Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda biometriki pasport almakçy bolýan etniki azlyklary 2026-njy ýylyň nobatyna ýazýarlar


Türkmenistanyň raýatynyň içerki we biometriki pasportlary
Türkmenistanyň raýatynyň içerki we biometriki pasportlary

Günbatar welaýatyň migrasiýa gulluklarynda biometriki pasport nobatlaryna durmak boýunça käbir täze düzgünler peýda boldy. Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň anyklamagyna görä, migrasiýa edaralarynda etniki azlyklaryň wekillerine 2026-njy ýyla nobata ýazylmak üçin žeton berilýär, milleti türkmen ýaşaýjylara häzir žeton berilmeýär.

"Balkanabadyň etrap migrasiýa şahamçasy we welaýatdaky bölümleriň ählisi 2025-nji ýylyň mart aýynyň 1-ne çenli milleti türkmen bolan balkanly raýatlara nobat üçin žeton bermegi togtatdy. Ýöne welaýatdaky etniki azlyk wekillerine zagran pasportlar üçin 2026-njy ýyl üçin nobat žetonlaryny berýärler" diýip, balkanly çeşmeleriň biri 3-nji oktýabrda habar berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň sözlerine görä, bu ýagdaý etniki azlyklaryň wekilleriniň arasynda Türkmenistandan göçüp gitmek meýilleriniň artmagy we olaryň biometriki pasport almak üçin migrasiýa edaralaryna has köp ýüz tutmagy bilen bagly.

"Olar öz watanlaryna göçüp gitmek üçin zagran pasport almaga ýüz tutýarlar. Zagran pasportlara talabyň ýokary bolmagy sebäpli pasport üçin çipli blanklar ýetmezçilik edýär. Bu ýagdaýy göz öňünde tutup, türkmen milletli raýatlaryň iş we syýahat üçin ýurtdan çykmagy ýurtdan göçüp gitmek isleýän etnik raýatlarymyzyň talaplaryndan zerur däl diýlen karara gelindi" diýip migrasiýa gullugyndaky çeşme aýtdy.

Şu günler sebitiň migrasiýa gulluklaryna ýüz tutan balkanlylaryň birnäçesi biometriki pasport almak üçin özlerine indiki ýylyň mart aýyndan soň ýüz tutmagyň teklip edilendigini gürrüň berdiler.

Migrasiýa gullugyndaky ýagdaýdan habarly ýene bir çeşmäniň sözlerine görä, häzirki ýagdaý raýatlara pasport bermekden ýüz öwrülýändigi bolman, eýse türkmen milletli ýaşaýjylaryň nobata ýazylmagynyň yza süýşürilýändigini aňladýar.

"Türkmen milletli bolsa, zagran pasportlar üçin öňümizdäki ýyl mart aýynda geliň diýip arzalaryny alman yzyna ugradýarys. Bu türkmen bolsaň umuman zagran pasport berilmeýär diýdigi däl. Ýöne şu ýyl welaýatymyzda köpsanly gazak, ermeni, azeri, rus, tatar, dagystanly we beýleki milletlerden bolan raýatlarymyzyň müňlerçesi öz ýurtlaryna hemişelik göçüp gitjekdiklerini aýdyp, zagran pasportlar üçin arzalaryny berdiler. Bize merkezi edaramyzdan tabşyryk bar - etniki azlyklardan bolan raýatlarymyz göçüp gitmek üçin pasport almak islese, ilkinji şol raýatlarymyzyň arzalary kanagatlandyrylmaly diýlýär" diýip, çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, etniki azlyklaryň wekilleri daşary ýurtlaryň ilçihanalaryndan hemişelik göçýändiklerini subut edýän kagyzlary we daşary ýurtlardaky hossarlaryndan çakylyk hatlarynyň nusgalary ýaly resminamalary getirip, tabşyrýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugyndan we Balkan welaýatynyň migrasiýa edaralaryndan resmi görnüşde teswir almak boýunça eden synanyşygy oňyn netije bermedi.

Anonimlik şertinde gürleşen çeşmeler şu ýyl welaýatdan hemişelik göçüp giden etniki azlyklaryň wekilleriniň sanynyň 2017-nji ýyldan bäri iň köp bolandygyny aýdýarlar.

Balkan welaýatynda ýaşaýan milli azlyklaryň arasynda etniki gazaklar we azeriler köplük edýär. Soňky ýyllarda ýüzlerçe türkmenistanly etniki gazak Türkmenistany terk edip, Gazagystana hemişelik göçüp gitdi.

Azatlygyň Balkandaky habarçysynyň sözlerine görä, ýerli gazaklar we azeriler hemişelik göçüp gitmek kararynyň sebäplerini Türkmenistanda raýatlara döwlet tarapyndan görkezilýän gysyşlaryň gitdigiçe güýçlenmegi bilen düşündirýärler.

"Olar öz dogduk şäherlerindäki goňşulary bilen agzybir we dogan ýaly ýaşandyklaryny, ýöne döwletiň ýyl-ýyldan raýatlaryny gysýan syýasaty sebäpli çagalygy geçen ýurdy, dostlaryny taşlap gitmäge mejbur bolýandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, ýurtdaky hereket çäklendirmeleri, daşary ýurtlara çykmakdaky kynçylyklary we işsizligi agzaýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistan ýurduň giňişliginde ýaşaýan 60 çemesi milli azlyk toparlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryny agzamaýar. Ýurtda ilatyň migrasiýasyna degişli resmi statistika hem köpçülige elýeterli däl.

Türkmen häkimiýetleri soňky ýyllarda ýurduň daşyna güýçlenen migrasiýa akymynyň öňünde dürli böwetleri döretmek bilen ýagdaýa reaksiýa bildirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG