ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukraina we Russiýa bilen geçirilýän gepleşikleriň barşynyň "gaty gowudygyny" aýtdy, onuň ýörite wekili bolsa, konfliktiň iki tarapynyň hem, ölümi we weýrançylygy bes etmek üçin eglişik etmelidigini aýtdy.
Tramp 2-nji fewralda žurnalistlere "Biz Ukraina we Russiýa bilen işleşýäris" diýdi.
“Bizde dürli partiýalar, şol sanda Ukraina we Russiýa bilen meýilleşdirilen duşuşyklar we gepleşikler bar. Meniň pikirimçe, bu çekişmeler hakykatda gowy geçýär" diýip, ol anyklaşdyrmazdan aýtdy.
Trampyň Ukraina we Russiýa boýunça ýörite wekili Kit Kellogg birnäçe sagat soňra, uruş meselesini çözmek barada gepleşik geçirmek islese, iki tarapyň hem eglişik etmelidigini duýdurdy.