Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Býujet işgärlerinden 'tebigata' pul tutulýar, pes aýlykly işgärler garşylyk bildirýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Mary welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynda “tebigaty goramak üçin” diýlen düşündiriş esasynda býujet işgärlerinden adam başyna 20 manat möçberinde pul toplanýar. Işgärler özlerinden her aýda ýygnalýan pullaryň umumy möçberleriniň maşgala býujetine agram salýandygyny aýdýarlar.

Tebigaty goramak üçin ýygnalýan pullar hem hasaba goşulanda, bu sebitde işgärlerden ýygnalýan pullaryň aýlyk möçberi 100 manada çenli golaýlapdyr.

“Tebigata 20 manat tölemeli. Dürli bahanalar bilen işgärlerden her aýda çöplenýän pullaryň umumy möçberi 100 manada golaýlady. Işgärlerden barlaglar üçin-de pul toplanýar” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Işgärleriň aýlyk zähmet haklaryndan tutulýan resmi tutumlardan daşary, dilden görkezme esasynda näresmi görnüşde toplanýan maliýe serişdeleri raýatlaryň güzeran şertlerine oňaýsyz täsir edýär.

Galyberse-de, näresmi tutumlar boýunça “ähli işgärleriň bir aýakdan sürülmegi”, hemmelerden şol bir möçberlerde pullaryň çöplenilmegi býujet işgärlerinde garşylyk döredýär.

Döwlet edaralarynda işgärleriň aýlyklary ýerine ýetirilýän işiň tebigatyna laýyklykda üýtgeýär. Bilim we terbiýeçilik edaralarynda zähmet çekýän tehniki işgärler mugallymlar bilen deňeşdirilende has az möçberlerde aýlyk alýarlar. Muňa garamazdan, ähli işgärler birmeňzeş möçberlerde aýlyk tutumlara goşant goşmaga mejbur edilýärler.

“Tehniki işgärleriň aýlyk haklary ortaça 1000 manat, mugallymlaryň zähmet haklary bolsa 3000-6000 manat aralygynda üýtgeýär. Ýöne ähli işgärlerden deň möçberlerde tutum tutulýar” diýip, býujet işgäri aýdýar.

Her bir işgärden 20 manat möçberinde ýygnalýan pullaryň tebigatyň haýsy zerurlyklaryna sarp ediljekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar. Ýöne tutumlar resmileriň tebigaty goramak tagallalary bilen esaslandyrylýar.

Döwlet edara-kärhanalarynda dürli bahanalar bilen, şol sanda prezidentiň portretlerini, ýylyň şygarlaryny satyn almaga, ýurtda geçirilýän köpçülikleýin tigir ýörişleriniň fonunda, tigirleri satyn almaga, Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde täze ýyl bezeglerini satyn almaga, şeýle-de wagtal-wagtal halkara haýyr-sahawat ýardamlaryna niýetlenilip, işgärlerden pul serişdeleri toplanylýar.

Aýlyk 100 manat möçberinde ýygnalýan pullar 1000 manat aýlyk alýan işgäriň zähmet hakynyň 10 göterimine, 3000 manat aýlyk alýan işgäriň umumy zähmet hakynyň 3,33 göterimine, 6000 manat aýlyk alýan işgäriň umumy zähmet hakynyň bolsa, takmynan 1,6 göterimine barabar bolýar.

Pul ýygymlarynda 6000 manat zähmet haky bilen 1000 zähmet haky deň derejede tutulýar. Bu ýagdaý pes aýlykly işgärlerde garşylyk döredýär.

“Çöplenýän pullara garşylyk beýan eden halatyňda, döwletiň köpçülikleýin çärelerinden ýüz öwürmekde aýyplap, arza ýazdyrýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy býujet işgärlerini sitirleýär.

Bu aralykda, işgärler ýurduň çäginde yglan edilýän pagta ýygym möwsüminde aýlyk tutumlaryň möçberleriniň has-da ýokarlanýandygyny aýdýarlar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda býujet işgärleri pagta möwsüminde ýygym işlerine goşant goşmaga, şol sanda hakyna ýygymçy tutmaga mejbur edilýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan býujet işgärleri gowaçanyň hasyl möwsüminde aýlyk tutumlaryň 1000 manada çenli golaýlaýandygyny aýdýarlar.

Redaksiýa tebigata tutulýan täze tutumlar boýunça sebit resmilerinden teswir alyp bilmeýär.

Bu welaýatda häkimiýetler mundan ozal 2020-nji ýylyň dekabrynda hem tebigaty goramaga niýetläp, her bir býujet işgärinden 20 manat möçberinde pul serişdelerini toplapdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG