13-nji aprelde Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Strasburgda Ýewropa Geňeşinde eden çykyşynda Liwiýadaky ýagdaýa diňe ynsanperwerlik kömegi bilen goşulyşmalydygyny aýtdy. Ol, şeýdilmese, Liwiýada ýene bir Yragyň ýa Owganystanyň döremek howpunyň bardygyny nygtady.
Şeýle-de Türkiýäniň premýer-ministri Ýewropa ýurtlarynyň ilki bilen öz kemçiliklerine üns berip, diňe şondan soň Türkiýedäki ýagdaýy tankytlamalydyklaryny aýtdy.
Öz ýurdunyň Ýewropa Bileleşigi üçin näderejede möhümdigi barada çykyş eden Rejep Taýyp Erdogan Liwiýadaky konfliktiň Owganystandaky ýa Yrakdaky ýagdaýa ulaşyp gitmeginden howatyrlanýandygyny äşgär etdi.
ÝB perspektiwasy
Medeniýetler hem dinler arasyndaky dialoga bagyşlanyp, Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasynda geçirilen bu duşuşykda Erdogan Türkiýäniň özboluşlylygyndan gürrüň açdy we ýurtda musulman ilatynyň agdyklyk edýänligine garamazdan, Türkiýäniň dünýewi, demokratik döwletdigini nygtady.
Erdogan Türkiýäniň maliýe krizisinden soň, öz ykdysadyýetini gaty çalt dikelendigini aýdyp, ýurduň geografiki taýdan ýerleşişiniň möhümligi babatdan, Ýewropa Bileleşiginiň bu ýurdy ünsden düşürip bilmejekdigini belledi.
2005-nji ýylda Türkiýe ÝB-e girmek üçin kandidat hökmünde hasaba alyndy. Emma bu ugurda käbir meseleler boýunça gepleşikler doly doňduryldy, galanlary bolsa gaty haýal geçirilýär.
Bileleşigiň esasy agzalary bolan Awstriýa, Fransiýa hem Germaniýa ÝB-e girmek üçin Türkiýäniň zerur bolan birnäçe meseleleri ýerine ýetirmändigini aýdýarlar. Şol dawa döredýän problemalaryň arasynda Türkiýedäki adam hukuklary bilen bagly ýagdaýyň ýaramazlygy, türk portlaryna Kipr adasynyň grek tarapyna degişli gämileriň goýberilmezligi sanalýar.
Rejep Taýyp Erdogan Strasburgda eden çykyşynda Türkiýede köp medeniýetli ilatyň asudalykda ýaşaýandygyny nygtady. Şeýle hem ol Fransiýanyň syganlary ýurtdan çykarandygyny aýdyp, ÝB-niň içinde hem adam hukuklary bilen bagly meselede kynçylyklaryň bardygyna ünsi çekdi. “Bu meselelerde Türkiýäni ýazgarjak bolýanlar ilki bilen öz ýurtlarynyň ýagdaýyna seretsinler” diýip, Erdogan belledi.
Ýurtda metbugat azatlygynyň ýagdaýy barada çykyş eden premýer-ministr häzir Türkiýäniň türmelerinde oturan 26 žurnalistiň beren habarlary üçin däl-de, häkimiýetlere garşy gönükdirilen syýasy hereketleri sebäpli tussag edilendiklerini aýtdy: “Ýewropada hökümet agdarylşygyny goldaýan gazetdir-žurnallar ýok. Häzir Türkiýede 26 žurnalist tussaglykda saklanýar. Olaryň biri-de öz žurnalistik işi üçin tussag edilmedi”.
Arap protestleri
Soňra çykyşyny dowam etdirip, Erdogan Türkiýede adam hukuklarynyň ýagdaýy hakda gürrüň etmegiň deregine Ýakyn Gündogardaky hem Demirgazyk Afrikadaky protestler bilen bagly zerur demokratiki meseleleri gozgady. Bu regiondaky ýurtlaryň demokratiýa geçmäge entek taýýar däldigi barada aýtmaklygyň jynsparazlygyň alamatydygyny nygtap, Türkiýäniň premýer-ministri Ýewropany bu regionda ýaşaýan ilaty goldamaga çagyrdy: “Ýakyn Gündogardaky hem Demirgazyk Afrikadaky ilatyň azatlyga ymtylmagyna, hukuklarynyň berjaý edilmegini talap etmegini Ýewropa gulagyny dykyp garşylap bilmez diýip, pikir edýärin”.
Turuwbaşdan Türkiýe NATO-nyň Liwiýanyň howa giňişliginde uçuş gadaganlygyny girizmek babatdaky teklibini o diýen goldamady. Ýöne soňra öz pozisiýasyny üýtgedip, Demirgazyk Afrikadaky ýurtlarda NATO-nyň amala aşyrýan hereketlerine ýardam berip başlady.
Şol bir wagtda-da Türkiýäniň premýer-ministri Liwiýa meselesinde diňe BMG-niň rezolýusiýasynyň çäginde goşulşmalydygyny, bu ýurduň territorial bütewüliginiň saklanmalydygyny belledi.
Erdoganyň aýtmagyna görä, Liwiýada Owganystandaky ýa Yrakdaky wakalar gaýtalanmaz ýaly etmeli. Ol bu iki ýurtdaky ýagdaýyň musulmanlaryň ýüreklerinde ýara galdyrandygyny belledi: “Ýurduň daşyndan onuň içki işlerine diňe ynsanperwerlik kömegini bermek üçin goşulyşyp bolar. Biz Ýakyn Gündogarda hem Demirgazyk Afrikada ýene bir Owganystany ýa-da Yragy görmek islemeýäris”.
Bu regionyň beýleki ýurtlarynda, meselem, Siriýadaky dowam edýän protestler barada gürrüň edip, Türkiýäniň premýer-ministri bu meseleleriň çözülmegi üçin pähim-paýhasdan ugur almaklyga çagyrdy. Türkiýäniň premýer-ministriniň bu ýurtlaryň häkimiýetleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýandygy aýdylýar.