2001-nji ýylyň 14-nji aprel gijesi Orsýetiň garaşsyz NTW telekanaly zorluk bilen döwlete degişli "Gazprom" kompaniýasynyň eýeçiligindäki "Media holding" kompaniýasyna geçirildi. Bu waka Putiniň awtoritar režiminiň başlamagyny aňlatdy.
NTW kompaniýasynda gepleşikleri alyp baran meşhur žurnalist Swetlana Sorokina 2001-nji ýylyň 14-nji aprel gijesi, birnäçe aý dowam eden gapma-garşylykdan soň, NTW kompaniýasynyň ýolbaşçylygynyň zorluk bilen çalşyrylyşyny şeýle ýatlaýar: "Soňky efirimi köne NTW-de geçirdim, şol anna güni agşamlyk meniň alyp baran soňky gepleşigim "Halkyň sesi" diýlip atlandyrylýardy. Bu wakanyň öňüsyrasynda gaty köp waka bolup geçdi. Emma soňky günler telekanalda düşnüksiz bir ümsümlik ornaşypdy. Sunaminiň öňüsyrasyndaky ýaly ümsümlik döräpdi".
1993-nji ýylda oligarh Wladimir Gusinskiý tarapyndan düýbi tutulan NTW telekanaly gysga wagtyň içinde Orsýetde meşhurlyk gazandy. Köpçülige gündelik habarlary ýetirýän "Segodnýa" atly gepleşikleri, hepdäniň ahyrynda efire berilýän "Itogi" atly programmasy, ýurduň syýasatçylarynyň keşbine laýyk ýasalan gürjaklaryň gatnaşmagyndaky "Gurjaklar" atly satiriki gepleşikler Orsýetiň ilatynyň gowy görýän programmalaryna öwürlipdi.
Ýeserlik bilen taýýarlanan bu ýokary hilli programmalarda professional žurnalistler dünýäde bolup geçýän wakalar barada bitarap maglumatlary berýärdiler. Häzir Orsýetiň telewideniýesinde şeýle gepleşikler berilmeýär.
NTW Orsýetde öň bolmadyk, häzire çenli hem döredilmedik örän professional hem güýçli kompaniýa boldy. Bu telekanalda Çeçenistandaky uruş barada we beýleki temalar boýunça açyk, gönümel, tankydy gepleşikler taýýarlanýardy.
NTW "Media-Most" toparyna degişli kompaniýalaryň biridi. Bu topara şeýle hem "Segodnýa" atly gündelik gazeti we "Eho Moskwy" atly radiostansiýa girýärdi.
Swetlana Sorokina, Ýewgeniý Kiselýow, Tatýana Mitkowa, Leonid Parfýonow, Pawel Lobkow ýaly NTW-de çykyş eden žurnalistler her orsýetliniň maşgalasynda tanalýan adama öwrülipdiler.
Ýiti gepleşikler
1996-njy ýylda ilatda Ýeltsiniň ýolbaşçylygyndan lapykeçlik peýda bolanda, şol ýyl geçirilen prezident saýlawlarynda kommunistleriň ýeňiş gazanmak mümkinçiligi ýokarlandy. Ýöne "Media-Most" toparynyň eýesi Wladimir Gusinskiý, Boris Berezowskiý ýaly baý adamlar Ýeltsiniň propogandasyny maliýeleşdirip, ony saýlawlarda bolup biljek şowsuzlykdan halas etdiler. Munuň ýerine bolsa "Gazprom" döwlet kompaniýasy NTW-niň 30%-ni satyn aldy. Emma bu söwdanyň näçä durandygy barada maglumat berilmedi.
Saýlawlardan soň köp wagt geçmänkä, Boris Ýeltsin bir karara gol çekip, NTW-ni ýurduň telewideniýesinde ýaýlyma berlen dört esasy kanallaryň birine öwürdi.
1999-njy ýylda Orsýetiň syýasaty ur-tut özgerdi. Sebäbi ýurduň premýer-ministriniň wezipesine KGB-niň öňki işgäri Wladimir Putin bellenildi. Şol ýylyň güýz aýlarynda bolsa Moskwada hem Orsýetiň beýleki birnäçe şäherlerinde ýaşaýyş jaýlar partladyldy, bu hüjümlerde ýüzlerçe adam heläk boldy.
NTW telekanaly bu wakalar bilen baglylykda žurnalistik derňewi geçirip, Rýazandky ýaşaýyş jaýynyň partlamasynyň aňrysynda Orsýetiň Federal howpsuzlyk gulluklarynyň ýatandygyny anyklady. Bu žurnalistik derňewiň esaynda taýýarlanan gepleşik NTW-de görkezildi.
Şol döwür NTW-iň Baş menejeri wezipesini eýelän Igor Maşawenko, şol gepleşik teleýaýlyma berlensoň, metbugat ministri wezipesini eýelän Mihail Lesiniň özüni çagyryp, "NTW öz çygryndan çykdy" diýendigini ýatlady.
2000-nji ýyldan başlap, 2001-nji ýylyň 14-nji apreline çenli NTW telekanaly yzygiderli yzarlanmalara sezewar bolýar. "Gazprom" kompaniýasyna NTW-niň 46% paýyny almak başardýar. "Media-Most" toparynyň 19% paýy suduň çykaran karary boýunça doňdurylansoň, telekanala gözegcilik etmäge hukuk berýän aksiýalaryň kontrollyk paketi "Gazprom-Media holdingine" geçýär.
Orsýet üýtgedi
Häzir, şol wakadan 10 ýyl geçensoň, Orsýet özgerip, başga ýurt boldy. Dumanyň ýolbaşçysynyň öňki orunbasary, Orsýetiň Žurnalistler birleşiginiň öňki baş direktory Igor Ýakowenko şol döwürden bäri halkyň bilim derejesiniň, aň-düşünjesiniň çökgünlige uçrandygy barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyny bilen söhbetdeşlikde belledi.
"NTW basylyp alnansoň, jemgyýetiň çökgünlige uçramagy başlandy. Bu prosese bolsa telewideniýede berilýän gepleşikleriň hiliniň pese düşmegi sebäp boldy. Häkimiýetler tarapyndan öňünden planlaşdyrylyp geçirilen bu proses, ýagny halkyň aň-düşünjesini pese düşürmek işi, hut NTW-niň öldürilmeginden başlandy. Ýurduň nuruny we owazyny öçürip, häkimiýetler çökgünlige tarap tutan ugruny dowam etdirdiler, ýagny erkin biznesi, saýlawlary hem ýok etdiler" diýip, Igor Ýakowenko aýtdy.
NTW-de gepleşikleri alyp baran žurnalist Swetlana Sorokina hem bu aýdylanlar bilen ylalaşýar: "Ýaňy-ýakynda ilaty näme gyzyklandyrýar diýen mesele boýunça ýörite pikir soralyşyk geçirildi. Bu pikir soralyşygyň netijeleri gaty ýaramaz boldy. Ýagny, Orsýetde ilatyň 80%-e golaýyny, öz öýünden daşardaky hiç bir zadyň gyzyklandyrmaýandygy anyklandy. Bu ýagdaý bolsa gaty howatyrlandyrýar. Telewizora tomaşa edýänleriň aglabasy ýa seriallara ýa-da şowhunly gepleşiklere tomaşa edýärler. Olary hatda ýönekeý täzelikler-de gyzyklandyrmaýar".
Öňki NTW telekanalynda işlän Wera Kriçewskaýa iru-giç Orsýetde hem garaşsyz metbugatyň, garaşsyz sudlaryň ähmiýetine düşünerler diýýär. Ol, şol 10 ýyl mundan ozal bolan wakanyň salan ýarasyndan häzire çenli agyry duýýandygyny, ejir çekýändigini aýdýar. Wera Kriçewskaýa Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen bolan gürrüňdeşlikde: "Şol döwürde meniň ýuregimde peýda bolan agyry tä ölýänçäm geçmez diýip pikir edýärin. Şol agyry meniň durmuşymda bolan iň güýçli, iň elhenç agyry boldy" diýdi.