baýden administrasiýasy tarapyndan berilýän kömegiň derejesine garşy berk çykyş edipdi.

Emma muňa garamazdan, Tramp käte özüniň Ukraina berilýän kömekde karz-kärende programmasy ideýasyna açykdygyny, ýagny Kiýewiň soň bir wagt ABŞ-nyň beren serişdelerini yzyna, Waşingtona gaýtaryp berip biljekdigini aýtdy.

Soňky çykyşynda bolsa, Tramp beýleki ýaranlaryň Ukrainany goramak üçin edýän çykdajylaryny köpeltmelidigi baradaky pozisiýasyny gaýtalady we, Ýewropa Bileleşigini öz berýän kömeklerini ABŞ-nyň berýän kömekleriniň derejelerine “çykarmaga” çagyrdy.

Biraz öň ol Putiniň Ukraina bilen gepleşik geçirmekden ýüz öwrüp, Russiýany weýran edýändigini aýtdy.

Russiýanyň daşary syýasat geňeşçisi Ýuri Uşakow žurnalistlere Moskwanyň Trampyň aýdýan sözlerini "nazara alýandygyny" aýtdy, ýöne bu meselede anyk gürrüň etmekden saklanyp, Kremliň "aragatnaşyk üçin esas bolup biljek anyk tekliplere" garaşýandygyny aýtdy.

Putin 21-nji ýanwarda öz hytaýly ýarany Si bilen wideo jaňy arkaly söhbetdeş boldy. Iki lider öz ýakyn gatnaşyklaryny nygtady we Tramp topary bilen bolup biljek aragatnaşyklaryny maslahatlaşdy.

Rus habar beriş serişdeleriniň Putiniň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, ol hytaýly kärdeşine "Russiýa bilen Hytaýyň bilelikdäki tagallalary global meselelerde möhüm durnuklaşdyryjy rol oýnaýar" diýdi.

Putin 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy esassyz we giňişleýin urşa başlaly bäri, Russiýa we Ukraina söweş meýdanynda uly ýitgi çekdi.

Ondan öň, Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny basyp aldy we bikanun anneksiýa etdi, gündogar Ukrainadaky separatistlere goldaw berip, gündogar Ukrainanyň uly bölegini basyp aldy we ahyr netijede ol ýerlere eýeçilik edýändigini öňe sürdi.

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan girizilen sanksiýalar rus ykdysadyýetine agyr zarba urdy.

Mundan başga, Russiýa uruşda ýüzlerçe milliard dollarlyk serişdesini köýdürdi, 700,000 çemesi adam pidasyny çekdi, goňşularyny gorkuzdy, rus rublynyň hümmetini gaçyrmagy bilen, Ýewropanyň girdejili gaz bazaryny, Günbatar maliýe bazarlaryna elýeterliligini ýitirdi.

Forum

XS
SM
MD
LG