Marynyň döwlet edara-kärhanalarynda işgärlerden ýene pul ýygnalýar. Edara ýolbaşçylary bu gezekki puluň gowaça ekilen meýdanlarda çürtüm we otag etmek işlerini geçirmek üçin sarp ediljekdigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy iýulda sebitden maglumat berdi.
“Aýyň ikinji ongünlüginde býujet işgärleriniň zähmet haklarynyň bank kartlaryna geçirilip başlanmagy bilen, olaryň bu gezekki aýlyk haklaryndan 30 manat pul toplanýar. Bu pula pagta meýdanlarynda çürtüm we otag etmek işlerini geçirjek işçileriň hakyna tutuljakdygyny aýdýarlar” diýip, maryly býujet işgäri anonim şertde aýtdy.
Bu waka, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň ýerine ýetirilýän mahalyna gabat gelýär. Bu barada welaýat häkimi Begençmyrat Sapargeldiýewiç Orazow Ministrler Kabinetiniň 8-nji iýulda geçirilen mejlisinde mälim etdi.
Býujetçileriň ençemesiniň anonim şertde habarçymyza aýtmagyna görä, işgärleriň köpüsi ýygnalýan puluň döwlet emeldarlarynyň kärendesine alan gowaça meýdanlaryna sarp edilýändigini aýdyp, nobatdaky pul toplamak çäresine nägilelik bildirdi.
“Pul bermekden ýüz öwren işgärleri üstünden arza ýazmak ýa-da iş ýerinde edýän işinden bahana tapyp, işden çykarmak bilen gorkuzdylar” diýip, başga bir býujet işgäri aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, eger ýolbaşçylar işgäri işden çykaryp bilmeseler, onda oňa gündelik işinde azar berýärler we işgäriň özi arzasyny ýazyp, işden çykar ýaly edýärler.
“Hatda bu shemany işgäriň ýerine täze işgär almak üçin hem ulanýarlar” diýip, býujet işgäri belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli sebit häkimiýetlerinden, şol sanda welaýat häkimliginden teswir alyp bilmedi.
Ýöne welaýat häkimliginiň birnäçe işgäri anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda bu tejribeleriň amal edilýändigini tassyklady.
“Ýygnalýan pula döwlet emeldarlarynyň, şol sanda häkimligiň we kanun goraýjy edaralaryň ýokary wezipeli işgärleriniň kärendesine alan gowaça meýdanlaryna hakyna işçi tutulýar. Işçiler çürtüm we otag işlerini berjaý edýärler. Sada daýhan öz güýjüne potrat ýerlerine ideg edýän mahaly, emeldarlar bolsa, sada halkyň maddy serişdesiniň hasabyna potrat ýerlerine ideg edýärler. Bu talaba boýun bolmadyklar iş ýerlerinde basyşlara, gorkuzmalara sezewar edilýär ýa-da işden çykarylýar” diýip, häkimlik işgäri belledi.
Türkmenistanda işgärleriň aýlyk zähmet haklaryndan tutulýan resmi tutumlardan daşary, dilden görkezme esasynda näresmi görnüşde yzygiderli pul toplanýar. Bu barada Azatlygyň ýurduň dürli künjegindäki habarçylary yzly-yzyna maglumat berip gelýärler.
Geçen aýda Marydaky habarçymyz welaýatyň döwlet edara-kärhanalarynda “tebigaty goramak üçin” diýlen düşündiriş esasynda býujet işgärlerinden adam başyna 20 manat möçberinde pul toplanýandygyny habar berdi.
Býujet işgärleri özlerinden her aýda birnäçe gezek pul toplanýandygyny we onuň umumy möçberiniň ortaça 100 manada barabar bolýandygyny aýdyp, munuň esasan hem pes aýlykly raýatlaryň güzeran eklenjine oňaýsyz täsir edýändigini belleýärler.
Ýurduň döwlet edara-kärhanalarynda işgärlerden pagta möwsüminde ýygym işlerine goşant goşmak, şol sanda hakyna ýygymçy tutmak, ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri, prezidentiň portretlerini we ýylyň şygarlaryny satyn almak, edara-kärhanalarda geçirilýän abatlaýyş we arassaçylyk işleri, sport çärelerinde tigirleri, Täze ýyl baýramçylygynda bezegleri satyn almak we beýleki maksatlar üçin pul ýygnalýar.
Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýyllarboýy dowam edip gelýän bu tejribe we onuň raýatlara ýetirýän täsirleri barada mesele gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum