Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşy şäherinde üç gün bäri tok, suw kesilýär – ýerli ýaşaýjylar


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Elektrik üpjünçilik kärhanasynyň işgärleri elektrik sütünini gözden geçirýär. Balkanabat.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Elektrik üpjünçilik kärhanasynyň işgärleri elektrik sütünini gözden geçirýär. Balkanabat.

Azatlyk Radiosynyň günbatar sebitdäki habarçysy Hazaryň ýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäheriniň birnäçe etrapçasynda elektrik we suw üpjünçiliginiň üç gün bäri yzygiderli kesilýändigini habar berýär.

Şäheriň, ilat arasynda “Çerýomuşka”, “Tretiý” hem-de 60 atlandyrylýan etrapçalarynda, şeýle-de başga-da käbir ilatly nokatlarynda 30-njy awgust güni irden 7:00 töwereklerinde elektrik energiýasynyň üpjünçiligi kesilipdir. Şol gün giç agşam sagat 22:00 töwereklerinde üpjünçilik gaýtadan ýola goýlupdyr.

Bu ýagdaý 31-nji awgustda hem gaýtalandy. Ýerli ýaşaýjylar, 1-nji sentýabrda irden sagat 10:00-a çenli elektrik energiýasynyň berlip, agşam sagat 21:00-a çenli gaýtadan, ýene-de kesilendigini aýdýarlar.

Şuňa meňzeş ýagdaýlar sebitiň Awaza etrabynda hem bolup geçdi. Elektrik kesilmeleri bilen bir hatarda sebitiň suw üpjünçiliginde hem päsgelçilikler ýüze çykdy.

Ýerli ýaşaýjylar üpjünçiligiň yzygiderli kesilmeginden nägile bolýarlar. Emele gelýän bökdençlikler durmuş desgalarynyň işine-de zyýan ýetirýär.

“Türkmenbaşynyň köpugurly hassahanasynda özbaşdak elektrik energiýasyny öndürýän generatorlaryň ýardamy bilen reanimasiýa enjamlaryny işledip, näsaglary operasiýa edip bildiler. SSSR döwründe gurlan saglyk öýlerinde, ýa-da ýokanç keselleri hassahanasynda we polisiýa bölüminiň edara binasynda 30-njy awgustdan bäri kadaly tok ýok” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Ýerli häkimiýetler emele gelen ýagdaýyň mümkin bolan sebäpleri barada beýanat bermediler. Şeýle-de, sebitiň üpjünçilik ulgamlarynda nähilidir bir tehniki işleriň alnyp barylýandygy ýa-da däldigi barada hem maglumat berilmedi.

Soňky wagtlarda bu sebitde elektrik energiýasynyň hem-de hojalyk suwunyň üpjünçiligi yzygiderli kesilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şäheriň köp gatly jaýlarynda ýaşaýan birnäçe hojalygyň, suw üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmegi sebäpli, howlularda ýer gazyp hajathanalary gurup başlandyklaryny habar berýär.

“Soňky üç aýyň dowamynda ne elektrik energiýasy ne-de hojalyk suwy kadaly üpjün edildi. Adamlar şäher ýerlerinde gadymy döwürlerdäki ýaly ýer gazyp, hajathana gurup, onuň daşyna tagtadan diwar aýlyp, gyşa taýýarlyk görýärler” diýip, bir türkmenbaşyly ýaşaýjy aýtdy.

Ol hojalyklarda elektrik energiýasynyň yzygiderli kesilmegi sebäpli, käbir iýmit önümleriniň hem zaýa bolýandygyny aýtdy. Hususy söwda nokatlarynda satuwa çykarylýan käbir azyk harytlary hem zaýa bolýar.

“Elektrik energiýasynyň yzygiderli kesilmegi zerarly, hojalyklarda we hususy söwda nokatlarynda et, süýt önümleri, taýyn naharlar zaýa bolýar. Bu naharlar onsoň zibile zyňylýar. Hususy söwda nokatlarynyň çeken zyýany döwlet tarapyndan tölenmeýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň dürli sebitlerinde hojalyk hyzmatlarynyň üpjünçiliginiň kesilmegi barada yzygiderli habar berip gelýärler. Soňky sapar awgustyň birinji hepdesinde Mary we Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary elektrik üpjünçiliginiň giň gerimli kesilmegi bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Bu ýagdaýlar hojalyk enjamlarynyň tiz-tizden hatardan çykmagyna, kähalatlarda bolsa, sebitlerde ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmagyna hem sebäp bolup bilýär.

Döwlet media serişdeleri ýurduň dürli sebitlerinde emele gelýän üpjünçilik meseleleri barada asla habar bermeýär.

Tok üpjünçiligi bilen bagly problemalar, hususan-da, tomus aýlarynda ýitileşýär. Bu döwürde ilat arasynda elektrik energiýasyna bolan talap güýçlenýär, sowadyjy enjamlardan, kondisionerlerden has köp peýdalanylyp başlanýar.

Bu aralykda, elektrik energiýasyndan we suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak boýunça hem wagyz işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda ilata mugt berlen elektrik energiýasy, hojalyk suwy we tebigy gaz 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, tölegli edildi.

Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde elektrik energiýasynyň hem-de suw üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmegi barada ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG